Häzirki zaman okuw tilsimatlary

Häzirki  zaman lukmançylyk biliminiň öňünde saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenlerini taýýarlamakda  täze usullaryny işläp düzmek ýaly meseleleri durýar. Lukmançylykda amaly endiklerini öwrenmek üçin simulýasiýa  okuw sapaklary netijeli  usullaryň biridir. Simulýasiýa usully okuw sapaklaryň esasy ähmiýeti kliniki ýagdaýlaryň şekillendirilmegi bolup durýar.

Halkara okuw-ylmy merkezi aýratyn ýedi gatly binada ýerleşip, wirtual kliniki görnüşde gurnalan okuw otaglary anesteziologiýa we reanimasiýa, trawmatologiýa we ortopediýa, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi, otorinolaringologiýa, stomatologiýa, oftalmologiýa, urologiýa, akuşerçilik we ginekologiýa, neonatologiýa, hirurgiýa (şol sanda laparoskopiki), funksional anyklaýyş, şöhleli anyklaýyş (ultrases barlagy, kompýuter tomografiýa), näsag idegi, endowaskulýar anyklaýyş we bejergi, endoskopiýa ugurlardan hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilen.

Merkeziň okuw simulýasiýa bölüminde simulýasiýa enjamlary (robotlaşdyrylan simulýatorlary, elektron manekenleri, lukmançylyk wideo- trenažýorlary) ulanmak bilen aşakda agzalan otaglary gurnalan:

- Anesteziologiýa we reanimasiýa okuw otagy

- Gaýragoýulmasyz okuw otagy

- Awtoheläkçiliklere meňzetme hadysalarynda berilýän gaýragoýulmasyz kömeginiň okuw otagy

- Çaga dogruş okuw otagy

- Laparoskopiýanyň we robotlaşdyrylan hirurgiýanyň simulýasion otaglar

- Laparoskopiýa okuw otagy

- Wideoendoskopiýa okuw otagy

- Operasion otagy

- Näsagy ambulator kabul ediş okuw otagy

- Angiografiýa  okuw otagy

- Kompýuter tomografiýa (KT) okuw otagy

- Ultrases barlagy we ehokardiografiýa okuw otagy

- Artroskopiýa okuw otagy

- Urolog lukmanyň okuw otagy

- Oftalmolog lukmanyň okuw otagy

- Stomatolog lukmanyň okuw otagy

- Otorinolaringolog lukmanyň okuw otagy

Lukmanlaryň we orta saglygy goraýyş işgärleriň hünär kämilleşdiriş kurslarynyň simulýasiýa okuw tehnologiýalaryny ulanmak bilen tematiki programmalary işlenip düzüldi:

 - Akuşer-ginekolog lukmanlaryň amaly endiklerini özleşdirmek üçin “Kliniki akuşerçilik. Akuşerçilikde gaýragoýulmasyz ýagdaýlar. Akuşerçilik amallary” atly

   simulýasiýa kursy döredilen. Bu okuw kursy çaga dogruş döwründe, ýa-da dogumda ýüze çykýan gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda lukmanlaryň ýerine

   ýetirýän hereketleriniň algoritminiň türgenleşdirmegine gönükdirilendir. Häzirki zaman fantomly-simulýator enjamlaryny (ExamSIM, CAE Fidelis)         

   ulanmaklygy dogum alyp barmagyň esasy tapgyrlaryny özleşdirmek we berkitmek mümkinçiligini berýär.

- Neonatolog lukmanlary üçin “Bäbekleriň reanimasiýasy we intensiw bejergisi - amaly endikleri we ukyplylygy” simulýasiýa kursy bäbeklerde we wagtyndan

  öň doglan çagalarda çuňňur barlaglarynyň usullaryny özleşdirmek, reanimasiýa we intensiw bejerginiň, şeýle hem wagtyndan öň doglan agyr ýagdaýly we

  näsag çagalaryň iýmitlendiriş usullarynyň we ideginiň endiklerini  özleşdirmek we kämilleşdirmek üçin niýetlenendir.

-“Kliniki otorinolaringologiýa. Endoskopiýa we anyklaýyş otorinolaringologiýanyň esaslary” atly simulýasiýa kursy simulýasiýa trenažýorlary, kompýuter     

  programmalary ulanmak bilen endoskopiki anyklaýşyň esaslaryny we gulak, burun, bokurdak keselleriniň bejergisini özleşdirmek üçin niýetlenendir.

- “Oftalmologiýanyň amaly endikleri. Witreoretinal hirurgiýanyň esasy endikleri. Kataraktanyň fakoemulsifikasiýasy” atly simulýasiýa kursy oftalmohirurgiýada

   tapgyrlaýyn manual endiklerini özleşdirmek, oftalmologiýa amallaryň ýerine ýetirilişini we göz agzalarynyň funksiýalarynyň barlag usullaryny trenažýorlarda

   we kompýuter imitatorlarda kämilleşdirmek üçin niýetlenendir.

- “Stomatologiýa. Stomatologiýa patologiýasynyň häzirki zaman anyklaýyş tehnologiýalary we bejergisi” simulýasiýa kursy stomatologiýa näsaglary kabul

  edilende öňüni alyş, anyklaýyş, bejergi we dikeldiş çäreleriniň endiklerini kämilleşdirmek üçin niýetlenendir. Diňleýjiler amaly endiklerini hakyky

   stomatologiýa  amalyýeti üçin enjamlaşdyrylan otagda özleşdirýärler.

- Urolog lukmanlar üçin “Laparoskopiki urologiýanyň esaslary. Transuretral rezeksiýa (TUR)” simulýasiýa kursy urologiýada geçirilýän laparo-

  retroperitoneoskopiki operasiýalaryň usullaryny özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu kursda kompýuter programmalary, wideomateriallary bilen öwredilýän      okuw usuly laparoskopiki trenažýorlarda, eksperimental operasion otaglarynda operasiýalarda assistirlemek, operasiýalary özbaşdak geçirmek ýaly amaly 

  endikleri özleşdirmek we kämilleşdirmek bilen utgaşdyrylýar.

- Endoskopiki hirurgiýa boýunça “Häzirki zaman hirurgiýa tehnologiýalary - mini-inwaziw usullary. Endowideohirurgiýanyň esasy endikleri” atly simulýasiýa

  kursy hirurg lukmanlary we akuşer-ginekolog lukmanlary üçin niýetlenen. Kursuň esasy maksady lukmanlaryň laparoskopiýa operasiýalary geçirilende esasy 

  endowideohirurgiki endikleriň özleşdirmegi bolup durýar. Okuw wirtual programmasy adaty endowideohirurgiýada ýerine ýetirilýän amallaryň kämilleşdirilmegi

  üçin niýetlenendir. Merkeziň enjamlaşdyrylan endoskopiýa otagynda lukmanlar ýörite enjamda laparoskopiki operasiýalaryň geçirilişiniň endiklerini özleşdirip

  bilýärler. Esasy simulýasiýa türgenleşdiriji bolup FLS — Fundamentals of Laparoscopic Surger (laparoskopiki hirurgiýanyň esaslary) programmasy ulanylýar.

- Hirurgiýa boýunça “Robotlaşdyrylan hirurgiýa. Esasy kurs” simulýasiýa kursy  hünärmenleriň  «da Vinci» ulgamy bilen tanyşmak, şeýle hem «da Vinci»

  robotlaşdyrylan ulgamynda hirurg-operator hökmünde  ýerine ýetirýän amallaryň endiklerini özleşdirmek mümkinçiligini berýär.

- Trawmatolog-ortoped lukmanlary üçin “Anyklaýyş we bejeriş artroskopiýa” simulýasiýa kursy diňleýjilere artroskopiki anatomiýada ugur anyklamak endiklerini

   özleşdirmek, bogunlaryň esasy patologiki ýagdaýlaryny kesgitlemek, bejeriş usullaryny ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär.

- “Şöhleleýin anyklaýşyň häzirki zaman tehnologiýalary (ultrases barlagy, kompýuter tomografiýa)” atly simulýasiýa kursy hünärmenleriň ultrases enjamynda

   işlemekligiň endiklerini özleşdirmek, anyklayýş radiologiýada şöhlelendirmäniň optimal dozasyny hasaplamagy, dürli režimlerde esasy ölçeglerini geçirmegi,

   mahsus bolan kliniki şekilleriniň alynmagyny öwrenmek we alnan maglumatlarynyň netijelerini näsagyň kesel taryhyna görä interpretasiýasyny geçirmek üçin

   niýetlenen.

- Endoskopist lukmanlary üçin “Anyklaýyş endoskopiýanyň esaslary” simulýasiýa kursy boýunça diňleýjileriň endoskop bilen işlemekligiň, aşgazan-içege

  ýollarynyň ýokarky (ezofagogastroduodenoskopiýa) we aşaky (kolonoskopiýa) bölümleriniň, şeýle hem dem alyş ýollarynyň (bronhoskopiýa) endoskopiki

   bejeriş-anyklaýyş (şol sanda operatiw) derňewleriniň ýerine ýetirmekliginiň endiklerini kämilleşdirmek üçin gönükdirilen.

- Anesteziolog-reanimatolog lukmanlary üçin “Umumy anesteziologiýa we reanimatologiýa” simulýasiýa kursy “Ýürek-öýken reanimasiýasy. Defibrillýasiýanyň

  usuly we tehnikasy”, “Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda reanimasiýa we intensiw bejergi” ýaly okuw modullerini öz içine alýar. Okuw kursunyň dowamynda

  lukmanlar intubasiýanyň we öýkeniň emeli wentilýasiýasynyň geçirilişiniň dürli rejimli tehnikasyny özleşdirýärler,  keseliň we operasiýalaryň aýratynlyklaryna

  görä häzirki zaman anesteziýanyň esasy usullarynyň endiklerini öwrenýärler, dürli patоlogiýaly näsaglaryň reanimasiýasynyň we intensiw bejerginiň esasy

  usullaryny edinýärler. Okuw sapaklary robotlaşdyrylan simulýatorlarda we maneken – trenažýorlarda geçirilýär.

- “Angiografiýa barlaglaryň esasy endikleri” atly simulýasiýa kursy  boýunça diňleýjilere wirtual ýagdaýda netijeli, çalt we näsag üçin howpsuz bolan dürli

  görnüşli angiografiýanyň geçirilmeginiň kliniki tejribesini edinmäge mümkinçilik berýär. Angiografiýa otagy dürli anatomiki zolaglarda ýerleşýän damarlarda 

  giň spektrli rentgen-endowaskulýar amallaryň endiklerini özleşdirmek üçin kompýuter simulýatory bilen enjamlaşdyrylan.

- “Esasy we giňişleýin reanimasiýa” atly simulýasiýa kursy  lukmançylyk hünärine bagly bolmadyk ähli hünärmenleriň diplomdan soňky hünär kämilleşdiriş

   okuw programmasyna girýär. Okuw sapaklary “Esasy ýürek-öýken reanimasiýasy we awtomatlaşdyrylan daşky defibrillýasiýasy (BLS/AED Provider)” atly

  okuw moduli boýunça alnyp barylýar. Simulýasiýa okuw kursunyň  esasy okadylyş usuly Ýewropanyň Reanimatologlar Geňeşi tarapyndan  işlenip

  taýýarlanan prowaýderler kursuna gabat gelýär: ýaşaýyş goldaw boýunça (Basic Life Support and Automated External Defibrillator - BLS&AED halkara

   kursunyň algoritminiň ekwiwalenti) we giňişleýin reanimasiýa kompleksi (Advanced Life Support - ALS halkara kursunyň algoritminiň ekwiwalenti). Bu okuw

   kursunyň esasy maksady gan aýlanyşynyň ýa-da dem alşynyň togtamasynda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini amala aşyrmak üçin ýürek-öýken

   reanimasiýasynyň endiklerini özleşdirmek, häzirki zaman enjamlarda işlemekligiň endiklerini edinmek we toparlaýyn işlemekligi öwrenmek bolup durýar.

Simulýasiýa okuw kursy dört sany “iş stansiýalardan” we “debrifing otagyndan” ybarat. Birijni “iş stansiýasy” şäher köçesinde bolup geçýän hadysalara meňzetme şekilinde gurnalan - ýol ugrunda tiz kömek we ýeňil awtoulaglary ýerleşdirilen. Bu zolakda ýol-ulag  wakalary ýüze çykanda tiz kömek lukmançylyk toparlarynyň iş algoritmleri özleşdirilýär.

Ikinji “iş stansiýasy” lukman otagyna meňzetme şekilinde gurnalan. Bu zolakda gatnaw şertlerde gullugynyň lukmanlary tarapyndan ýaşaýyş goldaw we gaýragoýulmasyz ýagdaýlarynyň kömek bermegiň algoritmleri özleşdirilýär.

Üçünji “iş stansiýasy” intensiw bejergi otagyna meňzetme şekilinde gurnalan. Bu otagda SimMan simulýatory ulanmak bilen lukmanlar tarapyndan durmuşda bolup geçýän meseleleri çözülýär we giňişleýin reanimasiýa çäreleriniň algoritmleri goşmaça özleşdirilýär. 

Dördünji “iş stansiýasy” kabul ediş bölümine (tiz kömek bölümine) meňzetme şekilinde gurnalyp,  ulularda we çagalarda, şol sanda agyr şikeslerde giňişleýin reanimasiýa toplumynyň algoritmleri özleşdirilýär. Şeýlelikde, yzygiderli, bir “iş stansiýasyndan beýleki stansiýasyna” çenli,  toplumlaýyn çemeleşmäniň we simulýasiýa tehnologiýasynyň şertlerini berjaý etmek bilen, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň amala aşyrmagynda gatnaşyjylaryň umumy taýynlygynyň konsepsiýasy döreýär. Kursuň okuw programmasy brifing – instruktažy,  gaýragoýulmasyz ýagdaýda   amala aşyrylýan kömeginiň algoritmini özleşdirmegi we  wirtual robotlaşdyrylan manekenlerde döş kapasasynyň kompressiýasyny, emeli dem bermegi ýerine ýetirmegiň, awtomatlaşdyrylan daşky defibrillýator bilen işlemekligiň amaly sapaklaryny, şeýle hem debrifingi (ýerine ýetirilen amallary ara alyp maslahatlaşmagy) öz içine alýar.  


- Orta saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen “Şepagat uýalaryň işinde etika we deontologiýa”, “Näsaglaryň umumy idegi”, “Ýaralaryň bahalandyrylyşy we idegi”, “Bäbekleriň idegi”, “Lukmandan deslapky gaýragoýulmasyz kömegini bermek”, “Akuşerçilik kömegini bermek”,  “Operasiýa işi” atly okuw modulleri öz içine alýan simulýasiýa kursy işläp taýýarlandy. 

Amaly sapaklarda, fantomlarda, mulýažlarda, simulýatorlarda şepagat uýalaryň ýerine ýetirýän inwaziw amallaryň, näsaglaryň fizikal barlaglarynyň, ideg çäreleriniň aýratyn manual endikleri özleşdirilýär.

Kursuň programmasynda näsaglar we olaryň hossarlary bilen, işgärler arasynda  netijeli arabaglanyşyk gurmagynyň kadalary, hünär etika, deontologiýa we subordinasiýa öwredilýär.

Treningleriň çäginde geçýän amaly endikleriň özleşdirilmegi, kliniki oýlanmalaryň döremegi orta saglygy goraýyş işgärleriniň  hünär bilimlerini  kämilleşdirmäge we başarjaňlygyny artdyrmaga ýol berýär.

 - “Kiçi saglygy goraýyş işgärleri üçin näsaglaryň idegi” atly simulýasiýa kursy kiçi saglygy goraýyş işgärleriň taýýarlaýyş programmasy boýunça geçýär. Okuw kursunyň çäginde diňleýjiler: hünär etikanyň, deontologiýanyň we subordinasiýanyň kadalary; adam bedeniň fiziologiýasynyň we anatomiýasynyň aýratynlyklary; näsaglaryň şahsy gigiýena düzgünleriniň saklanmagy; ýuwujy we zyýansyzlandyryjy  serişdeler, lukmançylyk galyndylar bilen işlemegiň talaplary; otaglaryň, lukmançylyk  gurallarynyň we ideg esbaplarynyň arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilşi öwredilýär.

- Kynçylykly ýagdaýlarda gaýragoýulmasyz kömeginiň endiklerini öwretmek boýunça “Esasy reanimasiýa - ýaşaýyş goldawy” atly simulýasiýa kursy  raýatlar we dürli görnüşli hünärmenleri: halas edijiler, içeri işler gullugynyň hünärmenleri, mugallymlar, ulag sürüjiler, ýangyn söndürijiler, howa ýollarynyň, demir ýol menziliniň, stadionlaryň hünärmenleri we başgalar  üçin niýetlenen. Kursuň çäginde adatdan daşary ýagdaýlarda, betbagtçylyklarda, şikeslerde, zäherlenmelerde, we adamyň ömrüne we saglygyna howp salýan beýleki ýagdaýlarda  alyp baryş hereketleri öwredilýär. Diňleýjiler kliniki ölümde, ýokarky dem alyş ýollarynyň geçirijiliginiň dikeldilmeginde ýüregiň göni däl massažynda, defibrillýasiýa geçirilişinde ýürek-öýken reanimasiýasynyň amaly endiklerini özleşdirýärler.

 Simulýasiýa okuw sapagynyň esasynda “sadadan çylşyrymlylyga”, “ukyplykdan amaly endiklere” ýörelgeleriniň berjaý edilişi durýar. Merkeziň esasy ähmiýeti simulýasion kompýuter otaglaryň, wirtual-hakyky operasion otagynyň, reanimasiýa (intensiw bejergi) otagynyň, lukmanlaryň kabul edýän otaglarynyň, dogrum otagynyň, multimedia zalynyň bir ýerde ýerleşmegidir.

Okuw sapaklary durmuşda bolup geçýän meseleleriň,  lukmançylyk tejribelerinde howply we gaýragoýulmasyz ýagdaýlaryň amaly çözgütleriniň esasynda gurnalýar we tapgyrlara bölünýär:

 - teoriýa sowatlygy (okuw kursunyň 15-20% wagtyny eýeleýär). Diňleýjiler ugur boýunça giriş maglumatlar bilen tanyşýarlar, şeýle hem simulýasiýa enjamlary bilen işlemegiň instruksiýasyny öwrenýärler;

 - amaly sowatlygy (okuw kursunyň 65-70% wagtyny eýeleýär). Diňleýjiler mugallymlaryň ýolbaşçylygynda kompýuter simulýatorlarda we fantomlarda amallaryň ýerine ýetirilişiniň endiklerini özleşdirýärler;

 - debrifing (okuw kursunyň 10-15% wagtyny eýeleýär) – bu bolsa diňleýjiniň ýerine ýetirýän hereketlerini jikme-jik derňemek we toparyň işleýşine baha bermek bolýar;

- synag (okuw kursunyň 10-15% wagtyny eýeleýär). Diňleýjiler kompýuter simulýatorlarda we fantomlarda synag tabşyryklary ýerine ýetirýärler.

Lukmançylygyň bilim ulgamynda innowasion okuw tehnologiýalaryň ulanylmagy ilata berýän saglygy goraýyş hyzmatynda hünärmenleriň kämilliginiň we hünär derejesiniň ýokarlanmagyna getirer.

Biziň salgymyz:

Halkara okuw-ylmy merkezi

Aşgabat şäheri, 1970 köçesi, jaý 15

Telefon: +99312 48-71-80; 48-71-81

____________________________________________________________________________________________

Halkara okuw-ylmy merkezinde şu aşakdaky tematiki kurslar hödürlenýär:

LUKMANÇYLYK WE BAGLANYŞYKLY HÜNÄRLER (UGURLAR) BOÝUNÇA YLMY-HÜNÄR TAÝÝARLYK KURSLARY

Gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek boýunça simulýasion okuw kurslary

Lukmanlar üçin okuw sapaklary:

- Giňeldilen başlangyç reanimasiýa (Advanced life support, ALS) – jan saglygyny saklamak (täze doglanlar, çagalar, ýetginjekler we ulular) (6 gün);

- Giňeldilen başlangyç reanimasiýa (Advanced life support, ALS) – şikeslerde jan saglygyny saklamak (täze doglanlar, çagalar, ýetginjekler we ulular) (6 gün);

- Ýüregiň durmagy, ritmiň bozulmagy (6 gün).

 Orta saglygy goraýyş işgärleri üçin okuw sapaklary: 

- Başlangyç reanimasiýa (Basic life support BLS) – jan saglygyny saklamak –operasion şepagat uýalary üçin (10 gün);

- Başlangyç reanimasiýa (Basic life support BLS) – terapiýada jan saglygyny saklamak – şepagat uýalary üçin (10 gün);

- Başlangyç reanimasiýa (Basic life support BLS) – pediatriýada jan saglygyny saklamak – şepagat uýalary üçin (10 gün);

- Başlangyç reanimasiýa (Basic life support BLS) – intensiw bejergide jan saglygyny saklamak – şepagat uýalary üçin (10 gün);

- Başlangyç reanimasiýa (Basic life support BLS) – täze doglanlaryň jan saglygyny goramak – intensiw bejergi bölüminiň şepagat uýalary üçin (10 gün);

- Başlangyç reanimasiýa ýürek-damar hirurgiýasynda – jan saglygyny saklamak – şepagat uýalary üçin (10 gün);

- Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – gaýragoýulmasyz kömegiň şepagat uýalary üçin (10 gün);

- Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak –feldşerler üçin (10 gün);

- Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – endoskopiýa bölüminiň şepagat uýalary (10 gün).

Kiçi saglygy goraýyş işgärleri okuw sapaklary:

- Kiçi saglygy goraýyş işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça kurslar (10 gün).

Lukmançylyk bilimi bolmadyk hünärmenler üçin okuw sapaklary:

- Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – howpsuzlyk gullugynyň hünärmenleri üçin (6 gün);

- Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – nebitgaz toplumynyň hünärmenleri üçin (6 gün);

- Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – energetika gullugynyň hünärmenleri üçin (6 gün);

- Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – jemagat hojalygy gullugynyň hünärmenleri üçin (6 gün);

- Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – awtomobil we demir ýol ulaglarynyň hünärmenleri üçin (6 gün);

- Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – içeri işler edaralarynyň hünärmenleri üçin (6 gün).

Lukmanlar üçin kliniki-anyklaýyş (barlaghana/laborator) ugry boýunça okuw kurslary:

- Lukmanlar we lukman-laborantlar üçin hünär kämilleşdiriş boýunça başlangyç kurs (kliniki biohimiýa we gematologiýa, sitologiýa, mikrobiologiýa,

  patomorfologiýa (patologik anatomiýa), molekulýar genetika, sitogenetika, metabolizm, embriologiýa we sütün öýjükleri, wiwarium-laboratoriýa) (3 aý, 

  başlangyç hünär ýokarlandyryş boýunça kurs);

- Lukmanlar we lukman laborantlar üçin ikinji kurs (kliniki biohimiýa we gematologiýa, sitologiýa, mikrobiologiýa, patomorfologiýa (patologik anatomiýa)

   molekulýar genetika, sitogenetika, metabolizm, embriologiýa we sütün öýjükleri, wiwarium-laboratoriýa) (3 aý,  hünär kämilleşdiriş);

- Ylmy işgärleriň ylmy işleri boýunça okuw-usuly sapaklary – I dereje (1 aý);

- Ylmy işgärleriň ylmy işleri boýunça okuw-usuly sapaklary – II dereje (2 aý);

- Ylmy işgärleriň ylmy işleri boýunça okuw-usuly sapaklary – III dereje (3 aý);

- Lukman-laborantlar üçin anyklaýşyň giňeldilen kliniki, gematologiki we biohimiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (2 hepde);

- Lukman-laborantlar üçin anyklaýşyň kliniki, gematologiki we biohimiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (6 gün);

- Lukman-laborantlar üçin anyklaýşyň kliniki, gematologiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (3 gün).

Kliniki anyklaýyş bölümlerinde we otaglarynda işleýän orta saglygy goraýyş işgärleri üçin okuw kurslary:

- Laboratoriýadaky laborantlar üçin hünär kämilleşdiriş kurslary (kliniki biohimiýa we gematologiýa, sitologiýa, mikrobiologiýa, patomorfologiýa (patologik anatomiýa) molekulýar genetika, sitogenetika, metabolizm, embriologiýa we sütün öýjükleri, wiwarium-laboratoriýa) (1 aý, hünär kämilleşdiriş);

- Laborantlar üçin  anyklaýşyň giňeldilen kliniki, gematologiki we biohimiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (2 hepde);

- Laborantlar üçin  anyklaýşyň kliniki, gematologiki we  biohimiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (6 gün);

- Laborantlar üçin  anyklaýşyň kliniki, gematologiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (3 gün).

Kliniki anyklaýyş bölümlerinde we otaglarynda işleýän kiçi saglygy goraýyş işgärleri üçin okuw kurslary:

- «Barlaghana işiniň umumy esaslary» boýunça kiçi saglygy goraýyş işgärleri üçin okuw kurslary (2 hepde).

Halkara okuw-ylmy merkezi lukmançylyk ugurly başga-da okuw kurslaryny hödürleýär:

Lukmançylykda daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça dürli derejedäki okuw kurslary:

Iňlis dili boýunça okuw kurslary:

- Iňlis dili boýunça amaly okuw sapaklary (lukmançylykda) – I dereje (3 aý);

- Iňlis dili boýunça amaly okuw sapaklary (lukmançylykda) – II dereje (3 aý);

- Iňlis dili boýunça amaly okuw sapaklary (lukmançylykda) – III dereje (3 aý);

- Iňlis dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda) – I dereje (2 aý);

- Iňlis dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda) – II dereje (2 aý);

- Iňlis dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda) – III dereje (2 aý).

Nemes dili boýunça okuw kurslary:

- Nemes dili boýunça amaly okuwlar (lukmançylykda)- I dereje (3 aý);

- Nemes dili boýunça amaly okuwlar (lukmançylykda)- II dereje (3 aý);

- Nemes dili boýunça amaly okuwlar (lukmançylykda)- III dereje (3 aý);

- Nemes dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda)- I dereje (2 aý);

- Nemes dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda)- II dereje (2 aý);

- Nemes dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda)- III  dereje (2 aý).

Kompýuter sowatlylygy boýunça okuw kurslary (lukmançylykda)

- Başlangyç dereje (lukmançylykda);

- Orta dereje (lukmançylykda);

- Ýokary dereje (lukmançylykda);

- Aýratyn maksatnamalar (lukmançylykda).

Kompýuter sowatlylygy boýunça gysga wagtly kurslar (lukmançylykda):

- Başlangyç dereje (lukmançylykda);

- Orta dereje (lukmançylykda);

- Ýokary dereje (lukmançylykda);

- Aýratyn maksatnamalar (lukmançylykda)

___________________________________________________________________________________________________________________________

MERKEZ BARADA



MERKEZ BARADA

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi “Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk”  Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek,  şeýle hem Türkmenistanyň  Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 12-nji iýulynda kabul eden № 14334 belgili kararyny we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2015-nji ýylyň 12-nji iýulynda çykaran № 232 belgili buýrugyny amala aşyrmak maksady bilen döredildi.

Merkeziň esasy maksady – saglygy goraýyş hünärmenleriň diplomdan soňky lukmançylyk bilimlerini we goşmaça hünär derejesini has-da kämilleşdirmek, ylmy barlaglary geçirmek we lukmançylygyň öňdebaryjy  üstünliklerini bejeriş-anyklaýyş tejribesine girizmek bolup durýar.

Halkara okuw-ylmy merkeziniň binýadynda döwrebap ýokary derejede ýöriteleşdirilen, kompýuterleşdirilen simulýasion-türgenleşik merkezi açyldy. Ol häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Hususan-da, bu ýerde robot-simulýatorlar, wirtual simulýatorlar, trenažýorlar, laparoskopiýa üçin lukmançylyk wideotrenažýorlary, dürli çylşyrymlykdaky amaly endikleri özleşdirmek üçin mulýažlar we fantomlar bar. Okuw otaglarynyň ählisi wideokameralar bilen üpjün edilip, bitewi tora birikdirilendir. Bu ýerden wideoşekiller mejlisler (debrifing) zalynda görkezilýär. Türgenleşikleriň wagtynda ýokary derejeli maneken-imitatorlar çagalarda we dürli ýaşdaky ulularda ýüze çykýan köpsanly hakyky kliniki ýagdaýlara ýakyn bolan şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Bu, mysal üçin, täze doglan, 5 ýaşa çenli we ýokary ýaşdaky çagalara, şeýle hem ululara başlangyç we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek boýunça manual endikleri ele almaga, şeýle hem gyssagly sindromlaýyn bejergi bermegiň ýörelgelerini işläp düzmäge ýardam edýär.

Bu täze okuw-ylmy düzüm birligi “döretmek – ornaşdyrmak – ýaýratmak” basgançaklaryny öz içine alýan lukmançylyk innowasiýalarynyň toplumynyň başlangyç tapgyrydyr. Şu nukdaýnazardan hem, merkeziň esasy iş ugurlarynyň hataryna tejribede amal edip boljak netijelere gönükdirilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän ylmy-barlag taslamalaryny işläp düzmek, şeýle hem ilat üçin innowasion (ýokary tilsimatly/hilli) lukmançylyk hyzmatlarynyň ulgamyny giňeltmek degişlidir.

Merkezde oturdylan iň täze enjamlaryň kömegi bilen lukmanlar, kliniki ordinatorlar, intern-lukmanlar hem-de lukmançylyk we lukmançylyk bilen baglanyşykda bolan ugurlaryna degişli beýleki hünärmenler tejribe türgenleşiklerini geçýärler, hünär derejesini ýokarlandyrýarlar, döwrebap işläp taýýarlamalary, düýpli we amaly barlaglary amala aşyrýarlar. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen, iň täze usullary we tehnologiýalary özleşdirýärler. Öňdebaryjy simulýasiýa okuw merkezinde diplomdan soňky taýýarlyk okuwlarynda dürli hünär ugurlary boýunça sapaklar geçilýär. Habardar etmekden başlap, elektron okuwlara çenli okuw maksatnamasynyň her bir tapgyry «Learning space» atly ýörite maksatnama üpjünçiliginiň kömegi bilen uzak wagtlap saklanylýar. Bu maksatnama üpjünçiliginiň kömegi bilen Merkezde ornaşdyrylan 70-den gowrak wideokameralar simulýatorlardan we lukmançylyk enjamlaryndan wideo maglumatlar ýygnalýar. Bilim alýanlaryň önümçilik derejesine degişli maglumatlaryň ählisi mugallymlara iberilýär.