Baýramaly şypahanasy
















Döredilen ýyly: 1933-nji ýyl (2010-njy ýylda täze her biri 250 orunlyk 2 sany bina guruldy we öň hereket edýän durky täzelenen 300 orunlyk binalarynyň üsti ýetirilip, häzirki wagtda 800 orunlyk dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana öwrüldi.)

Salgysy: 746000, Türkmenistan, Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Bitaraplyk köçesiniň 2-nji jaýy.

Iş telefonlary: (+993564) 6-11-70; (+993564) 6-09-34

Faks: (+993564) 6-09-34

Elektron salgysy: sanatoriy-bayramali@online.tm















 Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Mary şäheri ýa-da gadymy kitaplarda we golýazmalarda ýatlanylýan Maru-Şahu-Jahan gadymy döwürden bäri özüni ajaýyp tebigaty, myhmansöýerligi, geografiki taýdan amatly ýerleşişi, ýeriniň we suwunyň bejeriş aýratynlyklary, asyrlarboýy dowam edip gelen ekerançylyk däpleri bilen giňden tanalýar. Mary welaýatynyň iň ajaýyp we şypaly ýerleriniň biri Baýramaly şypahanasydyr. Murgap derýasynyň sag kenarynda, gadymy ýadygärlikleriň jümmüşinde ýerleşýän täsin “Baýramaly” şypahanasy uzak ýyllardan bäri diňe bir türkmenistanlylaryň däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän köpsanly daşary ýurtly müşderileriň, jahankeşdeleriň arasynda hem aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar. “Baýramaly” şypahanasy gadymy rowaýatlarda Beýik Ýüpek ýolundan geçýän çet ýurtly jahankeşdeleriň şypahananyň häzirki ýerleşýän ýerine gelenlerinde ýadawlygynyň, agyrylarynyň, çişleriniň, sussupesliginiň aýrylýandygynyň, soňra bolsa ruhbelentlik, sagdynlyk duýulýandygynyň gudraty barada aýdylýar.

      Demirgazyk giňişligiň 62 ºс  we gündogar uzaklygyň 37-40 ºс aralygynda, deňiz derejesinden 242 metr beýiklikde ýerleşen Baýramalynyň çägine Günüň ultramelewşe şöhlesiniň düşüşiniň ekwiwalentiniň aýratynlygy hemmeleri haýran galdyrýar. Gara deňziň kenaryndaky şypahanalar bilen deňeşdireniňde howanyň çyglylygyň 20 esse azdygy, ýylyň bütin dowamynda güneşli günleriň bolmagy, aýratyn hem aram gurak howasy Baýramalyda böwrek we  ýürek-damar kesellerini bejermek üçin diýseň amatly şertleri döredýär.

       Ýeriň üstüne Günüň ultramelewşe şöhleleriniň düşmegi boýunça Ýer togalagy üç guşaga bölünýär. Baýramaly böwrek şypahanasy şolaryň merkezinde ýerleşýär. Bejeriş şerişdesi hökmünde bu ýerde klimat peýdalanylýar. Soňky ýyllarda geçirilen ylmy-barlaglar we uzak ýyllaryň dowamynda toplanan tejribeler “Baýramaly” şypahanasynyň bejeriş häsiýeti aeroterapiýanyň, ýagny gyzgyn howa bilen bejerişiň, şeýle hem gelioterapiýanyň – Gün we howa wannalarynyň, ýagny gös-göni Gün şöhleleri bilen bejerişiň netijeli artykmaçlyga eýedir.

      Howanyň aýratyn ýokary bejerijilik häsiýetleri bu ýerde ýaz, tomus we güýz aýlary has äşgärdir. Şu döwürde deriniň eksiretor funksiýasynyň ähmiýeti ýokarlanýar, bu bolsa, böwrek keselli adamda iýmit alyş-çalşynyň patalogiki bozulmagyna täsir edýär. Şol bir wagtda paslyň şu döwrüniň böwrek dokumasynyň işine bellibir derejede amatly täsirini ýetirýändigi bellenilýär. Daşarky we içerki infeksiýalarynyň gowşamagyna hem täsiriň bolmagy mümkindir, bu böwrek keselleriniň güýjemegi üçin artykmaç ýagdaýlaryň döremegi bilenem baglydyr.

       Gurak howa böwrek kesellileri sowuklamadan gorap saklaýar, olar sowuk howa diýseň duýgur bolýarlar we sowuk howa olarda patologiki ýagdaýlaryň ýitileşmegini ýüze çykarýar. Ýylydan gurak howa deriniň işjeňligini ýokarlandyrýar, böwregiň işleýşini ýeňilleşdirýär. Böwrek kesellerine Baýramalynyň yssy we gurak howasynyň täsiri, esasan, deri we böwrek damarlarynda spazmalaryň ýüze çykmagy arkaly jemlenýär. Böwrekdäki sanjy aýrylýar, netijede, gan aýlanyşyk gowulanýar, böwregiň kisloroda bolan mätäçligi peselýär we böwrek güýçli işlemäge başlaýar.

       Şonuň netijesinde, ganyň akymynyň has hem güýçlenmegi bolup geçýär. Deriniň we böwregiň işlemeginiň güýçlenmegi netijesinde, organizm iýmit alyş-çalşygyny bozulmagyndan, toksiki önümleriň uly agramyndan jebir çekmeden dynýar. Has dogrusy, adam organizmi ýuwulýar. Turşulygyň deňagramlylygynyň deňleşmesi hem göze ilýär. Iýmit siňdirişiň gowulanmagy bilen ähli ýürek-damar ulgamynyň işi hem sazlaşýar, şonuň netijesinde, gan basyşy peselýär we ýüregiň işleýşi kadaly ýagdaýa gelýär.

      Bu şypahanada böwrek kesellerinden başga hem ýene-de birnäçe görnüşli keseller bejerilýär.

      Baýramaly şypahanasynyň täze ömri Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda başlandy. Has dogrusy, ýurdumyzda geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň ägirt uly netijeleri Watanymyzyň ajaýyp künjeginde – Baýramaly şypahanasynda hem öz beýanyny tapdy. Kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça bu ýerde bejeriş binasynyň durky doly täzelendi, şeýle hem her biri 250 orna niýetlenen iki sany täze bina guruldy. Bu bolsa, birbada 800 adama bejergi almaga mümkinçilik berýär, ozal şypahana möwsümde 500 adamy kabul edip bilýärdi. Bulardan başga hem ozal bar bolan we täze gurlan binalarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ähli amatlyklar döredildi.

     Häzirki wagtda şypahananyň bejeriş-sagaldyş merkezinde aşakdaky bölümler hereket edýär:



  1. Anyklaýyş bölüminde: ultrases barlagy, elektrokardiografiýa, endoskopiýa we labaratoriýa barlaglary geçirilýär.


  2. Suw bilen bejeriş bölüminde: wannalar (sulfitno-natriýewaýa, bişofitli, deňiz duzly, ýüzärlikli, hwoýny), suwasty owkalama, el-aýak suw asty owkalama, Şarko duşy, aýlawly duş, Şatland duşy, aşakdan we ýokardan iniji duşlar arkaly bejergiler amala aşyrylýar.


  3. Fizioterapiýa bölüminde: şöhle bilen bejeriş, ultrases bejergisi, magnit bejergisi, dermanly elektrofarez, D’arsonwal, ingolýasiýa, elektrouky, galokamera, aeroionoterapiýa, magnitofotobaro bejergisi, limfadrenaž, iňňerefleksoterapiýa, oňurga sütütnini dartyp-çekmek bejergisi, adaty owkalama, elktroowkalama (elktroowkalaýyş kürsi), elektrobogun owkalama, stounoterapiýa, ýagny gyzgyn “Bazal” daşlar bilen bejeriş owkalama, gidrokolonoterapiýa, ýapgylar (Mollagara palçygy, wulkan palçygy, parafin, ozokerit, ary mum), hammam, basseýn.


  4. Gelioterapiýa güneş şöhlesi bilen bejeriş bölüminde: tomus aýlary maý aýyndan noýabr aýyna çenli güneş şöhlesini Okesniç I.G. ýöriteleşdirilen güneş tablisasy arkaly ýerine ýetirilýär. Günüň infragyzyl şöhlesiniň täsiri netijesinde ýüregiň, böwregiň, öýkeniň, el-aýagyň, deriniň, içki agzalaryň, mäzleriň gan damarlary giňeýär. Organizm durşuna sazlaşykly işläp adam sagalýar. Bu bejergide süňkdäki kalsiý, fosfor ýetmezçiligi, ganyň düzümi kadalaşýar.

  Baýramaly şypahanasynda berilýän bejergileriň täsiri: böwrek keselleri 90%-e çenli ýagdaýlary gowulanyp, olaryň ýüzleriniň çişleri, endamlarynyň agyrylary aýrylýar. Gan basyşy beýik derejelerde peselip kada gelýär. Peşew bilen köp mukdarda ýetirilýän organizm üçin iň zerur bolan belok çykmasy kesilip, organizm sagalýar. Uzak ýurtlardan ejir çekip gelýän “emeli böwrek” ulanyp ýaşaýan, agyr kesellileriň saglygy has gowulanyp ömri uzalýar. Böwrek ýetmezçiligi aýrylyp böwrege, endama duz ýygnamak, sowuklamanyň beterleşmegi aýrylýar.

Baýramaly şypahanasynda bejergi almak üçin görkezmeler:

Şypahananyň esasy ugry klimatoterapiýa.


Şypahana bejergisine esasy görkezmeleri:

(15-nji aprelden 05-nji noýabry aralygy)

- ýiti glomerulonefritden soňky galyndylar-proteinuriýa, gematuriýa, silinduriýa

 (ýiti döwründen 6-8 aý geçenden soň);

- uzaga çeken ýiti glomerulonefrit (1ýyla çenli) böwregiň ýeterlik işjeňligi bilen;

- dowamly diffuz glomerulonefrit, nefrotiki görnüşi, proteinuriýaly we çişler bilen böwrekleriň ýeterlik işjeňliginde ýa-da onuň ujypsyz peselmeginde;

- dowamly diffuz glomerulonefritiň gipertoniki görnüşi (180/100 mm.sim. süt. ýokary bolmadyk arterial gan basyşly), böwrekleriň aram peselen işjeňligi bilen;

- dowamly diffuz glomerulonefritiň latent görnüşi, böwrekleriň aram peselen işjeňligi bilen;

- dowamly başlangyç (urologiki, obstruktiw bolmadyk) piýelonefritiň remissiýa döwründe, 180/100 mm.sim.süt. ýokary bolmadyk arterial gan basyşly leýkosituriýa, bedeniň ýokary gyzgynlykly üşütme, böwregiň sanjysy, böwrekleriň aram peselen işjeňligi bilen;

- dowamly sistit (inçekesel etiologiýasyz) remissiýa döwründe;

- böwrek daş keseli: a) peşew bölüp çykaryş ýollarynda özbaşdak çykmaga ukyply daşlaryň bolmagy; b) peşew ýollarynyň operasiýadan soňky ýagdaýlary operasiýadan 6 aýdan soň) peşewiň kadaly çykyşynyň funksional we anatomiki üýtgeşmeleriniň bolmazlygynda;

-peşew bölüp çykaryş ulgamynyň dogabitdi anomaliýalary, böwrek ýetmezçiliginiň alamatlarynyň bolmazlygynda;

-böwrek amiloidozy, ýeňil ýa-da orta agyrlygy (aýdyň işjeňligi, aýdyň bildirýän ýaýraw çişleri, gipoproteinemiýa we anemiýa bolmadyk).

(02-nji noýabrdan 24-nji marty aralagy)

- ýürek-damar ulgamynyň keselleri;

- merkezi nerw ulgamynyň funksional bozulmalarynda;

- daýanç-hereket ulgamynyň we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde.


Bejeriş suwuny ulanmaklyga goşmaça görkezmeleri

I. Ýürek-damar ulgamynyň keselleri:

1. Gipertoniki keseliniň I-II-nji derejesi;

2. Ýüregiň işemiýa keseli. Dartgynly stenokardiýa I-II-nji funksional synpy;

3. Miokardyň infarktyndan soňky kardioskleroz (infarktdan 3 aý soň), ýüregiň

    ritminiň we geçirijilik ukybynyň kadaly ýagdaýynda;

4. Gan aýlanyşynyň ýetmezçiligi I-II funksional synp;

5. Infeksion-allergiki miokarditden soňky ýagdaý;

6. Neýrosirkulýator distoniýa gipertoniki ýa-ada gipotoniki görnüşinde.

II. Merkezi nerw ulgamynyň keselleri:

1. Kelle beýniniň gan aýlanyşynyň ýiti bozulmalaryndan soňky ýagdaýlary;

2. Serebro-waskulýar keselleri;

3. Nerw ulgamynyň funksional keselleri;

4. Polineýropatiýalar; muskullaryň we muskul-sinaps keselleri; kelle we oňurga beýniniň kökjagazlaryň örümleriniň, nerw sütünleriniň şikesden soňky ýagdaýy, wegetatiw nerw ulgamynyň bozulmalary.

III. Periferiki nerw ulgamynyň keselleri:

1. Oňurganyň osteohondrozy ikilenji newrologiki bozulmasy bilen;

2. Dowamly spondiloartroz (inçekeselden däl), şikesden soňky spondilopatiýa;

3. Dowamly distal angiopolineýropatiýalar, şol sanda süýjili diabetde;

4. Polinewritlerden, mono-poli-gemiparezlerden soňky ýagdaý;

5. Ýokanç däl etiologiýaly bogunlaryň gyşardyjy gaýnaglama keseli.

IV. Daýanç-hereket ulgamynyň keselleri:

1. Artrozlar, artritler poliartritler (inçekesel etiologiýaly başgalar);

2. Bogunlaryň deformirlenen osteoartozlary;

3. Şikesden soňky daýanç-hereket agzalaryň bozulmalary.


Garşy görkezmeler:

1.   Hemme keselleriň ýiti döwri;

2.   Ýiti, ýiti asty glomerulonefrit ähli görnüşleri’

3.   Dowamly duffuz glomerulonefridiň ähli görnüşleri;

4.   Dowamly duffuz glomerulonefridiň ähli görnüşleri AGB 180/100 mm.sm.st.

      ýokary bolan ýagdaýynda;

5.   Böwrek amiloidozy ähli görnüşleri;

6.   Böwrek inçekeseli;

7.   Böwregiň polikistozy, gidronefrozy;

8.   Hirurgiki bejergini talap edýän böwrek daş keseli;

9.   Ýüregiň işemiýa keseli III-IV funksional synp;

10. Miokardyň infarktynyň ýiti, ýiti asty döwri;

11. Arterial gipertoniýa IIIb-IV dereje;

12. Ýokanç keselleriň ýiti döwründe;

13. Howply täze döremeler;

14. Gan akma;    


“Ýyly suw” şypahanasy



Döredilen senesi: 2009-njy ýylda 80 orunlyk  we 2011-nji ýylda  200 orunlyk täze bina guruldy.

Salgysy: Ahal welaýatynyň Bäherden etraby “Ýyly suw” şypahanasy.

Iş telefony:  800-131-2-38-51 , 800-131-2-37-98.

Faks:  993 800-131-2-38-51.

E-mail: yyly-suw@online.tm


“Ýyly suw”  şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň  günortasynda  9 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. Mineral suwlarynyň bejerijilik aýratynlyklary 1974-nji ýyldan bäri mälimdir. “Ýyly suw” şypahanasynyň täze taryhy 2009-njy ýylyň 28-nji noýabryndan başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan şypahananyň 80 orunlyk binasy açyldy. 2011-nji ýylyň dekabr aýynda 200 orunlyk täze bina gurlup ulanmaga berildi. “Ýyly suw” şypahanasynda jemi 6 sany dik guýular bar.


№ 16 guýy sulfat, magniý-natrili minerallaşmasy 1,7-2,2 (pH 7,5) temperaturasy 24º çuňlugy 600 metr.

№ 17 guýy sulfat, magniý- natrili minerallaşmasy 2,2-2,5 (pH 7,6) temperaturasy 33º çuňlugy 800 metr.

№ 16, 17 guýylar goşundysyz häsiýetsiz suwlar toparyna degişli.

№ 18 guýy gowşak sulfitli sulfat, kalsiý-natriýli minerallaşmasy 2,8 (pH 7,8) temperaturasy 28º Serowodorod 20-25 mg/dm³ çuňlugy 1200 metr.

№ 19 guýy gowşak sulfitli sulfat-natriýli minerallaşmasy 4,1 (pH 7,3) temperaturasy 38º Serowodorod 55 mg/dm³ çuňlugy 1800 metr.

№ 20 guýy orta sulfitli hlorid sulfatly kalsiý-natrili minerallaşmasy 5 (pH 7,4) temperaturasy 49º Serowodorod 80-85 mg/dm³ çuňlugy 2000 metr.

№ 21 guýy orta sulfitli hlorid sulfatly kalsiý-natrili minerallaşmasy 5 (pH 7,4) temperaturasy 50º Serowodorod 80-85 mg/dm³ çuňlugy 2100 metr.

“Ýyly suw” şypahanasyndaky № 16; 17 guýylaryň suwlaryny bejeriş naharhana suwunyň kesel bejeriş häsiýetlerini anyklamak maksady bilen, köp wagtlaryň dowamynda geçirilen synaglaryň we barlaglaryň netijesinde bu mineral suwlary kesel bejermekde peýdalanmagyň usullary işlenip düzüldi.

 

Bölümleri:

1. Anyklaýyş bölüminde ultrases barlagy, elektrokardiografiýa barlagy, barlaghana barlaglary geçirilýär.

2. Mineral suw bilen bejeriş bölüminde: mineral suw bilen adaty wanna görnüşinde, mineral suwa howa akymyny goşup suw asty owkalama görnüşinde, şarko duşy, aýlawly duş, aşakdan we ýokardan iniji duşlar arkaly bejergiler amala aşyrylýar.

3. Fizioterapiýa bölüminde: dermanly elektrofarez, ionofarez, şöhle bilen bejeriş, ultrases bejergisi, ingolýasiýa, iňňe bilen bejeriş, adaty bejeriş owkalama, fitoterapiýa, parafin, ozokerit hem-de palçyk ýapgylary bilen bejeriş, bejeriş bedenterbiýe otagynda bolsa, fiziki maşklary arkaly dikeldiş-sagaldyş bejergileri geçirilýär.

Gidrokolonoterapiýa otagynda bolsa, ýogyn içegäni suw bilen ýuwmak bejergisi geçirilýär


Görkezmeler:

1. Bedeniň daýanç-hereket synalarynyň keselleri: Dowamly artritler we rewmatiki poliartritler, dowamly spondiloarttiritler.

2. Ýürek damar ulgamynyň keselleri:  I-II derejeli arterial gipertoniýa, ýürek işemiýa keseli, miokarditler,miokardiodistarfiýa, koronar we beýni ganaýlanyşynyň bozulmalary.

3. Nerw ulgamynyň keselleri:  Merkezi we çetki nerw ulgamlarynyň kesellerinde hem-de şikesden soňky ýagdaýlarda, nerw ulgamynyň funksional kesellerinde, radikulit, poliradikulit, pileksit, newrit, kelle beýni şikeslerinden soňky ýagdaýlar, newrozlar.

4. Bedeniň iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri:  Dowamly gastritler ýiti däl döwründe, duedenit, holosestit, kolit, aşgazana we on iki barmak içegä ýara düşüp ýiti däl döwründe, inçe we ýogyn içegäniň dowamly sowuklama kesellerinde ýiti däl döwründe, bagryň we öt halta ýollarynyň dürli dowamly kesellerinde, öt çykaryjy ýollaryň diskineziýalarynda.

5. Deri keselleri:  Psoriaz, neýrodermitler, ekzemalar, dermatitler, demrewler, witiligo.

6. Allergiki keseller:  Allergiki dermatit, iýmit we derman serişdelere allergiki reaksiýalar.

7. Jyns agzalarynyň keselleri:  Endometrit, uretrit, kolpit.

8. Endokrin keselleri:  Süýjüli diabetiň 2-nji tipi, galkan şekilli mäziň ýod ýetmezçiliginden döreýän kesellerinde.


Garşy görkezmeler:

1. Hemme keselleriň ýiti döwri.

2. Ýürek damar keselleriniň dekompensasiýa döwri.

3. Ganaýlanyşygynyň bozulmasynyň 3-nji derejesi.

4. Howply täze döremeler.

5. Inçekesel.

6. Hirurgiki bejergini talap edýän öt daş keseli.

7. Ýokanç keseller.

8. Göwrelilik.

9. Gan akma.

10. Dem gysma.




   



      

   

Mary welaýat çagalar hassahanasy

SAGLYK SYÝASATY – ÖSÜŞLERDEN ÖSÜŞLERE



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.

Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň çäklerinde dürli keselleriň ýaýraýyş howpunyň alamatlaryny we dowamly keselli näsaglary irki döwürde ýüze çykarmak hem-de olara gözegçilik etmek boýunça çäreleri işläp düzmeklige, şeýle hem amala aşyrmaklyga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň  2015-nji  ýylyň  30-njy  aprelindäki 14225  belgili  kararyna, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2018-nji ýylyň 16-njy iýulyndaky 242 belgili buýrugyna  laýyklykda  Mary şäherinde täze welaýat çagalar hassahanasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Bu hassahana Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan adyndaky Gaznasynyň haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna gurlup ulanylmaga berildi.

Mary welaýat çagalar hassahanasynyň esasy ugurlary – keselleriň öňüni almakdan we bejermekden ybarat bolup durýar. Bu bejergi ygtybarly we iň täze usullar arkaly amala aşyrylýar. Hassahana iň häzirki zaman tehnologiýalary özünde jemleýän lukmançylyk enjamlary  bilen üpjün edilip, halkara kadalaryna doly laýyk gelýär.

Hassahana dünýä ülňülerine laýyklykda, ýokary derejeli lukmançylyk kömegeni bermäge, işi gurnamaklygyň usullaryny kämilleşdirmäge, anyklaýyşda we bejergide innowasion usullary ornaşdyrmaga, bu merkeze ýüz tutýan näsaglara oňaýly we rahat ýagdaýda barlag we bejergi şertlerini döretmäge mümkinçilikleriniň bardygy bilen tapawutlanýar.

Mary welaýat çagalar hassahanasy 120 ýatymlaýyn orna niýetlenendir.Olardan

1.Newrologiýa bölümi-30 orun.

2.Hirurgiýa bölümi-20 orun.

3.Umumy pediatriýa bölümi-30 orun.

4.Rewmokardiologiýa bölümi-30 orun.

5.Reanimasiýa we anesteziologiýa bölümi-9  orun.

6.Kabul ediş bölümi.

7.Maslahat beriş we anyklaýyş bölümi.

8.Şöhle bilen anyklaýyş bölümi.

9.Barlaghana bölümi.

10.Saglygy goraýyş statistika bölümi.

11.Fizioterapiýa bölümi.

12.Gan banky.

Ýatymlaýyn bölümleri dünýäniň ösen tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Bölümlerde otaglar bir we iki adama niýetlenen bolup, otagyň içinde ähli amatlyklar döredilen.

Gaýragoýulmasyz ýagdaýlar ýüze çykanda näsaga bejergi alýan otagynda ilkinji kömek bermek üçin gerek bolan kislorod, elektrosorujy enjamy her bir otagda aýratynlykda ýerleşdirilen. Şeýle-de beýleki bölümlerden gerek bolan hünärmenleri, reanimatolog lukmanlary çagyrmak üçin ýörite çagyryş enjamy her bir otagda ýerleşdirilen.


Hassahanayň kabul ediş bölüminde gaýragoýulmasyz we meýilleşdirilen ýagdaýlarda ýüz tutýan näsaglara ýokary derejeli saglygy goraýyş kömegini bermek üçin hemme şertler bar. Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda gelen näsag çagalara şol ýerde ilkinji kömek bermek üçin ýörite döredilen otagda näsagyň keselini anyklamak üçin Ultrases barlag enjamy, Rentgen we EKG enjamlary oturdylan. Güýçlendirilen bejergi geçirmek üçin merkezleşdirilen kislorod, elektrosorujy, defibrilýator, infuzomat, emeli dem beriş enjamlary, näsagyň arterial gan basyşyny, ýürek urgusyny, gyzgynyny, ganda kislorodyň we kömürturşy gazynyň mukdaryny yzygiderli ölçemek üçin monitorlar oturdylan. Şeýle hem gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda operasiýa geçirmek üçin hemme enjamlar bilen üpjün edilen ýörüte operasiýa otagy ýerleşdirilen.


Anyklaýyş we maslahat beriş bölümi dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tilsimatly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Bölümde hasaba alyş otagy we hünärmenleriň otaglary  ýerleşdirilen. Hassahana ýüz tutan çagalaryň gysga wagtda kesellerini anyklap, kesele kesgitleme goýlup, döwrebap bejergi bellemeklige we gatnaw şertlerinde näsaglaryň bejergisiniň netijesine köp ulgamlaýyn gözegciligi amala aşyrmaklyga mümkincilikler döredilen. Anyklaýyş we maslahat bölüminde her bir näsag ýöriteleşdirilen elektron ulgamy arkaly hasaba alynýar we degişli hünärmene ugradylýar. Näsaglary kabul etmeklik elektron nobaty arkaly amala aşyrylýar. Bölümde kardiolog, endokrinolog, stomatolog,                                                  okulist, hirurg, urolog, ortoped, deri-wenerolog, çaga ginekolog, surdolog lukmanlaryň ýöriteleşdirilen otaglary, çagalaryň irki ösüşine  irki goşulyşma otaglary ýerleşdirilen. Bu otaglaryň ählisi dünýäniň iň öňdebaryjy Toshiba, Karl Storz, Draeger, Fujinon, Stelco, Medconcept, Riester, Fazzini, Cardioline, Fresenius kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Bu hem öz gezeginde ýokary takyklygy bilen tapawutlanýan barlaglary gysga wagtda geçirmeklige mümkinçilik döredýär.



    Barlaghana bölüminde  labarator  barlaglarynyň  ähli  görnüşleri  geçirilýär,  olar  adam  bedeniniň  ýaşaýyş  üçin  örän  möhüm  agzalarynyň  we  ulgamlarynyň  gurluş  we  funksional  taýdan  häsiýetlendirilmegine  ýardam  berýär. Ýewropanyň  ösen  döwletleriniň  “Simens,  ELIT Tech Group, Horiba ABX, Thermo Fisher Scentific,  BioMerieux”  kompaniýalarynyň  döwrebap  analizatorlarynyň  kömegi  arkaly,  ýaglaryň, uglewodlaryň,  beloklaryň we minerallaryň   çalşygyndaky  özgerişlikleri ýüze  çykaryp  boýar.  Içki  mäzleriň, gemostaz  ulgamynyň  görkezijilerine  baha berip, barlagy halkara  ülňülerine  laýyk  geçirmäge  mümkinçilik  berýär. Hassahanada oturdylan ýörite ulgam hemme bölümlerden barlagdan geçirmek üçin alnan gan nusgalaryny awtomatlaşdyrylan usulda  5 sekuntda barlaghana gelmäge we taýýarlanan jogaplaryny bölümlerine barmaga mümkinçilik berýär.

     Fizioterapiýa bölüminde elektroforez, ultrases, ingalýasiýa, UWÇ, amplipuls, dorsenwal, ultramelewşe şöhlelendirme enjamlary, parafin, owkalama, bejeriş bedenterbiýe otaglary ilata hyzmat edýär.

Şöhle bilen anyklaýyş bölüminde oturdylan Ýaponiýanyň Toshiba kompaniýasynyň enjamlary näsaglaryň kesellerini anyklamakda uly mümkinçilikler döredýär.

  Magnit rezonans tomografiýa otagynda kelläniň, süňkleriň, oňurgalaryň, çanaklyk agzalarynyň, gipofiziň, garyn boşlugynyň agzalarynyň, bogunlaryň MRT barlagy, gerek bolan halatlarynda angiografiýa we kontrastly MRT barlagy geçirilýär.

   Kompýuter tomografiýa otagynda hemme organlaryň KT barlagy, gerek bolan halatlarynda bolsa  kontrastly KT barlagy geçirilýär.

   Rentgenografiýa otagynda sanly rentgen enjamy bolup hemme görnüşdäki rentgenografiýa, rentgenoskopiýa, angiografiýa, kontrastly urografiýa, aşgazan-içege ýollarynyň bariý bilen barlaglary, äň süňkleriniň, dişleriň, türk eýeriniň rentgenogrammasy geçirilýär.



        

 Mary welaýat çagalar hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde näsag çagalar gije-gündiziň dowamynda gaýragoýulmasyz we meýilleşdirilen ýagdaýlarda kabul edilýär. Bu bölümde üç sany operasiýa geçirilýän otag bolup, olar dünýäniň ösen tehnologiýalaryny özünde jemleýän lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu ýerde oturdylan Germaniýanyň Karl Storz kompaniýasynyň Laparoskop enjamy näsaglarda çylşyrymly operasiýalary geçirmäge we çagalaryň hassahanada bolýan günlerini azaltmaga ýardam berýär.


    Mary welaýat çagalar hassahanasy Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Görogly köçesiniň 1 “b”  jaýynda ýerleşýär.

Elektron salgymyz: chagahassahana@online.tm

 Telefon we faks belgisi +993 522 4 45 25

Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasy (MBSH)


Salgysy: 744000, Тürkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 21

Iş telefonlary: (+99312) 94-67-19; (+99312) 94-57-16

Fax: (+99312) 94-65-40

Elektron salgysy: MBSH70@online.tm

TSG we DSM–niň

Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynda ýetilen sepgitler.


Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň  parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde dünýä halklary Türkmenistany sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanaýarlar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň hemaýatkäri bolan Arkadagymyzyň tagallasy we başlangyçlary bilen ýurdumyzda döwletiň baş baýlygy bolan ynsan saglygy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistany durmuş ­ ykdysady taýdan  ösdürmegiň 2011­2030­nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda hem-de “Saglyk’’ Döwlet Maksatnamasynda öňde goýulan wezipeleri  amala aşyrmakda Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasy hem öz goşandyny goşýar.

“Saglyk” Döwlet Maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmak, maýyplyga getirýän dowamly keselleriň öňüni almak, olary irki döwürde ýüze çykarmak we bejermek, şeýle hem bu kesellerden döreýän ölümçiligi azaldyp, raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak we ömür dowamlylygyny uzaltmak üçin hassahanada zerur işler alnyp barylýar.

Hassahanada düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary  ornaşdyryldy.

Hassahananyň düzüminde anyklaýyş-maslahat beriş, maşgala, diş bejeriş, barlaghana, rentgen, funksional anyklaýyş, fizioterapiýa bölümleri we ýatymlaýyn bejeriş bölümi bar. 1998-nji ýyldan bäri hassahanada tölegli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýuldy. Ýurdumyzyň islendik ýerinden gelen raýatlar ýokary hilli tölegli hyzmatdan peýdalanyp bilýärler.


Hassahana berkidilen ilata maşgala ýörelgesi boýunça saglygy goraýyş hyzmatlary berilýär we ol barha kämilleşdirilýär.. Maşgala lukmanlary tarapyndan ilat arasynda keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak maksady bilen giňişleýin wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Zerur bolan ýagdaýynda ilkinji bejeriş işleri hem geçirilýär. Bu bolsa özüniň oňat netijesini berýär. Hassahanada birnäçe ýyllaryň dowamynda ene-çaga ölümçiligi, inçekeseliň ötüşen görnüşi hasaba alynmady.

Meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy boýunça şertnama baglaşan raýatlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat işleri öz netijesini berýär. Onuň netijesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilli we bökdençsiz ýerine ýetirilmegi üpjün edilip, hassahanamyza degişli ilat saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň ýeňilliklerinden peýdalanýarlar.

Hassahanada elektron resminamalar dolanyşygy ulgamy ýöredilip, häzirki wagtda bu ugurda uly işler alnyp barylýar. Bu ulgam näsaglaryň saglyk ýagdaýyny elmydama gözegçilikde saklamaga, olar barada maglumatlary çalt, bökdençsiz almaga ýardam edýär.


     Anyklaýyş maslahat-beriş bölümi dünýä ülňülerine gabat gelýän ultrases barlag (USB), elektrokardiografiýa (EKG), endoskopiýa, rentgenografiýa, we ş.m. dürli barlaglary geçirmek üçin enjamlar bilen üpjün edilen.Bu häzirki zaman  lukmançylyk enjamlary arkaly keseller anyklanylyp, bejergi çäreleri kesgitlenilýär. Dikeldiji bejeriş işleri fizioterapiýa, ozokerit ýapgysy, gidrokolonoterapiýa, iňňerefleksoterapiýa, azonoterapiýa, lazerterapiýa ýaly bejeriş görnüşlerde we owkalama, oňurga çekme, bejeriş bedenterbiýe maşklaryndan ybaratdyr. Bulardan başga-da raýatlara suwasty owkalaýyş , sirkulýar duş, duş şarko hyzmat edýär.

     Terapiýa bölüminde ähli amatlyklary bolan bir we iki orunly ýatymlaýyn otaglarynda ýokary hilli lukmançylyk  hyzmatlary edilip, bu ýere gelýän raýatlaryň saglygyny bejermäge ýardam edilýär. Bölümde näsaga öz wagtynda ýokary hilli barlaglar geçirilip, näsagyň bejergisinde döwrebap , netijeli, häzirki zaman  derman serişdeleri ulanylýar.


   Berkarar döwletimiziň bagyýarlyk döwründe ilatyň saglygyny goramak, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamak ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýokanç däl kesselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenilen wezipeleri 2014-2020-njy ýyllarda amala aşyrmagyň milli strategiýasyndan ugur alyp kesselleriň öňüni almak barada uly işler alnyp barylýar.

      Hassahanada TSG we DSM–niň başlangyjy bilen 2000-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-ne açylan “Diabet merkezi” raýatlaryň hyzmatynda. Bu merkezde ýörite süýjüli diabet keselli näsaglar bilen okuw sapaklaryny geçirmek üçin görkezme esbaplar, gollanmalar bilen gurnalan otaglarda öz ugurlary boýunça ýokary bilimli endokrinolog lukmanlar iş alyp barýarlar.

     Süýjüli diabet merkezi “Diabet kesel däl-de, durmuşyň aýratyn özbaşdak keşbidir” diýen adalgadan ugur alyp işleýär.

       Häzirki wagtda diabet okuw merkezi öz işini ýokary derejede alyp barýar. Hepdede bir gezek süýjüli diabet keselli näsaglar üçin okuw sapaklary geçirilýär.Geçirilýän okuw sapaklarynyň netijesinde soňky ýyllarda gipo we giperglikemiýaly näsaglaryň sany ep-esli azaldy.


      Näsaglar süýjüli diabet keseliniň ýüze çykmagyny sagdyn durmuş düzgünleriniň bozulmagynyň netijesi diýip düşünýärler. Diabet merkezlerinde okuw sapaklarynda öwrenen öz-özüne gözegçilik etmek endikleri we täze döwrebap bejergileriň ulanylmagy diabetli näsaglarda bu keseliň gaýraüzülmeleriniň azalmagyna getirdi. Bejerginiň her näsag üçin aýratynlykda saýlanylyp alynmagy gaýraüzülmeleriň ýüze çykmak howpuny azaldýar.

Ýokaç däl keselleriň ýüze çykmagynda howp faktor bolup durýan artykmaç agramly näsaglary ýüze çykarmakda we bejermekde uly işler alnyp barylýar. “Diabet merkezine” degişli bolan raýatlaryň endokrinologiýa ulgamy boýunça registrleri düzüldi we häzirki wagytda bu işler dowam etdirilýär.

Ösüş pediatriýa we çaga irki goşulyşma ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi

Salgysy:744013, Türkmenistan, ş.Aşgabat, Görogly köçesi, 80

Iş telefonlary: (+99312) 369349; (+99312) 368276

Faх: (+99312) 368257


Türkmenistanda halkyň saglygy hakyndaky alada döwletiň iň möhüm ileri tutulýan ugrudyr. Ýurt çaganyň ösüşini we saglygyny üpjün etmäge gönükdirilen esasy halkara  konwensiýalaryna we strategiýalaryna goşuldy, şeýle hem Türkmenistanda Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda «2011-2015-nji ýyllar üçin çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak» Milli maksatnama;  Türkmenistanda ösüş pediatriýasyny  we irki goşulyşma ulgamyny ornaşdyrmagyň  “Konsepsiýasy” we ony ýerine ýetirmegiň 2016-2020 –nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy taýýarlandy. 

Çaganyň irki ösüşi baradaky maksatnama häzirki wagt iň bir öňde tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. UNIСEF we Birleşen milletler guramasynyň beýleki wekillikleri bilen hyzmatdaşlykda öňde goýulan meseleleri amala aşyrmakda uly depginde iş alyp barylýar. Onuň esasy maksady - çaganyň talaba laýyk ösmegi üçin maşgalanyň hemme taraplaýyn täsir etmekligi arkaly, çaganyň öz potensialyny doly ösdürmeklik hukugyny üpjün etmek bolup durýar.

Çaganyň ösüşiniň bökdelmeginiň ir ýüze çykarylmagy we ir goşulyşma (ösüş pediatriýasy), çagalaryň ösüşden yza galmak howpunyň we maýyplygyň peselmegine kömek edip biler hem-de çaganyň talaba laýyk ösmegi üçin ähli gerekli şertleri döredip biler. UNIСEF bilen özara ylalaşylan meýilnama laýyklykda çaganyň irki ösüşi boýunça maksatnamanyň çäginde bu ugurda milli trenerleri we inçe hünärmenleri taýýarlamak göz öňüne tutulan. EÇSGYKM-de we TDLU EÇSG-ň OYM-de synag etraplaryň Çagalaryň irki ösüşi (ÇIÖ) merkezleriniň hünärmenleri iş ýerinde okadyldy.  Ýurdumyzyň ähli etraplarynyň ÇIÖ boýunça jogapkär hünärmenleri çaganyň ösüşden yza galmaklygyny ir ýüze çykarmagyň we ir goşuluşmagyň esaslary barada 3 günlük okuw sapagyny geçdiler. Häzirki wagtda Ankara uniwersitetiniň Çaganyň irki ösüşi Merkeziniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda tapgyrlaýyn treningler geçirilýär we 10 sany Milli trenerler taýýarlandy hem-de welaýat trenerlerini okatmak başlanyldy. Ösüş pediatriýasy boýunça baş bilermen professor Ilgi Ertemiň gatnaşmagynda yzygiderli okuw treningleriniň we ONLAÝN okuw sapaklarynyň geçirilmegi netijesinde irki ösüş boýunça synag etraplaryndan 15 trener taýýarlandy (Daşoguz, Lebap, Mary).  5 sany synag etraplarynda irki goşulyşma gullugy ornaşdyrylyp başlandy (ş.Daşoguz, ş.Mary, etrap Ýolöten, etrap Saýat (Sakar), ş.Türkmenabat). Ankara uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň mart aýynda Mary welaýatynyň irki ösüş Merkezlerinde monitoring geçirildi we geçirilýän işlere baha berildi (№3 Saglyk öýi, etrap Ýolöten).

UNIСEF-ň goldaw bermeginde bu maksatnamanyň çäginde Ankara uniwersitetiniň Çaganyň irki ösüşi Merkeziniň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.


Professor Ilgi Ertemiň welaýat hünärmenleri bilen Onlaýn- okuw sapaklaryny geçirýän pursady.

   2018-nji ýylyň iýun aýynyň 5-6 günlerinde Belarusiýa respublikasynyň Minsk şäherinde “Çaga üçin irki goşulyşma: ulgamy berkitmek we maşgalanyň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek” atly  geçirilen Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň regional konferensiýasynda, EÇSGYKM-ň Çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölüminiň müdiri Berdiýewa S.A. “Çaganyň irki ösüşi ugrundaky Milli syýasat, ýetilen sepgitler” barada çykyş etdi.

   Garaşsyzlygyny almagy bilen Türkmenistanda «2011-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň  durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamasynyň» çäklerinde ilatyň hal-ýagdaýyny we saglygyny gowulandyrmak üçin ep-esli tagallalar edildi. Türkmenistan «Çaganyň hukuklary boýunça konwensiýa», «Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň hukuklary hakyndaky konwensiýa» ýaly halkara bileleşiginiň esas goýujy resminamalaryna goşuldy. Hökümet  «Müňýyllygyň ösüşiniň maksatlary», «Çagalaryň diri galmagy, borçnamalaryň tassyklanylmagy boýunça global başlangyç», «3 ýaşdan kiçi çagalary çagalar öýlerine ýerleşdirmegi bes etmek» halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça borçnamalary kabul etdi.  Lukmançylyk kömeginiň hilini   we elýeterliligini üpjün etmäge, bejeriş edaralarynyň infrastrukturasyny döretmäge  gönükdirilen «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasy» ornaşdyrylýar.     «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar» hakyndaky Türkmenistanyň kanuny kabul edildi.    

2015-2019-njy ýyllar üçin «Türkmenistanda eneleriň, täze doglan bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça milli strategiýa» ornaşdyrylýar. «2013-2017-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ilatynyň  sagdyn iýmitlenmeginiň milli maksatnamasynyň» işine baha berildi we täze maksatnamanyň düzgünnamasy işläp taýýarlandy.  

Türkmenistanda ösüş pediatriýasy we irki goşulyşma ulgamyny ornaşdyrmagyň   Konsepsiýasy we ony ýerine ýetirmegiň 2016-2020 –nji ýyllar üçin hereketleriň  Meýilnamasy ornaşdyrylýar. Ony amala aşyrmak maksady bilen ähli welaýat merkezlerinde we Saglyk öýlerinde/merkezlerinde Çaganyň irki ösüşi otaglary açylyp, gerekli enjamlar bilen üpjün edildi. Konsepsiýany ornaşdyrmagyň modeli saýlap alynanda saglygy goraýyş ulgamynyň gurluşy göz öňüne tutuldy, ol öz içine saglygy goraýyşyň ilkinji basgançaklaryny, etrap, welaýat derejelerini, saglygy goraýyşyň ýöriteleşdirilen baş edaralaryny – EÇSG ylmy-kliniki merkezini we TDLU EÇSG okuw-ylmy merkezini aldy.

 Neonatal skriningleriň sistemasynyň işi boýunça buýrugyň proýekti we eşidişi bozylmaly çagalary alyp barmagyň protokoly  taýýarlandy. Neonatal skrining geçen çagalaryň elektron registri işläp taýýarlandy, bu patologiýa ýüze çykarylan çagalara soňra monitoring geçirmeklige mümkinçilik berer. Ilkinji, etrap, welaýat we milli derejede irki goşulyşma kömegini bermek boýunça düzgünnama işläp taýýarlandy. Irki goşulyşma kömegini bermek boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýol kartasynyň proýekti işläp taýýarlandy.

 

Şu ýylyň oktýabr aýynyň 17-25 aralygynda Ankara uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda trening geçirilip, milli trenerlere sertifikat berildi hem welaýatlardan gelen hünärmenleri Çagalaryň irki ösüşine gözegçilik edilýän gollanmanyň (ÇÖGG) elektron görnüşi öwredildi.Dünýa boýunça ilkinji bolup, Türkmenistanyň hünärmenleri ÇÖGG boýunça planşet ulanyp başladylar we bu tejribeni  synag etraplarynda ulanmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda Çaganyň irki ösüşi boýunça alyp barylýan işler iň oňat tejribeleriň biri hasaplandy we beýleki ýurtlarda ornaşdyrmak üçin teklip edildi.


Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi



Döredilen ýyly: 2015 ýyl

Salgysy: 744013, Türkmenistan, ş.Aşgabat, Görogly köçesi, 80

Iş telefonlary: (+99312) 368110; (+99312) 369104

Faх: (+99312) 368108

Elektron salgysy: ecsgykm@online.tm


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, saglygy goraýyş ulgamynyň esasy wajyp ugurlarynyň biri enäniň we çaganyň saglygy bolup durýar.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralaryň yzygiderli gurulyp, ulanylmaga berilmegi, olarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, bejeriş öňüni alyş edaralarynyň mümkinçilikleriniň ýokarlandyryp, keselleriň gysga möhletde, gaýrüzülmesiz bejerilmegine, maýyplygyň öňüni almaga mümkinçilik döretdi.

2015-nji ýylyň iýul aýynyň 20-ne ene we çaga ýokary hilli kömegini bermek üçin niýetlenen 7 gatly täze binalar toplumy 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýöriteleşdirilen 28 sany bölümleriň hyzmat etmegi bilen keselleri ýokary hilli anyklamaga we bejermäge ýardam berýär:

1. Kabul ediş bölumi;

2. Barlaghana ylmy-kliniki bölumi;

3. Anyklayyş-maslahat beriş bölumi;

4. Yatymlayyn anyklayyş bölumi;

5. Cagalaryň osüşi we irki dikeldiş bölumi;

6. Fiziobejeriş we bejeriş bedenterbiye bölumi;

7. Cagalaryň gematologiya ylmy-kliniki bölumi;

8. Cagalaryň pulmonologiya ylmy-kliniki bölumi;

9. Cagalaryň allergologiya we immunologiya ylmy-kliniki

bölumi;

10. Caga ic keselleri ylmy-kliniki bölumi;

11. Cagalaryň toksikologiya we gemodializ bölumi;

12. Cagalaryň trawmatologiya-ortopediya we neyrohirurgiya

ylmy-kliniki bölumi;

13. Bir yaşa cenli cagalaryň hirurgiyasy ylmy-kliniki bölumi;

14. Cagalaryň uro-ginekologiya ylmy-kliniki bölumi;

15. Cagalaryň hirurgiyasy ylmy-kliniki bölumi;

16. Cagalaryň yetginjek döwrüniň patologiyasy ylmy-kliniki

bölumi (gyzlar ücin);

17. Cagalaryň anesteziologiya we reanimasiya ylmy-kliniki

bölümi;

18. Şikesleri bejeriş otagy;

19. Operasiya bölumi;

20. Dogrum bölümi;

21. Göwrelileriň patologiyasy ylmy-kliniki bölümi;

22. Dogrumdan soňky ylmy-kliniki bölumi;

23. Bäbekleriň patologiyasy bölümi;

24. Ginekologiya ylmy-kliniki bölumi;

25. Bäbekleriň patologiyasy ylmy-kliniki bölümi (wagtyna

yetmedik we pes agramly bäbekleriň idegi);

26. Bäbekleriň anesteziologiya we reanimasiya bölümi (wagtyna

yetmedik we pes agramly bäbekler ücin);

27. Anesteziologiya we reanimasiya bölümi (akuşercilik we

ginekologiya üçin);

28. Ylmy-usulyyet we guramacylyk, usulyýet we hünar

kämilleşdiriş okuw bölümi.

Merkez ene we çaganyň saglygyny goraýyş ulgamynda wajyp meseleler boýunça daşary ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar.

   Hormatly Prezidentimiziň tassyklanan Döwlet maksatnamanyň çäginde  ugrukdyryjy  edara hökmünde Merkeziiň   hünärmenleri tarapyndan ýurdumuzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak meseleri boýunça birnäçe maksatnamalar  halkara guramalarynyň   (BSGG, ÝUNICEF, BMG-nyň Ilat gaznasy) gatnaşmagynda  üstünlikli işlenilip ornaşdyrylýar: “Gan azlygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek”(1998ý.); „Duzy ýodlaşdyrylmak we uny demir bilen baýlaşdyrmak“ meýilnamasy (1998ý.);       “Ene süýdi bilen emdirmek we goldamak” (1998ý.); “Çagalaryñ  kesellerini bütewi alyp barmak” (2001); “Bäbeklere ilkinji reanimasiýa kömegini bermek we olara berilmeli ideg” (2006 ý.);  “Howpsuz enelik” (2006ý.);   „Çaganyň diri we öli dogluşynyň görkezijileriniň hasaba alnyşy“ (2007ý.); «Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015 -nji ýyllar üçin» (2011ý.); “Türkmenistanda eneleriň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň ssaglygyny goramak 2015-2019-njy ýyllar üçin milli strategiýa we iş meýilnama”; “Türkmenistanda ösüş pediatriýasy we irki goşulyşma ulgamyny ornaşdyrmagyň   Konsepsiýasy we ony ýerine ýetirmegiň 2016-2020 –nji ýyllar üçin hereketleriň  Meýilnamasy”.

Bu maksatnamalar enäniň we çaganyň saglygyny goramagyna,  keselleriň öňüni almagyna we netijeli bejermegine hem-de hassahanalarda ýatymlaýyn döwrüni azaltmaga gönükdirilendir. Şu günki saglygy goraýyş strategiýasy bir tarapdan – eneleriň we çagalaryň arasynda öňüni alyş çäreleri geçirmekligine we beýleki tarapdan bolsa, wagtynda näsaglary ýüze çykaryp, olara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermekligine niýetlenendir.

Merkeziň Anyklaýyş-maslahat beriş bolüminde saglygy gorayşyň soňky gazananlary bolan kompýuter tomografiýa, ýader-magnit rezonans, rentgen-flyurografiýa, spirografiýa, ultrases, elektrokardiografiýa, fibrogastroduodenoskopiýa, bronhoskopiýa we beýleki adam bedeninde bolup geçýän üýtgemeleri doly derejede ýüze çykarmakda deňi-taýy bolmadyk enjamlar ornaşdyrylan. Bu bolsa kesel kesgidini doly anyklap, bejergi işlerini gecirmek üçin zerur şertleriň biridir. Merkezde ulanylýan göçme rentgen enjamlaryny hereketleriniň çäklendirilmegi zerur bolan ejir ceken raýatlaryň öz ýerinde näsazlyklaryny takyk anyklamaga uly ýardam beryär.

Merkezde Reproduktiw saglygy goraýyş Milli merkezi hyzmat edýär. Bu gullugyň esasy ugurlary: zenanlarda reproduktiw saglygy öwrenmeklik, zenan we erkek önelgesizliginiň meseleleri, dogabitdi we gazanylan keselleriň öňüni almak maksady bilen göwreli zenanlaryň skrining barlagy, “howp toparyna”degişli we şol sanda göwrelilik döwründe ýitgiler bolan zenanlara pregrawidar taýýarlyk geçirilýär. 

Merkeziň Çagalaryň ýetginjek döwrüniň patologiyasy ylmy-kliniki bölümi Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen.Bu bölüm 15–18 yaşly gyzlar üçin niýetlenen. Ýetginjeklik döwründe gyzlaryň arasynda urogenital keselleri irki ýüze çykarmaklyga, bejermeklige, maslahat bermeklige we gerek bolan ýagdaýynda degişli ýöriteleşdirilen gulluklara ugratmaklyga gönükdirilen.Ondan başga-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýöretmek, reproduktiw saglygyna gözegcilik gecirmek bu bölümiň esasy meselesi bolar.

Merkezde TSG we DSM-niň “Bäbekleriň nesil yzarlaýan kesellerini anyklamak üçin köpçülikleýin saglygy goraýyş barlaglaryny geçirmek hakyndaky” № 127 belgili buýrugyna laýyklykda (29.04.2016ý.) bäbeklere neonatal skrining (doga gipotireoz, adrenogenital sindrom, mukowissidoz, glýukoza-6 fosfat degidrogenaza, fenilketonuriýa, galaktozemiýa) we ehoskrining geçirilýär.

                 

Merkeziň Barlaghana ylmy-kliniki bolümi dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman ýokary hilli tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen. Bu enjamlaryň kömegi bilen döwrebap anyklaýyş barlaglaryň şu aşakdaky görnüşleri geçirilyär: umumy kliniki, biohimiýa, bakteriologiýa, immunologiýa, gormon barlaglary, gemostaz ulgamynyň barlaglary,   allergoanyklaýyş, sitologiýa, serologiýa, PSR barlaglary, neonatal skrining we prenatal anyklaýyş.



  


          Merkez Sebitleşdirme maksatnamasyna laýyklykda, 3-nji “A”derejeli hassahana hökmünde ýurt boýunça endokrin, ýürek-damar keselli we agyr akuşerçilik anamnezli ähli göwreli zenanlara dürli ugurlar boýunça, ýokary derejeli, kämil lukmanlar tarapyndan gerekli maslahatlar berilýär. Merkeziň ginekologiýa bölüminde endoskopiki operasiýalar ýola goýuldy.

 

Bäbekleriň anesteziologiýa we reanimasiýa bölümi 28 orunlyk we ekstremal we çenden aşa pes agramly näsag bäbeklere ýokary hilli kömek bermek üçin neýrosonografiýa, ehokardiografiýa, içki organlaryň ultrases, rentgen barlagy geçirmek üçin  döwrebap enjamlar üpjün edilen. Bölümde bäbeklere inwaziw emleriň sany azaldyldy: inwaziw däl SPAP-emeli dem alyş enjamy giňden ulanylýar, peşew kateterleri aýrylyp-diurezi pampersiň agramyny çekmek usuly, bilirubin derejesini anyklamak üçin  transkutant bilirubinometr ulanylýar. Agyr asfiksiýada doglan bäbeklere sazlanýan gipotermiýa we EEG enjamlary ulanmaklyk ýola goýuldy; ekstremal we çenden aşa pes agramly bäbekleriň  ýaşaýyş ukybynyň artýandygyny hem bellenýär.

TSG we DSM-niň «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak» (1998ý.) maksatnamasynyň esasynda ene süýdi bilen iýmitlendirmeginiň esaslary Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, orta okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna girizildi. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek maksady bilen, her ýyl sentýabr aýynyň 1-7 aralygynda Milli Ene süýdi hepdeligi bellenýär. Ýaş nesliň sagdyn, kuwwatly bolmaklygyna gönükdirilen wajyp kanunlaryň biri  hem 2016- njy ýylda kabul edilen “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak” baradaky” kanundyr. Bu kanunda eneligi we çagalygy goramagyň Döwlet kepilligine, jemgyýetde ene süýdüniň ähmiýetini giňden wagyz etmekde wajyp şertleriň döredilmegine esasy orun berilýär. Ene süýdi maksatnamasy boýunça “Ene  süýdüni emýän döwründäki we irki ýaşdaky çagalaryň iýmitlendirilişi barada” TSG we DSM-iň №220 buýrugy tassyklandy (20.07.2017ý.). Täze buýrugyň esasynda, Ene süýdi bilen emdirmekligi gorap saklamak we goldamak baradaky çaga dogrulýan we Saglyk öýleriniň syýasatyna görkezijiler girizildi. Häzirki wagt ýurdumyzda 65 (93%) sany çaga dogrulýan edara “Çaga mähirli gatnaşykly hassahana” atly halkara ada mynasyp boldy.

Merkezde ilkinji gezek 18 orunlyk Çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölümi açyldy. «Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015 -nji ýyllar üçin» milli maksatnamasynyň öňünde goýulan meseleleri amala aşyrmak boýunça UNICEF guramasy bilen hyzmatdaşlykda uly işler alnyp barylýar.

Bu bölüm “Türkmenistanda ösüş pediatriýasy we irki goşulyşma ulgamyny ornaşdyrmagyň   Konsepsiýasy we ony ýerine ýetirmegiň 2016-2020 –nji ýyllar üçin hereketleriň  Meýilnamasyna” laýyklykda, şu maksatnamany ornaşdyrmak boýunça okuw-usulyýet merkezi bolup durýar.

Bu ugruň maksady çaganyň ösüşine maşgalanyň hemme taraplaýyn täsir etmegi bilen öz mümkinçiliklerini doly ösdürmeklik hukugyny üpjün etmek bolup durýar.


Çaganyň ösüşinde bozulmalary ir ýüze çykarmaklyk we ir goşulyşmaklyk ( ösüş pediatriýasy), ösüşden yza galmakl howpuny we çaga maýyplygyny azaltmaklyga kömek eder, çaganyň talaba laýyk ösmek üçin ähli gerekli şertleri döreder.


Ýurdumyzda ilkinji  gezek ýatymlaýyn-anyklaýyş bölümi  açyldy. Bölümiň esasy maksady keselleri wagtynda anyklap we gaýragoýulmasyz kömegi bermekden ybarat. Onuň üçin döwrebap anyklaýyş usullary, ýagny gastroskopiýa, kolonoskopiýa, kompýuter we ýader magnit tomografiýasy ulanylýar.  Bölümde şok ýagdaýlarda gaýragoýulmasyz kömegini bermek üçin gerek bolan derman serişdeler we ýokary hilli gurallar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen otag hyzmat edýär.

Merkeziň allergologiýa we pulmonologiýa bölüminde allergiýa keseli güman edilen ähli çagalara immunoglobulin E derejesini IFB  arkaly «Fadiotop-250», obstruktiw alamatlary bolan çagalara spirometriýa ýola goýuldy.

Merkeziň Iç keseller bölüminde çagalarda süýji diabet keselini ir döwründe anyklamak we öňüni almak boýunça uly işler alnyp barylýar.

 Gematologiýa ylmy-kliniki bölüminde nesil yzarlaýan we gazanylan gemolitiki, koagulopatiki, trombositopatiki, gemoblastoz we beýleki gan kesellerinden ejir çekýän çagalar bejergi alýalar. Ýiti leýkoz keselli çagalarda ulanylýan «OLL -REZ BFM -200” shemasy keseliň remissiýa döwrüni uzaltmagyna getirýär.    

Merkezde çaga hirurgiýa ugry boýunça 5 sany  bölüm hyzmat edýär: bir ýaşa çenli hirurgiýa bölümi, I we II hirurgiýa bölümi, gaýragoýulmasyz hirurgiýa, çagalaryň trawmatologiýa, ortopediýa we neýrohirurgiýa bölümi we uroginekologiýa. Bölümlerde Girşprung keselini anyklamakda we bejermekde döwrebap usullar ulanylýar we peşew halta ekstrofiýasyny geçirmeklik üçin täze hirurgiki taktikasy ornaşdyryldy.


Pilorostenozda laparoskopiki pilorotomiýa; garyn  boşlugynyň kistektomiýasy,  nefrektomiýa, appendektomiýa, peşew haltanyň kontaktly  lazer litotripsiýa giňden ulanylýar.

Merkezde çagalarda kardiohirurgiki operasiýalar edilip başlandy: açyk arterial akymy ýapmak, perikard boşlugyny  drenirlemek, alynýürekara we  garynjykara germewiň defektiniň plastikasy.

Merkeziň toksikologiýa we gemodializ bölümi 18 orunlyk.

  

Bölüm nemes kompaniýasynyň “Fresenius Medical Care”, “Multifiltrat” 5008S emeli böwrek enjamy, “Drager” emeli dem alyş enjamy, monitorlar, infyzomatlar bilen enjamlaşdyrylan. Bölümde ýiti zäherlenmeleriň bejergisi, ýiti böwrek ýetmezçilikli çagalara we göwreli zenanlara gemodializ geçirilýär. Dowamly böwrek bozulmalaryndan ejir çekýän çagalara hronodializ geçirilýär.


Anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminde kombinirlenen, intubasion we larengial maskalarda uzak dowamly operasiýalar geçirilýär, narkozyň çuňlugynyň we dowamlygynyň görkezijisi  “BIS-datçik” enjamyndan  peýdalanylýar. Bäbeklerde nekrotiki enterokolitlerde kaudal anesteziýasy ýola goýuldy.

Merkezde enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ylmy-barlag işler işjeň alnyp barylýar, döwlet üçin çaş hünärmenleri – kliniki ordinatura, aspirantura, hünäri kämilleşdirmek okuw-sapaklary alnyp barylýar.

Ýokarda agzalan ähli işleriň  ýeketäk esasy maksady - enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin niýetlenen, milletiň gelejegi sagdyn eneden we çagadan başlanýar.




    







EÇSG YKM "Ene süýdi bilen iýmilendirmek tejribesinde ýetilen sepgitler"

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi

Salgysy:744013, Türkmenistan, ş.Aşgabat, Görogly köçesi, 80

Iş telefonlary: (+99312) 369349; (+99312) 368276

Faх: (+99312) 368257



Ene süýdi bilen iýmitlendirmeklik - bäbekler üçin zerur  bolan ýokumly maddalar bilen üpjün etmegiň iň oňat usulydyr. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) çaganyň alty aýy dolynça diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýär, soňra goşmaça naharlar çaga berip başlamaklyk bilen, ene süýdi bilen iýmitlendirmekligi çaga iki ýaşaýança ýa-da ondan uly ýaşlarda hem dowam etmekligi ündeýär.   Ondan başga-da BSGG-ň hünärmenleri çaga dünýä inen pursadyndan birinji ýarym sagadyň içinde ene süýdi bilen bäbegi iýmitlendirip başlamalydygyny belleýär. BSGG we UNIСEF bilelikde bäbeklik döwründäki çagalary iýmitlendirmek boýunça Global strategiýasyny işläp taýýarladylar. Bu maksatnama çagalaryň iýmitlenmegini, ösmegini we ulalmagyny, şeýle-de saglygynyň berkemegini üpjün etmeli. Bularyň hemmesi bäbeklik döwründäki we irki ýaşdaky çagalaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etmeli. Strategiýa hakyky maglumatlara esaslanan, ol çaganyň ýaşaýşynyň birinji aýlarynda we birinji ýylynda iýmitlenmegiň artykmaç ähmiýetini tassyklaýar. Onda özüniň wajyp rolyny berjaý etmegi üçin her bir enä gerekli bolan goldawyň berilmelidiginiň möhümligi nygtalýar.

Häzirki wagt ene süýdüniň çaga üçin iň oňat iýmit bolup durýandygy mälim. 1998-nji ýylda Türkmensiatanda ene süýdi bilen iýmitlendirmekligi gorap saklamak we goldamak barada Milli maksatnama kabul edildi. 2013-nji ýylda ene süýdi bilen iýmitlendirmekligi goldamak we irki ýaşdaky çagalary iýmitlendirmek hakynda Türkmenistanyň hökümeti iki resminamany makullady.  

Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi hakyndaky 2013-2017-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli maksatnama, “Çaga mähirli gatnaşykly hassahanalar” başlangyjyny, «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we wagyz etmek hem-de çaga iýmitiniň önümlerine bildirilýän talaplar hakynda» (2009ý.) Milli kanunyň amala aşyrylmagyny  goldamakdaky resminama bolup durýar we oňa  düzedişler girizilen,     ýagny  çaga iýmitleriniň mugt nusgalaryny eneleriň, onuň maşgala     agzalarynyň arasynda  ýaýratmaklyk  gadagan,  şeýlelik-de  çaga   iýmitlerini öndürijileriň maliýe taýdan höweslendirmegine päsgelçilik döredilýär.   2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak” hakyndaky  kanuna gol çekdi. Kanunda eneleriň we çagalaryň goralmagyny üpjün etmegiň döwlet kepillikleri ýazylan, onda ene süýdi bilen iýmitlendirmekligi wagyz etmek üçin jemgiýetde amatly şertleri döretmeklige  uly  üns berilýär.

    Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmekligi gorap saklamak we goldamak baradaky maksatnama laýyklykda, lukmançylyk uniwersitetiniň, lukmanlary kämilleşdiriş kafedralaryň, lukmançylyk mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna ene süýdi bilen iýmitlendirmekligiň esaslary girizildi. Çaganyň hemme taraplaýyn ösmeginde iýmitlenmegiň düýpli ornunyň barlygyny göz öňüne tutup we ene süýdi bilen iýmitlendirmekligiň dowamlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda bäbeklik döwründäki we irki ýaşdaky çagalary iýmitlendirmek” hakyndaky TSG we DSM-ň №220 Buýrugy kabul edildi  (20.07.2017ý.)   we BSGG-ň soňky görkezmelerine laýyklykda saglygy goraýyş işgärleri üçin gollanma taýýarlandy.  Täze buýruga laýyklykda çaga dogrulýan gullyklaryň iş tejribesine BSSG/UNIСEF-ň tassyklan üstünlikli ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň 10 düzgüninden başga ýene-de iki täze ädimler ornaşdyrylar: enä mähirli gatnaşyklar we  “Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak” hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünnamalaryny berjaý etmek, şeýle-de saglyk öýleriň “Çaga mähirli gatnaşykly Saglyk öýi” atly halkara sertifikatyny almaklyk göz öňüne tutulýar.   BSGG-ň üstünlikli ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň  düzgünlerini iş tejribesine girizip, ýurdumyzda 66 sany (93%) çaga dogrulýan edaralar “Çaga mähirli gatnaşykly hassahana” atly Halkara statusy aldylar.

Türkmenistanda ene süýdi bilen bäbegi ir emdirip başlamaklyk (dogumdan soňky birinji ýarym sagadyň içinde) 73% tutýar, birinji alty aýyň dowamynda çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmeklik (goşmaça iýmit ýa-da suwuklyk bermesiz) 59% tutýar, bu sebitde iň ýokary dereje bolup durýar. Türkmenistanda UNIСEF-ň wekili Şahin Nilofer belläp geçýär: – “Ene süýdi - täze doglan bäbek üçin iň oňat iýmit bolup durýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmekde ýurt liderlik görkezýändigine we ýokary görkezijilerde saklanýandygyna biz begenýäris”.


Körpäniň başlangyjynyň üstünlikli bolmagy üçin ony iň oňat iýmit bilen üpjün etmek, diňe enäniň borjy bolman, eýsem onuň maşgalasynyň, tutuş jemgiýetiň borjudyr, şu ýylyň ene süýdi hepdeliginiň logotipinde “üç birlik” ýöne ýere görkezilen däl, ol iki uly adamdan hem-de körpäniň bir özünden durýar. Ol ene süýdi bilen iýmitlendirmekligi goramakda, öňe sürmekde we goldamakda bilelikde iş alyp barmaklygyň wajyplygyny nygtaýar.

    2018-nji  ýylyň noýabr aýynyň 7-8 aralygynda Moskwa şäherinde geçiriljek BSGG-ň “Durmuşyň gowy başlangyjy-ene süýdi bilen iýmitlendirmek -ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we BSGG-nyň Ýewropa sebitinde durnukly ösüş Maksatnamasyny ornaşdyrmakda” atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň  ene süýdi bilen iýmitlendirmekdäki alyp barylýan işleri baradaky çykyşyny tejribe alyşmakda gowy ýetilen sepgitler hökmünde görkezildi.   






“Arçman” şypahanasy


Döredilen ýyly:  1915 ýyl  (2009-njy ýylda täze 420 orunlyk bina guruldy we öň

 hereket edýän durky täzelenen 500 orunlyk binalarynyň üsti ýetirilip, häzirki wagtda

 920 orunlyk dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana öwrüldi)

Salgysy:  745180.  Türkmenistan,  Ahal welaýat, Bäherden etrap, Arçman şäherçe.

Iş telefonlar:  (+99312) 92-14-10,  (+993131) 26-4-56.

Faks: (+99312) 92-14-10.

Elektron salgysy:    archman@online.tm



   “Arçman”  şypahanasy  Ahal  welaýatynyň  Bäherden  etrabynyň  çäginde, Aşgabat  şäherinden  günbatarda  130 km  uzaklykda  Köpetdagyň “ Degirmendag” diýen  ýeriniň  eteginde  deňiz  derejesinden  157 metr  belentlikde  ýerleşýär. 1915-nji ýylda şypahana ilkinji näsaglary kabul edip başlaýar. 2009-njy ýylda Hormarly Prezidentimiziň tagallasy bilen 420 orunlyk bina guruldy we öň hereket edýän durky täzelenen 500 orunlyk binalarynyň üsti ýetirilip, häzirki wagtda 920 orunlyk dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana öwrüldi. Arçmanyň kükürtli çeşmesi özünde kükürtli wodorody jemleýän köpsanly termal çeşmeleriniň biri bolup durýar. Arçmanyň şypaly suwy himiki  düzümi  boýunça kükürti, hlory, gidrokorbanatlary, natrini-kalsini-magnini saklaýan gowşak aşgarlanan suwlar  toparyna  degişlidir. Şypaly suwyň  düzüminde kükürt  wodorodyň mukdary  bir litirde  14-16  mg-a  barabardyr. Suwuň  temperaturasy  bütün  ýylyň  dowamynda  28,2-28,5  gradusa deňdir. Suwyň  gury  galyndysynyň  düzüminde  24- dürli  himiki element bar.



Bölümleri:



  1.  Anyklaýyş  bölümlerinde: ultrases barlagy, endoskopiýa barlagy, rentgen barlagy, elektrokardiografiýa barlagy, laborator (ganyň we peşewiň umumy barlagy, ganyň süýjüligi) barlaglary geçirilýär  hem-de ginekolog, stomatolog, newropatolog, kardiolog, gastroenterolog we içkeseller  lukmanlarynyň hyzmatlary bar.


  2. Bejeriş bölümlerinde: 47-enjam bilen enjamlaşdyrylan 15 sany fizioterapiýa bejergileri üçin otaglar, sagaldyş-bedenterbiýe otaglary, wulkan palçygyny ýüze ýapmak otagy, owkalaýyş otaglary, aeroionobejergi otaglary, stounoterapiýa otaglary, parafin-ozokerit ýapgy otaglary, oňurga çekim otaglary, týubaž otaglary   hereket edýär.


  3. Suw bilen bejeriş bölüminde: Köp sany mineral suwly wanna, derman ösümliklerinden wanna, içege ýuwulýan otaglar, aşgazan  ýuwulýan  otag, suw asty  owkalaýyş  otaglary, waginal we rektal tampon otaglary, suw pürkmek arkaly geçirilýän em otag we gidrokolonoterapiýa otaglary hyzmat edýär, şol sanda 1 sany suw içilýän bölümi hereket edýär.

   


Täsiri: Mineral suw içmek, suwa düşmek  we  içegeleri  ýuwmak  üçin  ulanylýar.Mineral suwy içilende we wanna  kabul  edilende  suwuň  düzümindäki  kükürtli  wodorod  we  beýleki  mikroelementler  bedende  bütünleý  özgeriş  döretmek  bilen , dokumalaryň  işjeňligini   ýokarlandyrýar,  gan  aýlanyşygyny  kadalaşdyrýar . Agzalaryň  dokumalaryndaky  gaýnaglama  hadysalarynyň  aýyrylmagyna   ýardam  edýär.  “Saglyk” ýolunyň howasynyň ýene bir aýratynlygy çeşmeden çykýan radon gazy bilen baýlaşýandygydyr.  Radon gazynyň degna ulgamlaryny rahatlandyryjy täsiri bardyr. Bulardan başgada  naharhanalarda berhiz saçaklar,  gök, süýt önümleri hödürlenýär.

 


 

Görkezmeler:



  1. Iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri: Ezofagit, gastritler, holesistit we holangit,  olaryň  diskeniziýalary , enterekolitler , daşky  we  içki babasil,  aşgazanyň  we  onikibarmak  içegäniň  başy remissiýa döwürleri,   semizligiň ýeňil  we  orta derejeleri,süýjüli diabet II-tip.


  2. Ýürek damar ulgamynyň keselleri: Ateroskleroz  keseli, I-II derejeli  gipertoniýa (ýüregiň  we  beýni  gan  aýlanyşygyň  bozulma  alamatlary  ýok  bolan  ýagdaýynda).


  3. Daýanç-hereket ulgamynyň keselleri: Dowamly poliartritler,  artrozo-artritler ( çişi bolmadyk  wagtynda), radikulitler,  osteohondrozlar,


  4. Nerw ulgamynyň keselleri: çakyza, newritler.


  5. Deri keselleri: Neýrodermit, iteşen,  gyzylendigan  demrew, psoreaz,  paropsoreaz.


  6. Aýal-jyns agzalarynyň keselleri:  endokrin  amenorieýalary, ýatgy  we  onuň  goşuntgylarynyň  dowamly  keselleri,  klimaks  zerarly  döreýän  näsazlyklar.

Garşy görkezmeler:



  1. Ýokarda agzalan keselleriň ýiti döwri.


  2.  Arterial gipertoniýa  III-IV derejesi, 


  3. Inçe   keseli.


  4. Insuline garaşly süýjüli  diabetde.


  5. Hirurgiki bejergini talap edýän öt-daş  keseli.


  6. Howply täze döremeler.


  7. Göwrelilik.


  8. Ýokanç keseller.


  9. Içki we daşky gan akmalar.

 









Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi

      Paýtagtymyzda ýerleşýän 10 gatly, 200 orunlyk, dünýä derejesinde ylmyň iň soňky gazanan döwrebap täze enjamlary bilen üpjün edilen, düzüminde “Tiz kömek” çagyryş gullugy hereket edýän, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi 2014-nji ýylyň 21-nji iýulynda Hormatly Prezidentimiziň Ak pata bermegi bilen ulanmaga berildi. Aşgabat şäherindäki Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi operаsiýa, ýanygy bejeriş, endoskopiki hirurgiýa, neýrotrawmatologiýa, torako-abdominal hirurgiýa, umumy hirurgiýa we 18 orunlyk anesteziologiýa we reanimasiýa bölümlerinden ybaratdyr.



      Merkeziň kabul ediş bölüminde ilkinji gezek ýola goýulan ýörüteleşdirilen “Gaýragoýulmasyz kömek” otagynda näsaglar kabul edilip, ilkinji gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi bilen üpjün edilýär we ykjam enjamlaryň üsti bilen gyzga wagtyň içinde kesel kesgidi takyk  anyklanylýar. Otag häzirkizaman döwrebap defibrillýator, emeli dem alyş enjamy, laringoskop, ykjam ultrases barlag, elektrokardiograf, göçme rentgen, glýukometr we beýleki anyklaýyş enjamlary, ýewropa standartlaryna gabat gelýän derman we daňy serişdeleri bilen üpjün edilen.



      Bu otagda näsag Merkeze getirilenden gyssagly operasiýalary geçirmäge hem şert döredilen. Ýöriteleşdirilen otagda ähli ugurlar boýunça kärine kämil lukmanlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar arkaly ejir çekenlere ýokary hilli ilkinji gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini berip, gerek bolan ýagdaýynda şol ýerde operasiýa edip, soňra näsaglary reanimasiýa ýa-da ugurlar boýunça Merkeziň degişli bölümine ýatymlaýyn bejergä ýerleşdirilýär.


    Merkeziň anyklaýyş-maslahat beriş bölümindäki saglygy goraýşyň soňky gazananlary bolan kompýuter tomografiýa, rentgen-flýurografiýa, ultrases, elektrokardiografiýa, fibrogastroduodenoskopiýa, spirografiýa, bronhoskopiýa we beýleki adam bedeninde bolup geçýän üýtgemeleri doly derejede ýüze çykarmakda deňi-taýy bolmadyk enjamlaryň üsti bilen kesel kesgidini anyklamaga ähli  mümkinçilikler bar. Bu enjamlaryň üsti bilen inçe hünärli lukmanlar kesel kesgidini tiz wagtda anyklaýarlar. Öz wagtynda anyklanan kesel kesgidi bejerginiň netijeli bolmagy üçin wajyp şertleriň biridir.


       Merkeziň barlaghanasynda umumy kliniki, biohimiki, serologiki, bakteriologiki we beýleki barlaglar geçirilýär. Bölümde gurnalan  analizatorlaryň, fotometrleriň we beýleki dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlaryň üsti bilen zerur bolan laborator barlaglaryň köp mukdarda we gysga wagtda geçirilmegi işiň has-da netijeli bolmagyna ýardam berýär. Merkeziň anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminde näsaglara doly derejede gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berilýär. Bu bölümiň bejeriş otaglarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän emeli dem alyş enjamlar, kardiomonitorlar, defibrillýatorlar, multifiltrat enjamy, infuziomatlar, lineomatlar we beýleki enjamlar bar. Bölümdäki köp funksiýaly ýörite ýataglarу näsaglara amatly bolar ýaly dürli görnüş boýunça üýtgedip ulanyp bolýar. Şeýle-de, bu bölümde näsaglara arassaçylyk işleri geçirmek üçin ýörite aýratyn şertler döredilen. Operasiýa bölüminde gaýragoýulmasyz ýagdaýda bir wagtda birnäçe operasiýalary geçirmek üçin niýetlenen enjamlaryň üsti bilen laporoskopiki hirurgiýa, neýrotrawmatologiýa, torako-abdominal hirurgiýa ugurlary boýunça, şeýle-de ýanyk şikesini alan näsaglara çylşyrymly operasiýalar geçirilýär. Dünýä tejribesini öwrenip, bejerginiň täze usullaryny işde ornaşdyrmak, Merkezde hereket edýän ugurlar boýunça Germaniýa döwletiniň tejribeli hünärmenleri bilen özara tejribe alyşyp, olar bilen biziňhirurg, neýrohirurg lukmanlaryň çylşyrymly operasiýalary bilelikde geçirmegini ýola goýmak merkeziň iş tejribesinde esasy orun tutýar. Merkezde hereket edýän endoskopiki hirurgiýa bölüminde az inwaziwli endoskopiki operasiýalar ýerine ýetirilýär. Merkeziň ähli hirurg lukmanlary operasiýanyň bu görnüşini ýokary hilli ýerine ýetirmegi başarýarlar. Operasiýanyň bu görnüşi geçirilen näsaglar operasiýa geçirilenden soňra 2-3 günüň dowamynda öýlerine çykarylýar. Bu bolsa, näsaglaryň öz wagtyna iş orunlaryna, maşgala ojaklaryna gowuşmagyna ýardam berýär.


                Merkezde pankreato-duodenal ulgamynyň patologiýalarynda we öt ýollarynyň kesellerinde gapdal optikaly duodenoskopyň kömegi bilen az inwaziwli operasiýalary geçirmeklik ornaşdyryldy. Şeýle-de, neýrohirurgiýa ugry boýunça, Mikroskop enjamynyň kömegi bilen, oňurgara diskleriň ingisini aýyrmak-Mikrodiskektomiýa, boýun oňurgara diskleriň ingilerini aýyrmagyň täze usuly, ýagny, öňden çemeleşme arkaly aýrylan diskiň ýerine implast (keýç) goýmak, oňurga sütüniniň durnuksyzlygynda täze usullar bilen stabilizirleýji operasiýalary geçirmek we boýun oňurgara diskleriň ingilerini aýyrmagyň operatiw bejergisi giňişleýin ornaşdyrmak ýola goýuldy. Ýanyk ýaralary üçin niýetlenen operasiýa otagynda uzak bitmeýän, bedeniň uly meýdanyny tutýan ýanyk ýaralarda autodermoplastika usuly bilen bejergi çäreleri geçirilýär. Bu bolsa, bedeniň uly medanyny tutýan ýanyk kesellerinde näsagy halas etmäge uly mümkinçilikler döredýär. Bölümdäki dünýä ülňülerine gabat gelýän ýanyklary bejerýän häzirkizaman döwrebap ýörite wanna otaglary, sargy wagtynda ulanylýan ionizirlenen duşlar, ýanyk ýaralarynda dezinfeksiýa geçirilýän aeroterapewtiki otaglar näsaglaryň gaýraüzülmesiz çalt gutulmagyna ýardam berýär.



       Merkeziň ýatymlaýyn bölümlerindäki otaglar 1 we 2 orunlyk bolup, näsaglar üçin ähli amatly şertler döredilen. Ýagny, otaglarda köp görnüşli funksional ýataglar, telewizorlar, azyk önümleri  üçin sowadyjy enjamlar, geýim-eşikler üçin aýratyn şkaflar we aýratyn arassaçylyk-gigiýena otaglary bar. Şeýle-de, ýatymlaýyn otaglaryň ählisinde kislorod bilen üpjün edýän ulgam, nobatçy şepagat uýasyny çagyrmak üçin nokatlar, merkezleşdirilen ýylylyk we howa sowadyjy ulgamlar hereket edýär.  Merkezde näsaglar üçin bejerginiň esasy tapgyrynyň biri bolan fizioterapiýa bölümi hem  hereket edýär. Onda owkalama, fiziobejeriş, iňňe bilen bejermek, bejeriş bedenterbiýe we beýleki usullar bilen bejergi işleri geçirilýär. Çagyryşlary kabul edip, olary degişli ugurlar boýunça lukmanlara geçirip, gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilmegini gazanmak Merkezde hereket edýän çagyryş gullugynyň esasy wezipesi bolup durýar. Merkeziň çagyryş gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek, ilata berilýän gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömeginiň hilini gowulandyrmak we “Tiz kömek” awtoulaglaryny rejeli ulanmak maksady bilen, Germaniýa döwletiniň hünärmenleriniň iş tejribesi öwrenilip, ýola goýulan JPS aragatnaşyk ulgamy Merkeziň işiniň dünýä derejesinde ýokary galandygyna şaýatlyk edýär.



       Çagyryş gullugynda GPS ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, adamyň jan saglygy üçin wagtyň gymmatly döwrüni tygşytly we dogry hem-de netijeli ulanmaga mümkinçilik döredi. Has takygy, Merkezde ýerleşdirilen Aşgabat şäheriniň elektron kartasynyň üsti bilen, çagyryşa giden “Tiz kömek” awtoulagynyň haýsy ugur boýunça barýandygyny ýa-da duran salgysyny anyklap, oňa Merkeze gelmezden indiki çagyryş geçirilýär. “Tiz kömek” awtoulagynyň kartada şekillendirilen şertli reňkleri boýunça olaryň çagyryşdadygyny, çagyryşy ýerine ýetirip, indiki çagyryşy kabul etmäge taýýardygyny ýa-da ulagjaýa çalşyga gelendigini kesgitläp bolýar. JPS ulgamynyň we rasiýalaryň kömegi bilen çagyryşa barylan salgydan ýa-da ýolda hassahana barylýarka gaýragoýulmasyz nobatçylyk edýän hassahanalar bilen aragatnaşykda bolup, olaryň agyr ýagdaýdaky näsaglary kabul etmäge taýýar bolup durmagy duýdurylýar. Çylşyrymly ýagdaýlar ýüze çykanda bolsa, çagyryşa giden lukman ýa-da feldşer rasiýalaryň üsti bilen näsagy alyp barmakda belli çözgüde gelmek üçin Merkezde nobatçylyk edýän uly lukman bilen maslahatlaşýarlar. Tejribeli lukmanlar tarapyndan Merkezde telefonyň üsti bilen raýatlara islendik wagt maslahat bemeklik ýola goýulan. Şeýle-de, Merkezde raýatlara ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin ýörite taýýarlykly reanimasiýa, kardiologiýa, newrologiýa, trawmatologiýa, pediatriýa çagyryş toparlary hyzmat edýär.


      Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren dünýä ülňülerine gabat gelýän lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan lukmançylyk dik uçary we Reanimobil “Tiz kömek” ulaglary ilata ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermekde bu günler halkyň hyzmatynda. Dik uçaryň kömegi bilen gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegine mätäç bolan näsaglar ýurdumyzyň islendik künjeginden getirilip, paýtagtymyzda ýerleşýän ýöriteleşdirilen hassahanalara ýerleşdirilýärler. Bu bolsa, Baş maksatnamamyz bolan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolan adamlayň ömür dowamlylygyny uzaltmaga, maýyplygyň öňüni almaga uly ýardam berýär.


Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Merkezde hereket edýän ugurlar boýunça kafedralarynyň ýerleşmegi, professor-mugallymlaryň tiz wagtda näsaglara ýokary hilli maslahatlary bermegine, gysga wagtda ähli ugurlar boýunça konsiliumlary geçirmäge, şeýle-de, degişli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň işini kämilleşdirmäge, şeýlelikde, kärine kämil lukmanlary taýýarlamaga uly ýardam berýär. Işlemäge ajaýyp şertler döredilen Merkezde zähmet çekýän öz käriniň ussatlary, ýeňil elli lukmanlaryň Arkadag Prezidentimize alkyşlarynyň çägi ýok! Il-günüň saglygy, bagtyýarlygy üçin gijesini-gündiz edip işleýän Mähriban Prezidentimiziň jany sag, işi rowaç bolsun!


Biziň elektron salgymyz: healthtm@online.tm






KARDIOLOGIÝA YLMY-KLINIKI MERKEZLI HASSAHANA


Döredilen ýyly: 1998 ýyl (2002 ýylda häzirki ady dakyldy)

Salgysy: 744006, Тürkmenistan, ş.Aşgabat, A.Nyýazow şaýoly, 192

Iş telefonlary: (+99312) 36-90-81; (+99312) 36-92-05

Fax: (+99312) 36-92-89

Elektron salgysy: kardiomerkez@online.tm

Gurluşy:

Kardiologiỳa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň düzümi şu aşakdaky kliniki we ylmy-kliniki bölümlerden durýar:



  • Gaýragoýulmasyz we şoga garşy kömek otagly merkezleşdirilen kabul ediş bölümi;


  • Kardiohirurgiýa ylmy-kliniki bölümi;


  • Hirurgiki aritmologiýa bölümi;


  • Anesteziologiýa we reanimasiýa bölümi;


  • Angiohirurgiýa bölümi;


  • Operasiýa bölümi (3 operasion zaly);


  • Toksikologiýa we gemodializ bölümi;


  • Maslahat beriş we anyklaýyş bölümi;


  • Gan banky;


  • Funksional anyklaýyş ylmy-kliniki bölümi;


  • Rentgen-endowaskulýar hirurgiýa bölümi;


  • Kardiologiýa ylmy-kliniki bölümi;


  • Miokardyň infarkty ylmy-kliniki bölümi;


  • Çaga rewmatologiýasy bölümi;


  • Rewmatologiýa bölümi;


  • Iç keselleri bölümi;


  • Endokrinologiýa bölümi;


  • Şöhle bilen anyklaýyş bölümi;


  • Kliniki-anyklaýyş barlaghana;


  • Fizioterapiýa we saglygy dikeldiş ylmy-kliniki bölümi;


  • Endoskopiýa bölümi;


  • Ylmy-guramaçylyk we usulyýet bölümi.

Ylmy işleriň esasy ugurlary we alynan netijeler:



  1. Türkmenistanyň gurak we yssy şertlerinde ýürek-damar keselleriniň, aýratynam arterial gan basyşynyň ýokarlanmagynyň, ýüregiň işemiýa keseliniň we kardiomiopatiýalaryň sepgit aýratynlyklary öwrenildi we öňüni alyş, bejeriş usullary işlenip düzüldi.


  2. Ýüregin işemiýa keseliniň dürli kliniki geçişlerinde gabat gelýän ýürek ritminiň bozulmalarynyň çylşyrymly görnüşlerini bejermegiň toplumlaýyň çäreleri işlenip düzüldi.


  3. Ýürek ritminiň dürli bozulmalarynyň hirugiki bejeriş usullary işlenip düzüldi we ornaşdyryldy.