Размер шрифта:
A
A
A
A
Цветовая схема:
A
A
A
Картинки:
Обычная версия сайта

Государственное добровольное медицинское страхование

Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak üçin edilýän aladalaryň biri hem 1996-njy ýylda ýurdumyzda raýatlaryň döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynyň girizilmegidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilaty döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynyň ýeňilliklerinden peýdalanýar.


Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky 

şertnamany baglaşmagyň tertibi


Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň maksady - raýatlaryň syrkawlan, zähmete ukyplylygyny ýitiren we gaýry halatlarynda saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş hyzmaty hem-de derman serişdeleri bilen ýeňillikli üpjün etmek bolup durýar.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň amala aşyrylmagy raýatlaryň saglygyny durmuş taýdan goramaklygyň esaslaryny berkitmeklige hem-de ilata saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň we derman serişdeleriniň elýeterliligini artdyrmaklyga gönükdirilendir.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň taraplary bolup, Türkmenistanyň raýaty (mundan beýläk - raýat), eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalary, edaralary we guramalary (mundan beýläk - kärhana), pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary ýa-da raýatyň okaýan edarasy hem-de Saglyk öýleri çykyş edýärler.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy raýatyň kärhananyň ýa-da pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynyň ýolbaşçysynyň adyna (ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki  şahslar, döredijilik işgärleri, yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar - ýerli Saglyk öýüniň ýolbaşçysynyň adyna) berlen arzasynyň esasynda ätiýaçlandyrmaga gatnaşýanlaryň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda amala aşyrylýar we üç nusgada resmileşdirilýär, olaryň biri ätiýaçlandyrylan raýata, ikinjisi kärhana ýa-da pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna, üçünjisi ýazga duran ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri boýunça Saglyk öýüne berilýär.

Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar, döredijilik işgärleri, daýhan hojalygyny alyp barýan, yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar üçin Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnama iki nusgada baglaşylýar, olaryň biri raýata, beýlekisi ýerli Saglyk öýüne berilýär.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnamany aşakdaky tertipde, ýagny:  

– işleýän raýatlar esasy iş ýeri boýunça, işleýän pensionerler işleýän ýeri ýa-da pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynda;

– başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýän talyplar, şeýle hem diňleýjiler, işgärleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalaryny, şeýle hem hünär taýýarlygy maksatnamalaryny özleşdirýän raýatlar, okaýan edaralarynda;

– pensiýa bellenilen işlemeýän pensiýa alýan, şeýle hem döwlet kömek puluny alýan raýatlar (muňa çaga seretmek boýunça rugsatda bolýanlar degişli däldir) - pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynda;

– ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar, döredijilik işgärleri, daýhan hojalygyny alyp barýan, yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar - ýazga duran ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri boýunça ýerli Saglyk öýlerinde baglaşýarlar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy işleýän, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan raýatlar, talyplar, diňleýjiler we işgärleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalaryny, şeýle hem hünär taýýarlygy maksatnamalaryny özleşdirýän raýatlar üçin ätiýaçlandyrylan gününden, yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar üçin şertnama baglaşylan we ilkinji döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça tölegini (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş gatanjy) tölän gününden güýje girýär.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnama kärhananyň, pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ýa-da raýatyň okaýan edarasynyň ýolbaşçysynyň bellän jogapkär işgäri tarapyndan resmileşdirilýär. Raýatyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasynyň esasynda jogapkär işgär tarapyndan  Türkmenistanyň raýatynyň  saglyk ätiýaçlandyryş pasportyna ätiýaçlandyrylan raýatyň eklenjinde bolan 18 ýaşyna ýetmedik çagalary (mundan beýläk - eklenjindäkiler) barada maglumat girizilýär.

Türkmenistanyň raýatynyň  saglyk ätiýaçlandyryş pasportlary Saglyk öýleri tarapyndan kärhanalara, pensiýa gaznasynyň ýerli edaralaryna, raýatyň okaýan edaralaryna hem-de raýatlara berilýär.

Türkmenistanyň raýatynyň  saglyk ätiýaçlandyryş pasportlary berk hasabatlylykdaky resminamalar bolup durýar.

Kärhananyň, pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ýa-da raýatyň okaýan edarasynyň hasaphanasy tarapyndan aýlyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň tölenendigi barada Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasportyna degişli bellik girizilýär. Bellik baş buhgalteriň  ýa-da jogapkär işgäriň goly we kärhananyň möhürçesi bilen güwä geçilýär.

Ätiýaçlandyrylan raýat, ol işden çykanda, başga işe geçende (wagtlaýyn işlemeýän ýagdaýynda), ýazga duran ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri üýtgände ilki bilen Saglyk öýüne, ondan soňra kärhananyň ýa-da pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ýolbaşçysynyň adyna baglaşan döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnamasyny ýatyrmak barada arza bilen ýüz tutýar.

Ätiýaçlandyrylan raýat şu halatlarda kärhananyň jogapkär işgärine Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasportyny gaýtarmaly däldir, ýagny:

– işden çykanda, (başga işe geçirilen ýagdaýynda), raýata bagly bolmazdan Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, üç aýa we on iki aýa çenli zähmet haky tölenilmeýän rugsatda bolan döwründe, şeýle hem göwrelilik we çaga dograndygy boýunça rugsadyna, çaga seretmek boýunça rugsadyna çykan ýagdaýynda.

Şunda, kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasportynyň «Işe kabul edilendigi we işden çykarylandygy barada maglumat» sahypasyna degişli bellik edilýär, oňa gol çekilýär we kärhananyň möhüri goýulýar.

– Raýat başga işe geçen ýagdaýynda, ol kärhananyň ýolbaşçysy bilen döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakynda täze şertnamasyny baglaşýar we Saglyk öýüne şertnamanyň bir nusgasyny tabşyrmak bilen ol gaýtadan hasaba alynýar.

Şunda, kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan  Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş  pasportynyň «Işe kabul edilendigi we işden çykarylandygy barada maglumat» sahypasyna degişli bellik edilýär, oňa gol çekilýär we kärhananyň tugraly möhüri goýulýar.

– Raýata bagly bolmazdan, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, üç aýa we on iki aýa çenli zähmet haky tölenilmeýän rugsatda bolan döwründe ýa-da raýat işden çykandan soň wagtlaýyn işlemeýän bolsa, Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasporty yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar üçin bellenilen tertipde peýdalanylýar.

– Raýatyň ýazga duran ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň (şäher, etrap, welaýat) üýtgän ýagdaýynda, ätiýaçlandyrylan raýat tarapyndan ilki ýaşaýan ýerindäki ýerli Saglyk öýi bilen baglaşylan şertnamasy ýatyrylýar we raýatyň täze gelen ýerindäki ýerli Saglyk öýünde Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasportyny hasaba aldyrmak bilen, täze döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnamany baglaşýar.

Şunda, raýatyň täze gelen ýerindäki ýerli Saglyk öýi tarapyndan ätiýaçlandyrylýan raýatyň Türkmenistanyň raýatynyň ätiýaçlandyryş pasportynyň degişli sahypasyna bellik edilýär, Saglyk öýüniň ýolbaşçysynyň goly çekilýär we şol Saglyk öýüň tugraly möhri goýulýar.

Ätiýaçlandyrylan raýat döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnamany gutarnykly ýatyrmaga isleg bildiren ýagdaýynda, ol tarapyndan kärhananyň (pensiýa, döwlet kömek puluny alýan raýatlar pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynyň) ýa-da okaýan edarasynyň ýolbaşçysynyň adyna arza berilýär we kärhananyň, pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ýa-da okaýan edarasynyň jogapkär işgärine (yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar - ýerli Saglyk öýüniň jogapkär işgärine) Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasporty gaýtarylyp berilýär, jogapkär işgär tarapyndan raýatyň ätiýaçlandyryş pasportyny hasapdan çykarmak barada güwänama düzülýär.

Ätiýaçlandyrylan raýatyň öz islegi boýunça döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnamany islendik pursatda ýatyrmaga hukugy bardyr.

Ätiýaçlandyrylan raýatyň Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasportynyň ýiten ýagdaýynda, bu barada degişli Saglyk öýüne raýat tarapyndan habar berilýär.


Ätiýaçlandyrylan raýatlaryň hukuklary we borçlary


Ätiýaçlandyrylan raýatyň:

– döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy boýunça Saglyk öýünden maglumatlary almaga;

– islendik pursatda döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnamany ýatyrmaga;

– Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen tassyklanylan Sanawa girizilen derman serişdelerini, olaryň bahasynyň 50 göterimi möçberinde arzanladylan görnüşinde döwlet dermanhana edaralaryndan satyn almaga;

– döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky bejeriş-öňüni alyş edaralarynda (şypahanalarda bolsa, ýylyň dowamynda 1 gezek) tölegli saglygy goraýyş kömeginiň we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini, olaryň bahasynyň 50 göterimi möçberinde arzanladylan görnüşinde almaga;

– döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy boýunça hukuklaryny goramak üçin  Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýete ýüz tutmaga hukugy bardyr.


Ätiýaçlandyrylan raýat:

– gerek bolan maglumatlary bermäge;

– saglygy goraýyş kömegini almak üçin döwlet ulgamyna degişli islendik saglygy goraýyş edarasyna ýüz tutan ýa-da döwlet dermanhana ulgamyndan derman serişdelerini satyn alan ýagdaýynda şu Tertibe laýyklykda resmileşdirilen we ätiýaçlandyryş gatançlarynyň tölenilendigi barada bellikleri bolan Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasportyny görkezmäge;

– meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnamasynyň hereket edýän döwründe we oňa laýyklykda, zähmet haklarynyň, talyp haklarynyň, diňleýji haklarynyň hem-de  işgärleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalaryny, şeýle hem hünär taýýarlygy maksatnamalaryny özleşdirýän raýatlaryň alýan haklarynyň, pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň hem-de girdejileriniň,yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar üçin bolsa -  döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça tölegiň möçberini kesgitlemegiň binýatlyk mukdarynyň 3 (üç) göterimi derejesinde bellenen ätiýaçlandyryş gatanjyny geçirmäge;

– işden çykan, başga iş ýerine geçen (ýa-da wagtlaýyn işlemeýän), ýazga duran ýa-da köplenç ýaşaýan ýerini üýtgeden ýagdaýynda, bu barada şertnamanyň tarapy bolup çykyş edýän Saglyk öýüne habar bermäge;

– Türkmenistanyň raýatynyň  saglyk ätiýaçlandyryş pasportyny ýitiren ýagdaýynda, bu barada şertnamanyň tarapy bolup çykyş edýän Saglyk öýüne habar bermäge;

– döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnama boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine täsir edýän üýtgeşmeler barada, bu üýtgeşmeler ýüze çykan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda Saglyk öýüne habar bermäge borçludyr.


Saglygy goraýyş edaralaryň hukuklary we borçlary


Saglygy goraýyş edaralary ätiýaçlandyrylan raýatlary we olaryň eklenjindäkileri ýeňillikli tölegli saglygy goraýyş kömekleri we saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmelidirler, döwlet dermanhanalary bolsa - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen tassyklanylan Sanawa laýyklykda, lukmanyň dermannamasy boýunça degişli derman serişdelerini ýeňillikli ýagdaýda goýbermelidirler.

Her aýda tölenilen ätiýaçlandyryş gatançlarynyň hasaba alynmagy, şeýle hem Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasportynyň «Işe kabul edilendigi we işden çykandygy barada maglumat» sahypasyna goýlan bellik bilen hödürlenilen saglyk ätiýaçlandyryş pasporty, ätiýaçlandyrylan raýata we onuň eklenjindäkilere ýeňillikli tölegli saglygy goraýyş kömeklerini we saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek hem-de derman serişdelerini ýeňillikli goýbermek üçin esas bolup durýar.

Raýata bagly bolmadyk ýagdaýlara görä, degişli ätiýaçlandyryş gatançlaryň tölenilmedik halatlaryndan başga halatlarda, soňky 3 aýyň dowamynda ätiýaçlandyryş gatançlary tölenilmedik we Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasporty wagtynda resmileşdirilmedik bolsa, onda Saglyk öýi döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky şertnamany birtaraplaýyn ýatyrýar.

Raýat saglygy goraýyş edarasyna bejergä ýerleşip, saglygy goraýyş hyzmatlary berilenden soň şertnama baglaşan bolsa, raýata we onuň eklenjindäkilere ýeňillikli tölegli saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek hem-de derman serişdelerini ýeňillikli goýbermek degişli däldir.


Döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy boýunça taraplaryň borçlary


Kärhana şertnamanyň dogry resmileşdirilmegi, raýata Türkmenistanyň raýatynyň saglygy ätiýaçlandyryş pasportynyň berilmegi, oňa eklenjindäkileriň takyk girizilmegi, ätiýaçlandyryş pasportynyň «Işe kabul edilendigi we işden çykandygy barada maglumatlar» sahypasyna degişli belligiň edilmegine jogapkärdir.

Saglyk öýi yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar, döredijilik işgärleri, daýhan hojalygyny alyp barýan raýatlar bilen olaryň arzalary esasynda şertnamanyň resmileşdirilmegine, olara Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasportynyň berilmegine, oňa eklenjindäkileriň girizilmegine jogapkärdir.

Saglygy goraýyşyň bejeriş-öňüni alyş edaralary we döwlet dermanhanalary ätiýaçlandyrylan raýatlara, olaryň eklenjindäkilere saglygy goraýyş kömekleriniň we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hem-de ýeňillikli derman serişdelerini goýbermegiň hiliniň pesligi we öz wagtynda ýerine ýetirilmezligi üçin jogapkärçilik çekýär.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy boýunça taraplaryň arasynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň

2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda çykaran 428 belgili buýrugy

bilen tassyklandy

banner
banner
banner