Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Saýt barada

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi web-saýty (mundan beýläk – Saýt) hemmetaraplaýyn örän döwrebap bolup, eýesiniň (TSG we DSM) korporatiw dizaýnyna gabat gelýän we esasan hem, ýagty reňklerden düzülen, saýlanan reňkleriň we şriftleriň saýtda ýerleşdirilýän maglumatlaryň ýeňil okalmagyna mümkinçilik berýän, dizaýn (grafiki şekillendirmesiniň) elementlerinde milli nyşanlary, şekilleri ulanylan, saýta birigýän ykjam telefonlarda, planşetlerde we beýleki enjamlarda sahypanyň dogry görkezilmegini we brauzerleriň penjireleriniň ölçeglerini dinamiki taýdan uýgunlaşmagyny üpjün edýän «uýgunlaşdyrylan web-dizaýnly (adaptive-responsive design)» Internet torundaky döwlet maglumat çeşmesidir.


Saýt arkaly ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän resmi, jemgyýetçilik-syýasy wakalar, täzelikler, il-ýurt bähbitli özgertmeler, saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda alnyp barylýan giň gerimli işler, bildirişler gündelik diýen ýaly neşir edilýär.


Şeýle hem, saýtda ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň hödürleýän hyzmatlary we öndürýän önümleri baradaky maglumatlar, saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gyzykly we täsirli makalalary yzygiderli ýerleşdirilip durulýar we saýta ýerleşdirilýän islendik maglumat (bildirilýän talaplara laýyklykda) diňe hakykylygy tassyklanan ygtybarly çeşmelerden alynýar. Daşky çeşmelerden maglumatlar alnan ýagdaýynda bolsa, onuň çeşmesi hökmany suratda görkezilýär we awtorlyk hukugy bilen goralýan maglumatlar diňe awtoryň razylygy esasynda hem-de awtor baradaky maglumatlary görkezmek bilen ýerleşdirilýär. 


Saýt di­ňe maglumat beriş serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, saglygy goraýşyň ýerine ýetirýän hyzmatyndan onlaýn gi­ňişliginde peýdalanmaga mümkinçilik berýär.


Eger-de saýtyň ýazgylarynda (tekstlerinde) ýalňyşlyk tapsaňyz ýa-da saýta degişli belliklerdir teklipleriňiz bar bolsa, onda ony saýlaň we saýty dolandyryja habar bermek üçin Ctrl+Enter düwmelerine basyň. Saýt bilen baglanyşykly ýüze çykýan, gyzyklandyrýan soraglaryňyzy ýa-da tehniki goldaw üçin goldaw@saglykhm.gov.tm elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz. Täzeliklerden habarly bolmak üçin saýtdan daşlaşmaň!


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi Internet web-saýty «Sanly özgeriş» kärhanasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.


banner
banner
banner