Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Ynam» merkezi

«Çilim çekmegi taşlamak isleýän bolsaňyz, onda «Ynam» merkeziniň ýeke-täk 118 telefon belgisine jaň ediň!»


Ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, temmäkini ulanmak ýaly ýaramaz endikleriň garşysyna göreşi güýçlendirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çünki sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň özeni bolup durýar. 


Adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady. Munuň özi temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek arkaly, temmäkä garşy göreş ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine islegi azaltmaga hem-de ony ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada habarlylygy artdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem temmäkiniň ulanylmagyny bes etdirmäge we nikotine baglylygy bejermäge gönükdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak hem-de milli we halkara derejede temmäkä garşy göreşmegiň tarapdarlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryna girizildi.


Ýurdumyzda temmäkiniň öňüni almak, oňa baglylykdan ejir çekýänlere kömek etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Adamlarda öz-özü­ňe erk edip bilmek, maşgala agzalarynyň goldawyny gazanmak, bedeni berkitmek, sport bilen meşgullanmak boýunça işleri ýola goýmak we kämilleşdirmek, bejerişiň we öňüni alşyň ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion görnüşlerini oýlap tapmak, «Ynam» gulluklaryny döretmek arkaly ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2020-nji ýylyň 1-nji aprelindäki 87 belgili buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň Aşgabat şäheriniň we welaýatlarynyň raýatlaryny lukmançylyk we psihologiki hyzmatlary bilen üpjün etmek maksady bilen, ýatda galyjy ýeke-täk 118 telefon belgili «Ynam otagy» döredildi. Bu «Ynam» merkezleri ýurt boýunça birnäçe sany bolup, olar Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gije-gündiziň dowamynda hereket edýär. Bu merkezleriň jemgyýetde raýatlara sagdyn durmuş ýörelgesini salgy bermekde we zerur halatynda degişli lukmançylyk işlerini alyp barmakda möhüm ähmiýeti bardyr.


«Ynam» merkezlerinde çilimi taşlajak bolýanlara saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan peýdaly maslahatlar berlip, zyýanly endige baglananlara maşgala agzalarynyň edip biläýjek kömek-goldawy düşündirilýär. Merkezleriň jogapkär hünärmenleri tarapyndan merkeze ýüz tutýan raýatlaryň telefon jaňlaryna öz wagtynda jogap berlip, örän mylakatly we salyhatly gürleşilýär hem-de ýüz tutýan raýatlar hakyndaky şahsy maglumatlar (meselem, raýatyň ady, familiýasy, onuň ýaşaýan ýa-da işleýän ýeriniň salgysy, telefon belgisi we ş.m.) hiç hili hasaba alynmaýar.

 

Çilimi taşlamakda esasy daýanç özü­ňe ynanmak, özü­ňe erk etmekdir. Bu babatda raýatlar «Ynam» merkeziniň hyzmatyndan 118 belgä jaň edip, peýdalanyp bilerler!


Sagdyn bedende – sagdyn ruh! Biziň saglygymyz öz elimizde, geliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşalyň!


» Çilim çekmek endiginiň zyýany barada