Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi
Ýurdumyzda ilat arasynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, iýmit howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde alnyp barylýan giň gerimli işler «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini subut edýär.
2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylyp ulanmaga berlen Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi häzirki zamanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan netijelerinden başarnykly peýdalanyp, ýurdumyzyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin ylmy-barlag, amaly-usulyýet, maglumat seljeriş we barlaghana ulgamy boýunça merkezi edara hökmünde halkymyza hyzmat edýär.
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi döwrebap iň ösen barlaghana enjamlary hem-de tehnologiýalary ornaşdyrylan, şeýle hem dürli usuly gurallar we abzallar bilen barlaghana barlaglaryny geçirmek meseleleri boýunça kömek berýär we daşky gurşawyň, zähmet şertleriniň, iýmit önümleriniň adamyň saglygy üçin howpsuzlygyny we hilini arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, ylmy taýdan kadalaşdyrmak işini kämilleşdirmek boýunça işleri amala aşyrýar.
Merkeziň işi ilatyň saglygyna durmuş we biologik şertleriň täsiri babatda ylmy barlaglaryň alnyp barylmagyna, ekologiýa taýdan arassa iýmit tehnologiýalarynyň we sagdyn iýmitlenmegiň kadalarynyň taýýarlanmagyna gönükdirilendir. Bioindikasiýa usullary arkaly daşky gurşawy barlamak, iýmit önümlerine, şol sanda daşary ýurtlardan ýurdumyza getirilýän azyk önümlerine gözegçiligi kämilleşdirmek, arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş ulgamynyň kadalaryna we tertiplerine laýyk gelýän ylmy esaslary işläp taýýarlamak Merkeziň işiniň esasy ugurlarynyň biridir.
Merkez sanitariýa-epidemiologiýa kadalaryny we gigiýena normatiwlerini, daş-töweregi sagdynlaşdyrmaga gönükdirilen, ylmy taýdan esaslandyrylan arassaçylyk-gigiýena talaplaryny, ýurdumyzda duş gelýän ýokanç we parazitar, ýokanç däl keselleriň öňüni alyş çärelerini işläp taýýarlamakdan, iýmiti we iýmitlenmegi hem-de daşky gurşawyň adam saglygyna edýän täsirini, şeýle-de, ýurdumyzda duş gelýän ýokanç keselleriň aýratynlyklaryny öwrenmekden ybarat bolan gigiýena we epidemiologiýa ugry boýunça ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmek wezipelerini hem ýerine ýetirýär.
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde arassaçylyk we gigiýena, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we iýmit ugurlary boýunça täze innowasion tehnologiýalar we tejribeler durmuşa girizilen we degişli barlaghanalarynyň işini sazlaşdyrmak hem-de olary yzygiderli attestatlaşdyrmak, metrologiýa taýdan üpjün etmek we fiziki-himiki, toksikologiki, radiologiki, bakteriologiki, wirusologiki, parazitologiki we beýleki barlaghana işlerine gözegçilik barlaglary geçirmek çäreleri amala aşyrylýar.
Merkeziň binasynyň düzüminde hereket edýän okuw merkezinde häzirki zaman döwrebap usullar we innowasion tilsimatlar boýunça okuw maslahatlarynyň seminarlaryň geçirilmegi netijesinde Aşgabat şäheriniň, Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň bilim derejelerini we tejribelerini artdyrmak, hünär kämilligini geçirmek işleri alnyp barylýar.
Merkezde iýmit önümleriniň barlagy, iýmit önümlerini, olaryň gaplanylmagy üçin materiallary döwlet tarapyndan bellige alyş, bazarlardaky barlaghanalara gözegçiligi bölümleri, şeýle hem ýöriteleşdirilen iýmit barlaghanalary, daşky gurşawyň faktorlarynyň fiziki-himiki usullary arkaly barlaglary, radiasion gigiýena, toksikologiýa, bakteriologiýa, wirusologiýa, parazitologiýa we biologiki howpsuzlygyň barlaghanalary bar. Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň göçme görnüşli barlaghanaly awtoulagy bolsa, ýagny «Mercedes-Benz» kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen barlaghana enjamlar toplumly «Atego» kysymly awtoulagy göçme görnüşli barlaghanaly awtoulagy, iýmit önümleriniň, agyz suwunyň, topragyň, howanyň fiziki-himiki, bakteriologiki, toksikologiki we radiologiki barlaglaryny gysga wagtda ýerinde barlaglary geçirmeklik üçin niýetlenilendir. Bu ulagda ýerleşdirilen gazly we suwuklykly hromatografiýa, spektro-fotometriýa, spektrometriýa, mikroskopiýa, radiohimiýa, titnmetriýa, anemometriýa, barometriýa, wibrometriýa, termometriýa, psihrometriýa, immunohimiýa usullary bilen göçme görnüşli enjamlaryň kömegi arkaly barlaglary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem bu ýerde maglumatlary seljeriş we ylmy bölümleri göz öňünde tutulyp, olar ähli welaýatlardaky barlaghanalary goşmak bilen, umumy barlaghana ulgamynyň, jemgyýetçilik saglygyna mümkin bolan töwekgelçilik bilen baglanyşykly meseleleri öňünden çaklamak we yzygiderli seljermek wezipeleriniň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär.
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň düzümindäki dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap derejede dermanlary we beýleki immunobiologiýa serişdelerini saklamaga niýetlenen milli ammar Türkmenistanda keselleriň öňüni almak boýunça Milli maksatnamanyň mundan beýläk-de üstünlikli kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistan dünýäde tutuş ilata ýokanç kesellere garşy sanjym işlerini mugt alyp barýan ilkinji we ýeke-täk ýurtdur.
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine 2019-njy ýylyň sentýabrynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan dümew boýunça Milli merkez derejesi berlendir hem-de bu ýerde geçirilýän barlaghana barlaglarynyň hiline yzygiderli gözegçiligiň netijesinde, bu derejäniň saklanmagy dowam edýär. Häzirki wagtda merkeziň referens barlaghanaly wirusologiýa bölüminiň barlaghanasynda dümew wirusyny diňe polimeraz zynjyrly reaksiýa barlaglaryny giňden ulanmak bilen çäklenmän, öýjükleriň ösdürilip ýetişdirilmegi arkaly alnan nusgalyklarda wiruslaryň mukdaryny köpeltmek bilen anyklamaga mümkinçilik berýän öýjük kulturasy barlag usuly arkaly hem degişli barlaglar geçirilýär.
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň referens barlaghanaly wirusologiýa bölüminde alnyp barylýan bu wezipeleriň halkara derejede ykrar edilmegi we dümew wirusynyň sekwenirlenmegi boýunça barlaghana barlaglarynyň ornaşdyrylmagy geljekde ýurdumyzda ähli ýokanç keselleri döredijileri anyklamak boýunça işleriň halkara ülňülere laýyklykda amala aşyrylmagyna ýardam eder.
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň düzüminde birnäçe bölümler we bölümçeler hereket edýär:
• Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümi;
• Referens barlaghanaly parazitologiýa bölümi;
• Bakteriologiýa barlaghana bölümi;
• Biologiki howpsuzlygyň barlaghana bölümi;
• Toksikologiýa barlaghana bölümi;
• Radiasion gigiýena barlaghana bölümi;
• Daşky gurşawyň faktorlarynyň fiziki-himiki usullary arkaly barlaglary bölümi;
• Iýmit önümleriniň barlagy bölümi;
– Iýmit önümleriniň barlaghana-gural usullary arkaly barlagy bölümçesi;
– Iýmit önümleriniň molekulýar-genetiki we immunoferment usullary arkaly barlagy bölümçesi;
– Iýmit önümleriniň bakteriologiýa barlagy bölümçesi;
– Iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary döwlet tarapyndan bellige alyş bölümçesi;
– Bazarlardaky barlaghanalara gözegçilik bölümçesi;
• Maglumatlar we seljeriş bölümi;
– Hasabatlar we maglumatlar bölümçesi;
– Durmuş-sagdynlaşdyryş yzygiderli gözegçiligi bölümçesi;
• Arassaçylyk we gigiýena bölümi;
• Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölümi;
• Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek seljermesi bölümi;
• Ylmy bölümi;
– Arassaçylyk we gigiýena ylmy bölümçesi;
– Keselleriň ýayramagyna garşy göreşmek ylmy bölümçesi,
şeýle hem,
– ylmy kitaphana, sport zaly, okuw merkezi, sanjym we immunobiologiki serişdeler ammary.
Edaranyň ady: Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi
Salgysy: 744013, Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 84-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 36-90-67, +993 (12) 36-90-97
Faks belgisi: +993 (12) 36-90-03
E-poçta salgysy: jsim@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 6, 13, 15, 21, 23, 30, 40, 42, 44, 45, 46, 49, 50, 56, 59, 61, 63, 66, 74, 80, 90, 94, 110, 113
Ugur almak üçin bellik: Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta