2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarym ýyllygynyň ilkinji okuw sapagy
“Garaşsyz, Baky bitarap Türkmenistan – Bedew batly At – myradyň mekany” diýilip yglan edilen 2026-njy ýylda ösüp gelýän ýaş nesli Watanyna çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, babatda 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygy guramaçylykly başlandy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Gahryman Prezidentimiziň bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny özgertmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary “Garaşsyz, Baky bitarap Türkmenistan – Bedew batly At – myradyň mekany” ady bilen, ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagyny geçdiler.
Bu syýasy ähmiýetli sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimizde milli bilim ulgamyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak babatda edilýän ähli tagallalary barada aýratyn bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan kemal tapan ylmy-ensiklopedik eserleri, filosofik kitaplary, syýasy ýörelgeleri içgin beýan edildi, pedagogik we terbiýçilik ugrunda milli mirasymyzyň tükeniksiz hazynasy bolýandyklary barada uly buýsanç bilen beýan edildi.
Ýaşlary edep- ekramly, ruhy taýdan taplanan bolup ýetişmekleri, bilim almaklary, geljeki hünärine höwesli, Watanyna we Prezidentine, Gahryman Arkadagymyza wepaly bolmaklary, ýurdumyzyň bähbidi üçin tutanýerli zähmet çekip, abraýyny belentliklere ýetirmek ugrunda alnyp barylmaly işlerde mugallymlaryň örän möhüm ornunyň bardygy barada aýdyldy.
Gahryman Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlar aýdyldy, olara berk jan saglyk, uzak ömür, tükeniksiz bagtyýarlyk we işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.


