Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
2026-njy ýylda Türkmenistanda näçe dynç güni bolar?
24 Dekabr 2025

2026-njy ýylda Türkmenistanda näçe dynç güni bolar?

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi geljek ýylyň iş hepdesiniň tertibini kesgitledi. Tertip ministrligiň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Oňa görä:

  • Bäş günlük iş hepdesi — 40 sagat,

  • Alty günlük iş hepdesi (7 sagat/gün) — 40 sagat,

  • Alty günlük iş hepdesi (6 sagat/gün) — 36 sagat.

Dynç alyş baýramçylyk we hatyra günleri:

1-nji ýanwar – Täze ýyl;

8-nji mart — Halkara zenanlar güni;

21–22-nji mart — Milli bahar baýramy;

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni;

27-nji sentýabr — Garaşsyzlyk güni;

6-njy oktýabr — Hatyra güni;

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni;

20-nji mart — Oraza baýramy;

27 — 29-njy maý — Gurban baýramy.


Baýramçylyk günleriniň öňüsyrasyndaky günüň iş wagty 1 sagat gysgaldylýar. Gijeki çalşyklar hem 1 sagat gysgaldylýar, üznüksiz önümçilikde bolsa gündizki işe deňlenilýär.

Iş wagtynyň ortaça bir aýlyk dowamlylygy: 166,9 sagat (40 sagatlyk iş hepdesi) we 150,5 sagat (36 sagatlyk iş hepdesi).


banner
banner
banner