Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Arkadag şäherinde ýaşaýan Atageldiýewleriň agzybir maşgalasynda ogul bäbek dünýä indi
01 Ýanwar 2025

Arkadag şäherinde ýaşaýan Atageldiýewleriň agzybir maşgalasynda ogul bäbek dünýä indi

    2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynyň ilkinji pursatlarynda Arkadag şäherinde ýaşaýan Atageldiýewleriň agzybir maşgalasynda ogul bäbek dünýä indi. Bu perzent maşgalanyň ikinji ogullary. Lukmanlaryň habar berişleri ýaly çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly. Doglan çaganyň agramy 4 kg 100gram, boýy 54 sm.


    Çaga Parahat diýlip at dakyldy. Hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda Arkadag şäherinde bu ajaýyp iň öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalary bilen abzallaşdyrylan öz kärine ussat güler ýüzli lukmanlar bilen üpjün edilen Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde täze 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň ilkinji pursadynda ogul perzendiň dünýä inmegi döwletliligiň, asudalygyň, sagdynlygyň, dowamatyň, parahatçylygyň nyşanydyr. Körpejä bu adyň dakylmagyny ýüregine beslän çagajygyň ene-atasy geljekde perzentleriniň Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Gahryman Prezidentimiziň öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, watanymyza wepaly,jemgyýetimize peýdaly çaga bolup ýetişmegini arzuw edýändiklerini buýsanç bilen bellediler. Hormatly Gahryman Prezidentimiz eneleriň we çagalaryň durmuş taýdan goramak ulgamyndaky wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, maşgala näçe berk bolsa jemgyýet hem şonça mäkämdir diýip nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly häzirki döwürde köp çagalylyk jemgyýetiň durmuş abadançylygynyň, onuň ertirki güne bolan ynamynyň alamatydyr,şol sebäpden biziň döwletimizde elmydama eneleriň we çagalaryň saglygyny gorap saklamak uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Howandarlygynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň Akylly şäherinde Arkadag şäherinde ýaş ene-atalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda hemme mümkinçilikler döredilen.Yzygiderli täze ak mermere bürelen jaýlara ýaş maşgalalar göçüp öz durmuşlaryny dowam edýärler.Ynha bu maşgala hem Arkadag şäheriniň täze jaýlarynda ýaşamagy bilen olaryň durmuşunda ýene-de bir şatlykly waka bolup- ogul perzentleri dünýä indi.


    Bu ajaýyp pursatlarda çaga Hormatly Gahryman Prezidentimiziň we Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

banner
banner
banner