Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Şeýle hem Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň telekeçilerine ýarym fabrikat mitkal matasy, nah ýüplük, pagta süýümi, bugdaý uny, dokma önümleriniň galyndylary, portlandsement ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 145 million 420 müň manada deň bolan binýatlyk ýagyny («Türkmennebit» döwlet konserni), dokma önümleriniň galyndylaryny, pagta süýümini, polipropilen plýonkasyny, metallaşdyrylan polipropilen plýonkany satyn aldylar.


