BMG: Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň ilaty çalt azalýar
Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Gündogar Ýewropanyň käbir döwletlerinde çaga dogluşynyň kähalatda 30 göterim derejede azalandygyny habar berdi.
Bu barada guramanyň Ilat Gaznasyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar. Ilatyň sanynyň azalmagy Albaniýada, Bosniýa we Gersogowinada, Gruziýada, Moldawiýada, Çernogoriýada, Demirgazyk Makedoniýada, Serbiýada, Türkiýede we Ukrainada hasaba alynýar. Käbir ýurtlarda ilatyň sany 1990-njy ýyllardaky bilen deňeşdirilende, üçden bir derejede kemeldi. Ýagdaý göçegçiligiň depgini bilen baglylykda has-da ýitileşýär, bu bolsa, ilatyň düzüminde garrylaryň köpelmeginde we ykdysady önümçiligiň peselmeginde özüni bildirýär.
Munuň sebäpleriniň ýene biri-de, ertirki güne ynamyň pese gaçmagy bilen baglydyr. Bu ýaşlar üçin ýaşaýyş öýüniň we zähmet bazarynyň elýeterliligine degişlidir. Ol ýa-da beýleki ýurtlarda ykdysady kynçylyklar maşgalalaryň çaga edinmek maksadyna hem ýaramaz täsir edýär diýlip, habarda bellenýär.
Şunda käbir döwletler, mysal üçin, Italiýa babatda geljege dahylly çaklamalar göwnüçökgünlik döredýär, ýagny «Istat» agentligi Italiýadaky 2023-nji ýylda 59 millionlyk ilatyň 2080-nji ýyla çenli 46,1 million adama çenli azaljakdygyny çaklaýar.