Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady
09 Ýanwar 2026

Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl baýramy bilen gutlady.


Gutlag hatynyň tekstini TDH döwlet habarlar agentligi çap etdi.


Belläp geçsek, iki döwletiň baştutanlary geçen ýylyň 6-njy noýabrynda Waşingtonda geçirilen «Merkezi Aziýa + ABŞ» sammitiniň çäginde duşuşypdylar. Şol duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we ABŞ-nyň hökümetleriniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça meýilnamalar baradaky Beýannama we Medeni miras boýunça meýilnamalar baradaky Beýannama gol çekilipdi.
Türkmenistanyň Prezidentine Täze ýyl gutlaglaryny, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we dünýäniň beýleki köp sanly döwletleriniň baştutanlary ugratdylar.


«Roždestwo we Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun!» diýlip hatda bellenilýär.



Çeşme:
banner
banner
banner