Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
10 Ýanwar 2025

Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy

    Ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan, adamyň saglygyny goramaga gönükdirilýän işleriň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli tutumly işler amala aşyrylýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalary, ýokary tehnologiýalary bilen üpjün edilen, häzirki zaman saglyk merkezlerinde, halkymyzyň saglygyny dikeltmek we dynç almak üçin, ähli mümkinçilikler döredilen.


    Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr- sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden, şu güne çenli haýyr sahawat işleri giň gerimde alnyp barylýar. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde kardiohirurgiki operasiýasy, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ortopediki operasiýalary, Arkadag şäheriniň 150 orunlyk Köpugurly hassahanasynda oftalmologiki operasiýalary üstünlikli ýerli lukmanlarymyz tarapyndan amala aşyrylmagy dowam edýär.Operatiw bejergiden soň çagalaryň ýagdaýlary kanagatlanarly.

banner
banner
banner