Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli  OHOM-de bilim bäsleşigi  geçirildi.
23 Noýabr 2026

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli OHOM-de bilim bäsleşigi geçirildi.

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli  OHOM-de bilim bäsleşigi  geçirildi.

​

Türkmenistanyň hormatly  Gahryman Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: ”Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris” diýen parasatly sözlerinden  we “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet  syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli  döwlet maksatnamasyndan”  ugur alyp, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda tassyklanan Meýilnamasy esasynda, 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde bilim bäsleşigi geçirildi.

​

Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz  zähmetiniň  netijesi  bolan,  parahat durmuşyň anyk mysallarynda  göz ýetirmek bilen,  ata-babalarymyzyň taryhy ýoluny, milli däp-dessurlaryny we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, ýaşlarda öz köklerine bolan buýsanjyny berkitmek, ynsanperwerlik, agzybirlik, watançylyk duýgusyny we arassa ahlak ýörelgelerini gündelik durmuş kadalaryna  öwürmek - bilim  işgärleriniň  mukaddes borjydyr.

​

Talyplary bäsleşiklere, ylmy-amaly maslahatlara, meýletinçilik we döredijilik çärelerine gatnaşdyrmak, olarda  liderlik,  özara hormat we jogapkärçilik häsiýetlerini ösdürmek – ýaşlaryň döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini açmaga,  döwlet  syýasatyna içgin düşünmeklerine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna ýardam berýär.

​

Şu nukdaýnazardan, hormatly  Prezidentimiziň - Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  we Gahryman Arkadagymyzyň edebi  eserleri we ylmy işleri esasy çeşmeler we aýrylmaz gollanmalar bolup hyzmat edýär, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň taryhyna hem-de   ösüşine çuňňur düşünmäge, gelejege nazar aýlamaga mümkinçilik berýär.

​

Şunlukda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we  I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň  talyplarynyň arasynda “Garaşsyzlyk-bagtymyz, Bitaraplyk-binýadymyz”  atly bilim bäsleşiginiň geçirilmegi hormatly   Gahryman Prezidentimiziň we hormatly Gahryman Arkadagymyzyň taglymatlarynyň irginsiz durmuşa ornaşdyrylmagynyň we ýaşlar -barada döwlet  syýasatyna ygrarlylygynyň subutnamasy bolup durýar,   ýaşlaryň ukyp - başarnyklaryny baýlaşdyrýar,  mundan  beýläk-de  uly  maksatlara,  täze  üstünliklere    sary  gitmeklerine  hyjuw  döredýär.

​

      Bäsleşikde  talyplaryň “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti ” dersine degişlilikde  garaşsyzlyk we bitaraplyk  syýasaty  barada  giň gözýetimli bilimlerini şahsy esasda  hasaba  alnyp garaşsyz emin agzalary tarapyndan  I, II, III  orunlar  kesgitlenildi.

​

Ýer

OHOM-iň ady

Talybyň F.A.Aa

Alan baly

Wagt

(minut)

Eýelän orny

1.

I.Gandi  adyndaky  Aşgabat  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebi

Bäşimowa Akjemal Çaryýewna

82

29,48

I

2.

I.Gandi  adyndaky  Aşgabat  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebi

Gurbandurdyýewa Mahym Begenjowna

81

35,24

II

3.

Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi

Merdanowa Göwher Merdanowna

73

27,38

II

4

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

Çörliýewa Ogulgerek Amanmuhammedowna

72

27,0

III

5

Türkmen döwlet medeniyet we sungat mekdebi

Orazowa Aýgül Çarymyradowna

70

46,25

III

6

Aman Kekilow adyndaky

Mugallymçylyk mekdebi

Hajygulyýewa Azatgül Hojamyradowna

70

57,33

III

banner
banner
banner