GERMAN DESIGN AWARD WINNER 2025
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berilen 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş işleri we okuw-ylmy işleri giň gerimde ýola goýulan.
Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýola goýulan halypa –şägirtlik ýörelgesine esaslanyp ýaş lukmanlaryň mekdebi kemala gelip, ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan Saglygy goraýyş boýunça halkary hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän bejergiler lukmançylyk amalyna doly ornaşdyrylýar.Ýola goýulan bu innowasion enjamlaryň kömegi bilen geçirilýän az tygly operasiýalardan soň näsaglaryň sagaldyş döwri gysgalýar we näsagyň işe ukyplylygy tiz wagtda dikeldilýär. Netijede näsaglar merkezden çykarylyp, maşgala lukmanyň gözegçiligine ýollanýarlar we gysga wagtyň içinde sagdyn adamlaryň hataryna goşulýarlar.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Rat für Formgebung German Design Council” edarasy tarapyndan 400 orunlyk Halkara Sagaldyş-dikeldiş merkezine hem-de 250 orunlyk Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine bezeg we binagärlik aýratynlyklary, şeýle hem bu merkezleriň sebitde innowasion enjamlar bilen üpjün edilen we dünýä ülňülerine laýyk gelýän bejeriş-öňüni alyş edaralardygyny, näsaglara edilýän hyzmatyň ýokary hilli we howpsuzdygyny, iş şertleriniň halkara standartlaryna laýyk gelýändigini, ulanylýan lukmançylyk enjamlarynyň daşky gurşawa zyýansyzdygyny kepillendirýän “GERMAN DESIGN AWARD WINNER 2025” atly Güwänamalary berildi.