Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine tiz kömek ulaglary sowgat berildi
16 Iýun 2023

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine tiz kömek ulaglary sowgat berildi

16-njy iýunda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň çäginde hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine täze elektroulaglary sowgat berdi. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň adyndan tiz kömek ulaglary sowgat berildi.


Bu Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklaryň barha ösýändiginden, dost-doganlygyň berkeýändiginden habar berýär. Döwletimiz goňşy Özbegistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy alyp barýar, şol sanda saglyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň barha öňe ilerlemegi ugrunda yzygiderli bilelikdäki tagallalar edilýär.

banner
banner
banner