Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Haýwanlar üçin birbada iki keselden goraýan ilkinji umumy sanjym döredildi
26 Sentýabr 2025

Haýwanlar üçin birbada iki keselden goraýan ilkinji umumy sanjym döredildi

Belgorod döwlet milli gözleg uniwersitetiniň hünärmenleri Stawropol biofabrikasynyň we RYA-nyň Mikroorganizmleriň biohimiýa we fiziologiýa institutynyň alymlary bilen bilelikde özboluşly bakteriýany we onuň esasynda haýwanlary salmonellýozdan we kolibakteriozdan goraýan sanjymy döretdi.


Ozal haýwanlara bu kesellere garşy dürli derman serişdeleri bilen sanjym etmeli bolýardy. Täze Salmonella enteritidis R-6 ecp-schomo ştammy iki patogenden hem goragy birleşdirip, sanjymyň netijeliligini ýokarlandyrýar we önümçilik çykdajylaryny azaldýar.


TASS-yň belleýşi ýaly, adaty bakteriýanyň genomyna Escherichia coli 388 ştammly ecpABCD  bakteriýasynyň DNT bölegi goşuldy. Ol täze ştammyň öýjüklerine haýwanlarda salmonellýoza we kolibakterioza garşy durnukly immunitet döredýän beloklary işläp çykarmaga mümkinçilik berýär.


Sanjym tejribe-gözegçilik synaglaryndan geçdi we Russiýanyň Oba hojalygy ministrliginde hasaba alynmaga taýýarlanýar. Täze ştamm BKMB-3828D belgisi bilen Bütinrus mikroorganizmler ýygyndysynda saklanýar. Sanjym eýýäm patent almagyň ugrunda.


Çeşme:
banner
banner
banner