Hytaýda depressiýa garşy göreşmek üçin syçanlara adam beýnisiniň öýjükleri oturdyldy
Hytaýly alymlar sütün öýjüklerinden adam beýnisiniň öýjüklerini döredip, depressiýadan ejir çekýän syçanlara oturtdylar. Synaglaryň netijesinde öýjükleriň transplantasiýasy haýwanlarda aladany, göwnüçökgünlik duýgusyny azaltdy we lezzet almak ukybyny güýçlendirdi diýip, South China Morning Post neşiri ýazýar.
Barlag Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Fudan uniwersitetindäki hünärmenler topary tarapyndan UniXell Biotechnology kompaniýasy bilen bilelikde geçirildi. Alymlar höweslendirmek we lezzet almak üçin jogapkär bolan A10 dopaminergik nerw öýjükleriniň aýratyn görnüşine meňzeş öýjükleri döretdiler. Munuň üçin tohum öýjükleriniň ösüşiniň belli bir tapgyrynda ýörite himiki garyndy ulanyldy.
Alnan nerw öýjükleriniň molekulýar we elektrik häsiýetleri A10 öýjüklerine meňzeş boldy. Olar dowamly stresden döreýän depressiýaly syçanlara oturdylanda, olaryň hereketi antidepressantlaryň täsirine meňzeş derejede üýtgedi.
Alymlaryň bellemegine görä, bu iş A10 nerw öýjüklerine esaslanan terapiýanyň agyr depressiýany bejermekde kliniki taýdan ulanylmagynyň mümkinçiliklerini açyk görkezýär we öýjük bejergisiniň psihiki kesellerde ulanylyş gerimini giňeldýär.