Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Kremniý jülgesinde EKO-da düwünçekleri IQ boýunça saýlamaga gyzyklanma artýar
19 Awgust 2025

Kremniý jülgesinde EKO-da düwünçekleri IQ boýunça saýlamaga gyzyklanma artýar

Kremniý jülgesinde geljekki çaganyň aň derejesini çaklamagy wada berýän düwünçekleriň genetiki barlagyny ulanmak tejribesi giňden ýaýraýar. Şeýle hyzmatlaryň bahasy alty müňden elli müň dollara çenli bolup, barly maşgalalaryň arasynda isleg döredýär diýip, The Wall Street Journal ýazýar.


Genomic Prediction kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy Stiwen Hsu neşir bilen söhbetdeşlikde IQ görkezijilerini bilmek we ony düwünçekleri saýlamakda ulanmak isleýän örän baý adamlaryň ýa-da aňa üns berýän aňly-düşünjeli adamlaryň tutuş bir toparynyň emele gelendigini aýdýar.


Är-aýal Simona we Malkolm Kollinz EKO-nyň kömegi bilen dört çaga dogurdy we düwünçekleri genetik skriningden geçirdi. Häzir Simona bäşinji çagasyna garaşýar. Ol onkologiýa ähtimallygy pes bolan düwünçegi saýlandyklaryny, şeýle-de aň derejesiniň ýokary bolmak mümkinçiligine üns berendiklerini aýtdy.


Herasight startapy synaglaryň netijelerine esaslanyp, düwünçekleriň “sagdynlygy” boýunça bal tablisasyny döreden başga bir jübüt barada habar berdi. Olaryň gyzy iň ýokary bal alan we çaklanylýan IQ-nyň ululygy boýunça üçünji bolan düwünçek hökmünde saýlandy.


Bilermenler şeýle barlaglaryň diňe genetiki faktorlaryň bir bölegine baha berýändigini we daşky gurşawyň täsirini göz öňünde tutmaýandygyny belleýär. IQ boýunça saýlamak bary-ýogy üç-dört bal tapawut berýär. “Eger siz iň ýokary aň derejesi bolan düwünçegi saýlaýan bolsaňyz, siziň şol bir wagtyň özünde tötänleýin autizm töwekgelçiligi ýokary bolan düwünçegi-de saýlamagyňyz mümkin” – diýip, Garwarddan statistiki genetika boýunça hünärmen Saşa Gusew belleýär.


Şeýle tehnologiýanyň tarapdarlarynyň biri, Berkeley Genomics Project-iň egindeş esaslandyryjysy Swi Benson-Tilsen bu tehnologiýany ösen emeli aňyň adamzady ýok etmeginiň öňüni almak üçin has zehinli adamlar dünýä iner ýaly gerek diýip hasaplaýar.


Çeşme:
banner
banner
banner