Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Ömrümiziň rahatlygy ugrunda
31 Awgust 2023

Ömrümiziň rahatlygy ugrunda

Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýollaryň täze tapgyrlaryny gurmak, bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek bilen bagly uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan şeýle aýlawly köprüleriň, ikitaraplaýyn ýollaryň durkunyň düýpgöter üýtgedilmegi, pyýada ýolagçylar üçin oňaýly geçelgeleriň bolmagy, ilkinji nobatda, ilatymyz üçin edilýän aladalaryň netijesidir. Munuň özi ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändiginden habar berýär. Her ýylyň sentýabr aýynda bolsa «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda ýollardaky howpsuz hereketi, ýol hereketiniň kadalary boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ýurdumyzyň arassa ýollarynda ýol hereketine ilatymyz sürüji, ýolagçy, pyýada hökmünde gatnaşyp kadalary doly we dogry ýerine ýetirmek bilen abadan ýollarymyzyň asuda bolmagyna öz goşandyny goşýarlar.


Ýeri gelende, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça kadalaryň birnäçesini ýatlap geçeliň:


• pyýada ýolagçylar köçäniň çyzykly zolakly pyýada geçelgesinden, şol sanda ýerasty we ýerüsti geçelgelerinden geçmeli.


• Hereketiň düzgünleşdirilýän ýerinde pyýada ýolagçylar düzgünleşdirijiniň duýdurmalaryndan ýa-da pyýada ýolagçylar üçin niýetlenen ýolyşyklardan ugur almalydyrlar.


• Pyýada ýolagçylar köçeden geçýän döwri ol ýerde eglenmeli däldirler.


Pyýada ýolagçylar köçeden geçip ýetişmedik bolsalar, onda olar gapma-garşylyklaýyn gelýän ulaglaryň akymyny bölüji çyzykda durmalydyrlar. Köçeden geçmegi diňe ýolyşyklarynyň duýdurmalaryny göz öňünde tutup, hereketiň howpsuzlygyna göz ýetirenden soň dowam edip bilerler.


• Ýanyp sönýän gök çyraly we ýörite sesli duýdurmaly ulag serişdesi ýakynlaşanda, pyýada ýolagçylar köçäniň geçilýän ýerinden geçmän garaşmaly. Şol ýerde duran bolsa, onda gelýän ulag serişdesine ýol bermeli, köçäniň geçilýän ýerini boşatmaly.


Mähriban adamlar! Siziň howpsuzlygyňyz we saglygyňyz öz eliňizdedir.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň

Saglygy goraýşyň habarlar merkezi

banner
banner
banner