Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Owganystanyň telekeçileri Türkmenistanyň biržasyndan hlorly natriý satyn aldylar
15 Aprel 2025

Owganystanyň telekeçileri Türkmenistanyň biržasyndan hlorly natriý satyn aldylar

14-nji aprelde daşary bazarda Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni bilen hlorly natriý satyn almak barada geleşik baglaşdylar – diýip, TDHÇMB-nyň saýtynda habar berilýär.


Şol gün içerki bazarda türkmen telekeçileri ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen portlandsementi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.


Söwdalaşyklaryň netijelerine görä, jemi bahasy 22 550 000,00 manat we 40 000,00 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan iki geleşik baglaşyldy.


banner
banner
banner