22 Dekabr 2025
Peterburgda şu gün GDA-nyň ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy geçer
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlangyjy boýunça 22-nji dekabrda Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçer diýip, Kremliň metbugat gullugyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Habarda şeýle hem Putiniň duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn söhbetdeşlikleri geçirjekdigi aýdylýar.
Çeşme:TURKMENPORTAL


