Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
26 Maý 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Onuň dowamynda Türkmenistanda möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişine garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Ahmet Çalyk wagt tapyp kabul edendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine iberen salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Liderini, Prezident Serdar Berdimuhamedowy hem-de tutuş türkmen halkyny giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady.


Söhbetdeşligiň barşynda türkiýeli işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan gurluşyk işleri barada maglumat berip, möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallygyny bildirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda sebitde iri utgaşykly dolanyşykda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýakynda düýbi tutulan karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Şeýle hem olaryň hatarynda paýtagtyň möhüm şähergurluşyk taslamalary bolan birnäçe lukmançylyk desgalary bardyr.


Gahryman Arkadag kompaniýanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini ýerine ýetirýändigini aýdyp, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidiginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde tabşyrylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri energetika, saglygy goraýyş, atçylyk ulgamyna degişli desgalaryň häzirki zaman sanly ulgamyň mümkinçiliklerini özünde jemlemelidigini belledi.


Duşuşygyň dowamynda Ahmet Çalyk Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeni festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraga mynasyp bolmagy bilen Gahryman Arkadagy gutlady. Şeýle hem ol Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk ulgamyna degişli çärelere gatnaşmaga isleg bildirýändigini aýtdy.


Türkmen halkynyň Milli Lideri kompaniýanyň ýerine ýetirýän işlerinde mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we innowasion enjamlary giňden ulanjakdygyna berk ynam bildirdi. Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.


banner
banner
banner