Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-niň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
16 Aprel 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-niň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurda sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Bu barada TDH-de habar berildi.


Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini görkezýän möhüm waka bolup durýandygyny aýtdy.


Din Sýuesýan türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Hytaýda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Milli Lidere iberen mähirli salamyny ýetirdi. 


Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, halkara giňişlikde ýurtlar iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Taraplar dünýä gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini görkezýärler. Halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky berk syýasy ynamy tassyklaýar. Iň ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan dialog uly mümkinçilikleri açyp, syýasy-diplomatik ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk üçin berk binýady emele getirýär. Ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda amatly şertleri üpjün edýär.


Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygy bellenildi. Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hytaýyň «CNPC» korporasiýasy bilen bilelikde «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmäge girişiler. 


Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň «Bir guşak, bir ýol» hytaý başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar. 


Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


banner
banner
banner