Türkmen halkynyň Milli Lideri Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunda Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahimiň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim we medeniýet ýaly strategik ugurlary öz içine alýan türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýandygyny, bu ugurda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde Malaýziýanyň kompaniýalarynyň mynasyp goşandyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiniň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «Petronas» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we Baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, şeýle hem «Petronas» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris Abdul Wahab bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeliligine ýokary baha berildi.


