Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
20 Noýabr 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

​

Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menziline geldi. Howa menzilinde Milli Liderimiz ýurdumyzyň resmi adamlary bilen söhbetdeş boldy.

​

Mälim bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz bu wakanyň ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, plenar mejlisde möhüm çözgütleriň kabul ediljekdigi aýdyldy.

​

Halk Maslahatynyň Başlygy ertir Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ÝUNISEF bilen bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Arzuw ganatlary” atly dabaranyň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

​

Biraz wagtdan türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

​

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin görlen taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

​

Milli Liderimiz bu mejlisiň parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, ony ýokary derejede geçirmek babatda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

​

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerinde halkyň abadançylygyna gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Dürli ugurlarda uly üstünlikler gazanylyp, täze sepgitlere ýetilýär. Dünýä döwletleriniň, iri halkara guramalaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

​

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bardy we bu ýerde GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

​

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza şu günki duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

​

“Biz GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işine, umuman, parlamentarizm institutynyň ösdürilmegine berýän üýtgewsiz ünsüňize hakykatdan hem ýokary baha berýäris. Siziň bilen gowy habary paýlaşasym gelýär: ýaňy-ýakynda, 16-njy noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama makullanyldy. Kararnamanyň kabul edilmegi GDA-nyň ýokary halkara abraýyny we häzirki zaman dünýäsinde ornunyň ýokarlanýandygyny tassyklaýar” diýip, Walentina Matwiýenko aýtdy we bu möhüm resminamanyň onuň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş eden Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk edýän ýylynda kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi.

​

Walentina Matwiýenko parlamentara gatnaşyklary goldaýandygy hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek baradaky çözgüdi goldandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

​

Soňra W.Matwiýenko uly hormat bilen Gahryman Arkadagymyza söz berdi.

​

Milli Liderimiz, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Walentina Matwiýenkonyň ýurdumyza berýän ýokary bahasyna kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda Parlamentara Assambleýanyň mejlisiniň ýurdumyzda geçirilmeginiň guwandyryjy wakadygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz şu gün GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisiniň, ertir bolsa onuň 61-nji plenar mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

​

Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy barada aýdyp, onuň köp ýyllaryň dowamynda hereket edip gelýändigini we ygtybarly kanunçylyk binýadyny döredendigini nygtady. 1992-nji ýylda bu düzümiň döredilen döwründe ykdysady meseleler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolupdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gün tertibindäki syýasy, durmuş, ynsanperwer meseleler hemişe ykdysady binýada esaslanýar.

​

“BMG-niň Baş Assambleýasy 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň hödürlän BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ikiýyllyk Kararnamany kabul etdi. Resminamanyň awtordaşlary bolup Türkmenistan bilen bir hatarda, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Nikaragua, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan, Özbegistan hem çykyş etdi” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Baş Assambleýa bütindünýä guramasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini ilerletmek üçin sebit hyzmatdaşlygyny höweslendirýän, BMG-niň Tertipnamasynyň maddalaryna salgylanyp, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynda Arkalaşyga synçy derejesiniň berlendigine esaslanyp, GDA agza döwletleriň BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine laýyk gelýän maksatlara ýetmek ugrundaky tagallalaryny goldaýar” diýlip resminamada aýdylýar.

​

Baş Assambleýa ykdysady, durmuş, medeni, ynsanperwer häsiýetli halkara meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň BMG-niň maksatlarynyň biridigini ýene bir gezek tassyklady. Resminamada 2026-njy ýylda GDA-nyň döredilmegine 35 ýyl dolýandygy bellenilýär we Arkalaşygyň öz agza döwletleriniň arasynda sebitleýin dialoga, hyzmatdaşlyga ýardam bermekdäki goşandy ykrar edilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň BMG-niň ulgamynyň edaralary, maksatnamalary we gaznalary bilen özara hereketini işjeňleşdirmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ymtylyşy goldanylýar.

​

Mundan başga-da, Kararnamada GDA-nyň söwda, ykdysady ösüş, statistik maglumatlary alyşmak, ykdysady maglumat, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, ylym we innowasiýalar, daşky gurşawy goramak hem-de tebigy we tehnogen betbagtçylyklara garşy göreşmek ýaly ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alyp barýan işi görkezilýär. Guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna, terrorçylykly hereketlere, ekstremizmiň ýüze çykmalaryna, bikanun migrasiýa garşy göreşmek, şeýle hem şunuň bilen baglanyşykly beýleki ulgamlardaky işler aýratyn bellenip geçilýär.

​

“Baş Assambleýa BMG-niň ulgamy bilen GDA-nyň arasynda hyzmatdaşlygy we utgaşykly hereketleri berkitmegiň wajypdygyny görkezdi hem-de şu maksatlara ýetmek üçin BMG-niň Baş sekretaryna Arkalaşygyň Baş sekretary bilen yzygiderli geňeşmeleri geçirmegi teklip etdi. Ýokarda aýdylanlar bilen bir hatarda, Kararnamada ýöriteleşdirilen edaralara, beýleki guramalara, BMG-niň ulgamynyň maksatnamalaryna we gaznalaryna, halkara maliýe institutlaryna GDA bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýän düzgünler bar” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi we bu waka bilen hemmeleri gutlady.

​

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

​

Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere üstünlikleri arzuw edip, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

​

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

​

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol mejlisiň işine döredilen mümkinçilikler we şertler üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän çäreleriň halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga, gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.

​

Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz ýurdumyzyň resmi adamlary bilen söhbetdeş boldy.

​

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Arkalaşygyň giňişliginde parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde, GDA-nyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny pugtalandyrmakda ähmiýetini belläp, mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklary berdi.

​

Gahryman Arkadagymyz bu halkara çäräniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirilmegi babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

​

Bu ýerde Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

​

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýdyp, bu işleri ýokary depginde dowam etdirmegi tabşyrdy.

​

Paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

​

banner
banner
banner