Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýady berkidiler
20 Iýul 2026

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýady berkidiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda çeper halyçylyk kärhanalarynda öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilmelidigini, şunuň bilen baglylykda, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýadynyň berkidilmelidigini belledi.


TDH-de habar berlişi ýaly, wise-premýer   N.Atagulyýew «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem boýag we himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýändigini, şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini hasabatynda nygtady.


Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.


Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda milli el halyçylyk sungatyny ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


banner
banner
banner