Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin BMG bilen bilelikdäki maksatnama taýýarlanar
18 Oktýabr 2025

Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin BMG bilen bilelikdäki maksatnama taýýarlanar

Sanly ulgam arkaly 17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hem hasabat berdi. Hasabatda bu geňeşiň 2024-nji ýylyň martynda döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda döredilendigi aýdyldy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer syýasat boýunça hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisleriniň 4-si geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri geňeşiň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen 4-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.


Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji mejlisinde öňe sürlen teklipleri hödürledi.


Hususan-da:


— Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatyny şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky hepdesinde guramak;

— Ýurduň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriň Maksatnamasyny taýýarlamak;

— BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek babatda milli “Ýol kartasyny” işläp düzmek;

— BMG-niň  Türkmenistan bilen bilelikde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän maksatnamalaryny we taslamalaryny ulgamlaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmak, olaryň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, pudagara utgaşdyryjy topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini şu ýylyň noýabr aýynda geçirmek teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.


banner
banner
banner