Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
24 Fewral 2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Gruziýada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa şu gün Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

​

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly salamlaryny, hoşniýetli sözlerini we Gruziýanyň halkyna  iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

​

D.Gulmanowa duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilip, ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen has-da berkidilýändigini aýtdy.

​

Taraplar türkmen-gruzin parlamentarileriniň ikitaraplaýyn saparlarynyň we duşuşyklarynyň, şol sanda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň hem-de türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, geljekde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň has-da durnukly häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdiler. 

​

Şeýle hem özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda parlament diplomatiýasyna möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar we bu ugurda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

​

​

​Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýa resmi saparynyň dowamynda Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanynda Gruziýanyň gahrymanlarynyň hormatyna gül dessesini goýmak dabarasyna hem gatnaşdylar.

​

banner
banner
banner