Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
21 Maý 2026

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministri hanym Oana-Silwiýa Tsoýu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de we syýasy, söwda-ykdysady, ulag, medeni, ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.


Şeýle hem duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, ýagny Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek we BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.


Taraplar şeýle hem ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, parlamentara gepleşikleri ösdürmek we iki ýurduň daşary syýasat edralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ýaly ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.


Medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.


Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.


Çeşme:TDH
banner
banner
banner