Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri BSGG-niň mejlisinde çykyş etdi
26.05.2023

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri BSGG-niň mejlisinde çykyş etdi

23-nji maýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Atageldi Germanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň 76-njy mejlisine gatnaşdy.


Mejlisiň ýokary derejeli bölüminde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy beýanat bilen çykyş edip, Türkmenistanyň ýurduň ilatynyň saglygyny goramak ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ýokary hilli lukmançylyk kömegine elýeterliligi üpjün etmegi maksat edinýändigi bellenildi. Hususan-da, bütin ýurt boýunça saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär, lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary dowam etdirilýär we tejribeli lukmanlar taýýarlanylýar.


Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-ä agza ýurtlaryň ählisini 2024-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçiriljek ýokanç keseller boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşmaga çagyrdy.


Ýeri gelende bellesek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň 76-njy mejlisi «Hemmeler üçin saglyk» ýörelgesini öňe sürmäge gönükdirildi.


Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen wekiliýeti iş saparynyň dowamynda birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary-de geçirdiler.

banner
banner
banner