Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Ýeňil atletika   boýunça  sport ýaryşy geçirildi.
18 Noýabr 2026

Ýeňil atletika boýunça sport ýaryşy geçirildi.

     Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy döwründe  Türkmenistanyň  hormatly Prezidentiniň  bedenterbiýäni  we  sporty  giňden  ösdürmek  hem-de kämilleşdirmek  baradaky  görkezmelerinden  we  tabşyryklaryndan  ugur alyp, ýaşlary sporta  çekmek, sportuň  görnüşlerini, şol sanda, ýeňil  atletika  görnüşini ösdürmek  we  sagdyn durmuş  ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen ,Türkmenistanyň  şanly  Garaşsyzlygynyň  35  ýyllygy  mynasybetli, Türkmenistanyň  Bilim  ministrliginiň  2026-njy  ýylyň  5-nji  ýanwarynda tassyklan  “Garaşsyz, baky  Bitarap Türkmenistan – bedew  batly  at-myradyň mekany” ýylynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylda geçiriljek medeni, sport çäreleriniň we bäsleşikleriniň Meýilnamasyna  laýyklykda, Türkmenistanyň  Bilim  ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy  goraýyş  we  derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň  Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy we I.Gandi adyndaky  Aşgabat  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebi  bilen  bilelikde  gurnamagynda  2026-njy  ýylyň  13-nji  noýabrynda, “Aşgabat” stadionynda  “Hereketde saglyk,ylgawda ýeňiş!” ady bilen  ýeňil  atletika boýunça  sport  ýaryşy  geçirildi (oglanlar we gyzlar aýratynlykda).

​

     Emin agzalarynyň bir agyzdan makullamagy netijesinde aşakdaky baýrakly orunlar kesgitlenildi:

​

                                

100 metr gyzlaryň arasynda:

I orun - Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi                                                           

II orun - Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

III orun - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

100 metr oglanlaryň arasynda:

I orun – Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi

II orun - Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi                                                                                                                   

III orun - Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta  hünär okuw mekdebi                                                             

Estafeta gyzlaryň arasynda:  

I orun – Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi                                                            

II orun - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

III orun - Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Estafeta oglanlaryň arasynda:  

I orun – Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi                                                               

II orun – Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi

III orun - Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta   hünär okuw mekdebi

Ýeňijiler  Hormat hatlary  we  gymmat  bahaly  sowgatlar  bilen  sylaglanyldy.

banner
banner
banner