Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasy
Türkmenistan döwleti dünýä halklarynyň parahatçylykly we ynanyşmak esasynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkarar bolmagynda häzirki wagtda ählumumy wajyp meseleleri çözmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepilidir!» diýen filosofiki taglymatynyň özenidir.
Häzirki wagtda ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barmak bilen ählumumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Şeýle hem halkara hukugynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, öz üstüne alan we halkara borçnamalarynyň birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça dünýäniň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär we bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de agentlikleri bilen ynsanyň saglygyny goramak meselelerinde ýakyndan işjeň gatnaşyklary ýola goýýar. Şunuň bilen birlikde ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän forumlaryň we maslahatlaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň hatarynda ynsan saglygynyň girewi hasaplanýan lukmançylyk ugry boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň şertler döredilýär.
Çalt depginler bilen özgerýän döwürde ýurdumyz beýleki döwletler bilen birnäçe diplomatik ugurlar boýunça halkara gatnaşyklaryny saklap gelýär. Olar: medeni diplomatiýasy, ekologiýa diplomatiýasy, ykdysady diplomatiýasy, sanly diplomatiýasy, suw diplomatiýasy, energetika diplomatiýasy, öňüni alyş diplomatiýasy, lukmançylyk diplomatiýasy we başga-da kän ugurlary görkezmek bolar. Diplomatiýa — gepleşikler sungaty. Lukmançylyk diplomatiýasy — munuň özi döwletara gatnaşyklaryň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk we geçirilýän gepleşiklerdir. Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çygrynda alnyp barylýan işleri ýola goýmakda ylalaşylýan şertnamalaryň netijeli bolmaklygy üçin geçirilýän gepleşikler aýdyň mysal bolup durýar. Dünýäde lukmançylyk diplomatiýasynyň orny barha artýar. Lukmançylyk ugry boýunça ylmy gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna gönükdirilen başlangyçlar ählumumy ösüşiň şertine öwrülýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasy boýunça adamzadyň saglygyny goramakda ählumumy tagallalary birleşdirmegiň netijeli guraly hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem ýurdumyz BMG-e we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de agentlikleri bilen ynsanyň saglygyny goramak meselelerinde ýakyndan işjeň gatnaşyklary ýola goýýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleri bilen saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde halkara guramalary we olaryň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, ozaly bilen bolsa, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ilat gaznasy ýaly düzümleri bilen ýakyndan işjeň gatnaşyklary ýola goýmagy ynsan saglygyny goramak meselelerinde Türkmenistanyň aýratyn ornunyň we köpýyllyk hem-de netijeli hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesiniň ähmiýetiniň uludygy bilen baglanyşyklydyr.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ähli döwletleriň adam saglygyny we saglygy goraýyş ulgamyndaky bähbitleri nazara almak bilen, sagdyn durmuşy ornaşdyrmak we ony ösdürmek boýunça işleri alyp barýan halkara gurama bolup durýar. Bu gurama 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde esaslandyrylyp, 194 döwleti özüne birleşdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, bu guramanyň maksady, ähli halklar tarapyndan saglygyň mümkin bolan ýokary derejesini gazanmak bolup durýar.
Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen 30 ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň dowamynda Diýarymyzyň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmakda, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda, birnäçe howply ýokanç keselleri doly aradan aýyrmakda we lukmançylyk ylmynda dünýäniň täze öňdebaryjy tejribeleriniň hem-de ugurlarynyň özleşdirilmeginde düýpli ösüşler gazanyldy. Şeýle hem döwletimiz bu gurama we guramanyň düzümleri bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy barha belende galdyrmakda, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.
Garaşsyzlygymyzy gazanan ilkinji günümizden bäri halkymyzyň saglygy, sagdyn nesilleri ýetişdirmekde ägirt uly işler bitirilip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga hukugynyň kepillendirilmegi raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde mümkinçiliklere ýol açdy. Şeýle hem ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm pudagy düýpli özgertmek, keselleri bejermegiň, olaryň öňüni almagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösdürmek, keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini işjeňleşdirmek, şonuň ýaly-da, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmek ýaly işlerde uly üstünlikler gazanyldy.
Netije-de, ilatyň saglyk ýagdaýy gowulandy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda tassyklanan Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, 2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda tassyklanan Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, 2021-nji ýylyň 21-nji maýynda tassyklanan Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin strategiýasy kabul edilip, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi. Maksatnamalarda dürli keselleriň öňüni almak, öz wagtynda ýüze çykarmak, bejermek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini we hilini gazanmak, ilatyň immun derejesini ýokarlandyrmak, lukmanlaryň hünär derejelerini, bilimlerini artdyrmak boýunça wezipeler, şeýle-de aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde işi ulgamlaýyn guramak maksady bilen, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi, uly ugurlary kesgitlenildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda BSGG-niň tekliplerine laýyklykda we milli kanunçylyk nazara alnyp, birnäçe wajyp maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Birnäçe howply ýokanç keselleriň, şol sanda drakunkulýozyň, poliomielitiň, gyzzyrmanyň, gyzamygyň gyzyljanyň ýok edilendigi hakyndaky halkara güwänamalar, şeýle hem BSGG-niň ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna goşan goşandy üçin güwänamasy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak we olary aradan aýyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.
Häzirki wagtda keselleriň öňüni almak hem-de adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen, Türkmenistanda azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik edilýär, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» saglygy berkitmäge hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almak babatda ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça wezipeleri çözmekde, pudagara gatnaşyklary pugtalandyrmakda Türkmenistanyň tagallalaryny goldaýar.
Türkmenistan halkyň saglygy baradaky aladany örän ýokary orunda goýýan döwletdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde halkara ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine berilýän üns halkara derejelerinde ykrar edilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy esasynda her ýylyň 3-nji iýuny — Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edildi. Bu bolsa Watanymyzyň sagdynlygyň mekany hökmünde dabaralanýan öňdebaryjy döwletleriň hataryndadygynyň aýdyň subutnamasydyr.