Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezi
Dünýä tejribesine hemmetaraplaýyn laýyk gelýän 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Merkez ylmyň iň soňky gazanan döwrebap täze lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ilatyň saglygyny goramak, sebitde köp duş gelýän ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ilata ýöriteleşdirilen kömegi bermek üçin niýetlenendir. Bu merkez dolandyryş ulgamyndan, ylmy-barlag merkezinden, ylmy-kliniki bölümlerden, kömekçi bölümlerden, hojalyk-tehniki we hyzmat ediş gullugyndan, kompýuter, sanly ulgam we audio-wideo aragatnaşyk gullugyndan ybarat bolup, bölümleriň özara sazlaşykly işlemegini üpjün eder. Merkezde allergologiýa we immunologiýa, rewmokardiologiýa, pulmonologiýa, öýkeniň obstruktiw keselleri we astma, çagalaryň endokrinologiýasy, metaboliki keselleriň öňüni almak, gerontologiýa ylmy-kliniki bölümleri, umumy hirurgiýa, endokrin hirurgiýa, az inwaziw hirurgiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Şeýle-de kabul ediş, maslahat beriş we anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, endoskopiýa bölümleri, merkezi kliniki barlaghana, fiziobejergi we bejeriş bedenterbiýe, operasiýa, giperbariki oksigenasiýa, gematransfuziýa bölümleri bar. Merkezde alnyp barylýan ylmy işleriň seljermesini we monitoringini geçirmek üçin maglumatlaryň elektron gory, ýörite programma bilen üpjün edilen elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylan.
Kabul ediş bölümi näsaglary bellige almak, kabul etmek, ilkinji gözegçilikden geçirmek we ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenendir.
Gaýragoýulmasyz tiz kömek, «SHOCK-room» otagy agyr ýagdaýda getirilen näsaglara gaýragoýulmasyz intensiw lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen. Şeýle-de «Tiz kömek» bölümi kardiomonitorlar, infuzomatlar we göçme rentgen hem-de ultrases enjamlary bilen üpjün edilendir.
Merkeziň maslahat beriş bölüminde hirurgiýa, allergologiýa-immunologiýa, gerontologiýa, newrologiýa, oftalmologiýa, endokrinologiýa, ginekologiýa, otorinolaringologiýa, stomatologiýa, psihologiýa we beýleki ugurlar boýunça inçe hünärmenleriň zerur bolan maslahaty berilýär. Bölümiň lukmanlarynyň otaglary näsaglary kabul etmek,olarda anyklaýyş-barlag usullarynyň ýerine ýetirilmegi arkaly degişli bejergi çäreleriniň berilmegi üçin niýetlenen häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjin edilen.
Merkeziň 1-nji gatynda ýerleşýän Şöhle anyklaýyş bölümindäki lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryna esaslanan iň döwrebap angiografiýa, magnit-rezonans tomografiýa, kompýuter tomografiýa, rentgen, flýurografiýa, mammografiýa, panorama rentgenografiýasy, rentgen densitometriýasy adam bedeninde bolup geçýän üýtgemeleri doly derejede ýüze çykarmakda deňi-taýy bolmadyk enjamlardyr.
Merkeziň operasion bölümi ýokary hilli enjamlar toplumy bilen doly üpjün edilip, çylşyrymly operasiýalary ýokary derejede geçirmek üçin doly mümkinçilik berýär. Şeýle hem operasion bölüminde birbada az inwaziw endoskopiki operasiýalaryň geçirilmegi üçin ähli şertler döredilendir. Bu enjamlar toplumynyň ornaşdyrylmagy dürli çylşyrymlykdaky az şikesli endoskopiki abdominal we torakal operatiw bejergileri geçirmeklige ýardam berip, näsaglaryň saglygynyň bejergiden soň gysga wagtda dikelmegine, hassahanada bolýan günleriniň azalmagyna şert döredýär. «OLYMPUS 3D» ulgamy aşa ýokary FULL HD çözgüdi bilen içki agzalaryň we ulgamlaryň doly göwrümli şekilini gazanmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa hirurgyň işini ýeňňileşdirip, bejerginiň netijeliliginiň ýokarlanmagyny üpjin edýär. Netijede, operasiýalaryň wagty azalýar we lukmanyň ähli hereketleriniň takyklygy ýokarlanýar. MEERA görnüşli operasion stoly, Flow-i 4,7 görnüşli anesteziýa ulgamy çylşyrymly operasiýalary geçirmäge oňaýly şert döredýär. Operasiýa wagty ýitirilen gany gaýtadan näsaga arassalap guýmak maksady bilen FRESENIUS KABI-CATSmart enjamy ulanylar.
Türkmenistanda ilkinji gezek merkezde ornaşdyrylan «Barx» enjamynyň kömegi bilen howpsuz täze döremeleriň endoskopiki bejerilişi amala aşyrylyp, bu enjam, howpsuz täze döremeleriň az inwaziw bejerilişini ýola goýmaga uly mümkinçilik berer.
Merkeziň anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminde näsaglary ýokary derejeli gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi bilen öz wagtynda we doly derejede üpjün etmek üçin ähli şertler döredilen.Bu bölümdäki hereketlendirilýän ýörite krowatlary näsaglara amatly bolar ýaly dürli görnüşe üýtgedip bolýar. Şeýle-de, bu bölümde dowamly ýatymlaýyn bejergä mätäç bolan näsaglara arassaçylyk işleri geçirmek üçin ýörite aýratyn şertler döredilen.
Ýurdumyzda ilkinji döwrebap gerontologiýa bölümi, ýaş bilen baglanyşykly keseller we geriatriki sindromlar bilen kesellän, şol sanda gartaşan raýatlary bejerýär. Bölümiň maksady diňe bir ýaş bilen baglanyşykly keselleri anyklamak we bejermek däl, eýsem, dikeldiş çärelerini hem geçirmekdir.
Merkeziň 5-nji gatynda pulmonologiýa we öýkeniň obstruktiw keselleri bölümi ýerleşýär, olaryň esasy wezipeleri dem alyş ýetmezçiligi bolan dowamly öýken keselli näsaglary, şeýle hem agyr, gaýra üzülmeleri bejermekdir. Pulmonologiýa bölüminde polisomnografiýa enjamy ilkinji gezek ulanylar.
Polisomnografiýa ukynyň obstruktiw apnoe/gipopnoe sindromyny enjam taýdan anyklamakda «altyn standarty» hasaplanýar. Munuň özi gündizine ýa-da gije uky wagtynda adamyň bedeniniň işjeňligini dowamly bellige almagyň usulydyr. Ýörite datçikleriň kömegi arkaly, elektroensefalografiýa, elektrookulografiýa, elektromiografiýa, elektrokardiografiýa, kislorodyň saturasiýasyna degişli maglumatlar alnyp, yzygiderli ýagdaýda ýazylýar. Zerur bolan halatynda, şu barlag usuly çagalarda, göwreli aýallarda we gartaşan näsaglarda geçirilip bilner.
Merkeziň 4-nji gatynda metabolik keselleriň öňüni alyş bölümi ýerleşýär. Bölümde gije-gündiziň dowamynda gözegçilik we bejergi geçirmek, süýjüli diabet mekdebini alyp barmak, insulin bejergisine geçmek we ganda glyukozanyň mukdaryny peseltmek üçin utgaşdyrylan bejergini bellemek; tiroid we paratiroid mäzleriniň keselleri: autoimmun tiroiditiň esasynda gipertireoz ýa-da gipotireoz, diffuz düwünli zob, diffuz toksiki zob, operasiýadan soňky gipotireoz, gipo- we giperparatireoz. Funksional ýagdaýynyň bozulmagynda kompensasiýa we subkompensasiýa tapgyryna ýetmek üçin ähli zerur bolan anyklaýyş barlaglaryny we bejergilerini geçirmek, näsaglary galkan şekilli mäziň hirurgiki bejergisine taýýarlamak; gormonal bozulmalar bilen ýüze çykýan böwrek üsti mäzleriniň, gipotalamusyň, gipofiziň, aşgazan asty mäziniň, jyns mäzleriniň keselleri, endokrin patologiýanyň beýleki görnüşleri bolan näsaglarda anyklaýyş we bejeriş işleri geçirýärler.
Merkeziň çaga endokrinologiýasy ylmy-kliniki bölümi ösüş bozulmalary (gijikdirilen ýa-da çalt ösýän), jynsy ösüş (gijikdirilen, wagtyndan öň jyns taýdan ösüş, saçyň artykmaç ösmegi we ş.m.), süýjüli diabetli, semizlik we endokrin ulgamynyň beýleki patologiýalary bolan çagalary anyklaýyş we bejeriş çäreleri üçin niýetlenendir. Bölümde endokrin ulgamynyň dürli keselleri bolan çagalaryň we ýetginjekleriň optimal fiziki we jynsy ösüşini üpjün etmek; 1-nji tipli süýjüli diabeti bolan çagalarda bejerginiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, şol sanda insulin pompany oturtmak we ulanylyşyny öwretmek, glýukoza gözegçiligini alyp barmak; endokrin kesellerini ir ýüze çykarmak üçin skrining programmalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek; keseliň azalmagyna we endokrin keselleri bolan çagalarda ýaşaýşyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen öňüni alyş maksatnamalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek ýaly işler alnyp barylar. Şeýle hem çagalar we ýetginjekler, olaryň ene-atalary üçin süýjüli diabet mekdebi hereket eder.
Bölümde enjamlar arkaly geçirilýän fiziobejergiler kesellerden, şikeslerinden, dürli operasiýalaryndan soňky döwürleriniň dikeldilişi üçin niýetlenip, näsaglaryň keselden soňky dikeldiş döwrüni agyrysyz geçirmeklerine, işe ukyplylygynyň çalt dikeldilip, maýyp bolmak howpunyň öňüniň alynmagyna uly ýardam edýär.
Bölümde ýylylyk bilen bejeriş enjamy we ýerli krioterapiýa enjamy, oňurga sütünini gury ýol bilen çekýän enjamy, elektro terapiýa enjamy, ultrases bilen bejeriş enjamy we statiki ultrases moduly bilen utgaşdyrylan enjamy, limfodrenaž enjamy, lazer bilen bejeriş enjamy, ýokary intensiw lazer bilen bejeriş enjamy, ozokerit we parafin bilen bejergi üçin niýetlenen «Ozokerit aşhanasy», köp sanly filtrler bilen üpjün edilen «Gidrokolonoterapiýa» enjamy, suwasty owkalama bilen üpjün edilen balneologiki wannalary, infragyzyl lampasy we ultramelewşe lampalary giňden ulanylar.
Fizioterapiýa bölüminde enjamlar arkaly geçirilýän fiziobejergiler kesellerden, şikeslerinden, dürli operasiýalaryndan soňky döwürleriniň dikeldilişi üçin niýetlenip, näsaglaryň keselden soňky dikeldiş döwrüni agyrysyz geçirmeklerine, işe ukyplylygynyň çalt dikeldilip, maýyp bolmak howpunyň öňüniň alynmagyna uly ýardam edýär.
Bölümde ýylylyk bilen bejeriş enjamy we ýerli krioterapiýa enjamy, oňurga sütünini gury ýol bilen çekýän enjamy, elektro terapiýa enjamy we 4 kanally «Endomed-484»; ultrases bilen bejeriş enjamy we statiki ultrases moduly bilen utgaşdyrylan «Sonopuls-490»; limfodrenaž enjamy, lazer bilen bejeriş enjamy, şeýle-de ýokary intensiw lazer bilen bejeriş enjamy, ozokerit we parafin bilen bejergi üçin niýetlenen «Ozokerit aşhanasy», köp sanly filtrler bilen üpjün edilen «Gidrokolonoterapiýa» enjamy; suwasty owkalama bilen üpjün edilen balneologiki wannalary, infragyzyl lampasy we ultramelewşe lampalary giňden ulanylar.
Merkeziň kliniki barlaghanasy dürli keselleri anyklamak, olaryň bejergisine gözegçilik etmek we öňüni almak üçin köp sanly barlaghana synaglaryny geçirýär. Barlaghana gematologiýa barlaghanasy, gemostaz barlaghanasy, biohimiýa, immunologiýa, peşew we nejesat barlag otaglary öz içine alýar. Barlaghananyň bölümleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirkizaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Barlaghanada ganyň we peşewiň umumy barlagy, ganyň biohimiki barlagy, koagulogramma, belok fraksiýalary ýaly kliniki barlaglaryň dürli görnüşleri geçirilýär.
Merkeziň mikrobiologiki barlaghanasy dürli keselleriň döredijilerini anyklamaga we mikroorganizmleri öwrenmäge niýetlenendir. Bu ýerde kliniki nusgalarda (gan, peşew, täret, tüýkülik we ş.m.) patogenleri kesgitlemek, netijeli bejergini bellemek üçin mikroorganizmleriň antibiotiklere duýgurlygyny kesgitlemek üçin mikrobiologiki synaglar geçirilýär. Mikroblara garşy dermanlara duýgurlygy kesgitlemek häzirki zaman enjamlarynda awtomatlaşdyrylan usul bilen gysga wagtyň içinde, ýokary derejeli takyklygy bilen amala aşyrylýar.
Molekulýar genetiki barlaghanasynda geçirilýän barlaglarda nuklein kislotalary (DNK we RNK) izolirlemek we polimeraza zynjyryň hakyky reaksiýasy ulanylýar. Barlaghanada ornaşdyrylan ýokary hilli enjamlary nuklein kislotalaryny biologiki materialdan awtomatiki çykarmaga we patogenleriň genetiki materialyny seljermek arkaly wiruslara, esasanam, wirus gepatitine we bakteriýa ýokançlyklaryna gözegçilik etmek maksady bilen güýçlendirmek mümkinçiligini berýär. Bu usullar ýokary takyklygy üpjün edip, kesel kesgidinde möhüm orny eýeleýär.
Merkeziň sitologiki barlaghanasy dürli keselleri, şol sanda howply täze döremeleri, alawlama we ýokanç hadysalary anyklamak üçin öýjükleri öwrenmekde orny ulydyr. Sitologiki barlaglar, öýjükleriň ýagdaýy we üýtgemeleri barada maglumat berýän anyklaýyş işiniň möhüm bölegidir. Barlaghana dürli usullary ulanyp, öýjükleri reňklemek üçin häzirki zaman awtomatiki enjamlary, öýjükleri we şekilleri gaýtadan işlemek we netijeleri resmileşdirmek üçin ýokary çözgütli mikroskoplar bilen enjamlaşdyrylandyr. Barlaghanada ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerini irki döwründe anyklamak maksady bilen köpçülikleýin sitologiki skrining, ýagny Pap-test barlaglary geçirilýär. Ylmy-kliniki bölümileriň, barlaghanalaryň we anyklaýyş bölümleriň bir ýerde ýerleşmegi bu Merkeziň öňünde goýlan wezipelerini üstünlikli amal edip, öz wagtynda we guramaçylykly ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-barlag merkeziniň esasy wezipesi Türkmenistanyň tebigy we howa şertlerinde dürli fiziologiki ulgamlaryň kadaly, dartgynly uýgunlaşma, keseliň öň ýanyndaky we patologiki ýagdaýlaryna baha bermegiň giňişleýin ölçeglerini kesgitlemegine hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak, irki döwründe anyklamak we öz wagtynda bejermek boýunça ylmy gözlegleriň geçirilmegi bolup durýar. Merkeziň häzirki zaman ylmy-tehniki binýady alymlara Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda ýylylygy we emosional stresleri azaltmak üçin täze usulyýet çemeleşmeleri oýlap tapmaga mümkinçilik berýär. Ylmy-barlag merkeziniň düzümine ekologiki fiziologiýasy barlaghanasy, ganaýlanyş fiziologiýasy barlaghanasy, ýylylyk sazlanyşygy barlaghanasy, suw-duz çalşygy we böwrekleriň işjeňligi barlaghanasy, immunologiýa, allergologiýa we dem alyş fiziologiýasy barlaghanasy, saglygy çaklaýyş we zähmet fiziologiýasy barlaghanasy, iýmit fiziologiýasy we metabolizm barlaghanasy, bionusgalaryň arhiwi, köpçülikleýin ulanyş merkezi, wiwariý (ownuk haýwanlar üçin), ylmy-guramaçylyk usulyýet we patent bölümi, aspirantura we kliniki ordinatura bölümi girýär.
Daşky gurşawyň üýtgäp durýan tebigy-howa şertleriniň toplumlaýyn täsiri adam bedeniniň fiziologik ulgamlarynyň işjeňlik derejeleriň we uýgunlaşma mümkinçilikleriniň yzygiderli peselmegine getirýär. Şonuň üçin ilatyň arasynda keselleriň döremeginiň we öňüni almagyň netijeli nusgasynyň işlenip düzülmegine gönükdirilen ekologik fiziologiýasy ugry boýunça ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegi maksadalaýykdyr.
Daşky gurşawyň dürli faktorlaryň adam bedenine edýän täsirlerini iň ýokary ylmy we tehniki derejede öwrenmek üçin ylmy-barlag merkezi iň döwrebap barlaghana enjamlary, anyklaýyş usullary we tehnologiýalary bilen üpjün edilendir.
Ylmy-barlag merkeziniň barlaghana enjamlary ganyň düzüm böleklerini we gandaky gazlary kesgitleýän enjamlary, kliniki-biohimiki we molekulýar-anyklaýyş enjamlary hem-de häzirkizaman ýokary tilsimatly hromatografiki we mass-spektroskopiki ulgamlary öz içine alýar.
Adam bedeninde oksidatiw stres önümlerini we antioksidant işjeňligi kesgitleýän biohimiki usullara ylmy-barlag gözleglerde uly gyzyklanma bildirilýär. Şu nukdaý nazaryndan, biohimiki barlaglary ep-esli derejede ýeňilleşdirýän taýýar reagent toplumly kolorimetriki usullary ulanmak meýilleşdirilýär.
Gan aýlanyş fiziologiýasy ylmy ugry ýerli tebigy-howa şertleriniň täsirinde bedeniň gan aýlanyşygyň ulgamlaýyn we çetki sazlanyşygyň kadaly, araçäk we patologik ýagdaýlarda öwrenilmegine gönükdirilendir. Arid zolagyň tebigy-howa şertleriniň utgaşdyrylan täsirinde adam bedeniniň uýgunlaşma mümkinçilikleriniň görkezijisi bolup durýan hem-de ýylylyk sazlanyşygynda ýürek-damar ulgamynyň işjeňligi wajyp orny eýeleýär. Şonuň üçin kardiologik keselleriň ýüze çykma töwekgelçiliginiň irki döwründe ýüze çykarylmagyna we öz wagtynda öňüniň alynmagyna gönükdirilen gan aýlanyş fiziologiýasy boýunça ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegi uly ähmiýetlidir.
Ylmy-barlag merkezi adamyň kardiorespirator ulgamynyň işjeňlik ýagdaýyny öwrenmek boýunça birnäçe häzirki zaman anyklaýyş enjamlar bilen üpjün edilendir.
Häzirki wagtda alymlar sagdynlygyň we näsaglygyň arasyndaky araçäk ýagdaýlaryň bardygyny belleýärler. Sagdynlygyň ýarawsyzlyga geçýän döwri dowamly bolup, bedeniň işjeňlik gorlarynyň gutarmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şonuň üçin zähmete ukyply adamlaryň dürli hünär toparlarynda saglyk ýagdaýynyň bozulmalaryny ir anyklamak, olara baha bermek, çaklamak we dikeldiş çärelerini öz wagtynda geçirmek boýunça ylmy barlaglary alyp barmak maksadalaýykdyr.
Barlaghanada meýilleşdirilýän ylmy-barlag işlerde ýürek-damar ulgamynyň funksional ýagdaýyny kesgitleýän anyklaýyş enjamlar bilen bilelikde neýrofiziologiýa we dem alyş ulgamynyň fiziologiýasyny kesgitleýän enjamlardan peýdalanylar.
Fiziologiýa institutynyň alymlarynyň ýylylyk sazlanyşygy ylmy ugry boýunça geçiren köp ýyllyk barlaglary esas hökmünde alyp, adam bedeniniň daşky gurşawyň dürli şertlerine uýgunlaşmagynda ýylylyk sazlanyşygyň öwrenilmegi ýurdumyzyň aýratyn howa şertlerinde wajyp ylmy ugurlaryň biri bolup durýandygy bellenmelidir. Daşky gurşawyň üýtgäp durýan yssy howa şertlerine adam bedeniniň uýgunlaşmagy onuň ýylylyk sazlanyşygy ulgamynyň dartgynly işi bilen geçip, bedeniň öýjük, dokumalar we agzalar derejesinde dürli häsiýetli patologik hadysalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Şonuň üçin, bedeniň ähli ulgamlaryna ýokary gyzgynlygyň täsirini peseltmek maksady bilen, ýylylyk sazlanyşygy hadysalaryny öwrenmek wajyp bolup durýar.
Howanyň üýtgemeginiň adam bedenine edýän täsirini öwrenmek üçin iň uly mümkinçilik Fiziologiýa institutyň özboluşly artykmaçlygy bolan häzirki zaman klimat kamerasy tarapyndan açylýar. Klimat kamerasynyň synag barlaglary temperaturanyň, atmosfer basyşynyň ýa-da çyglylygyň adam bedenine edýän täsirini öwrenmek üçin gözegçilik edilýän şertlerde geçirilip bilner. Bu ýerde ýylylyk stresiň fiziologiki täsirlerini öwrenmek boýunça synaglar geçirilip, sowatmak strategiýalarynyň netijeliligi hem öwreniler. Adam bedeniň üýtgeýän howa şertlerine uýgunlaşmak ukybyny öwrenýän ýylylyk sazlanyşygy boýunça geçiriljek barlaglar hem gyzykly bolar.
Adam bedeniniň ähli fiziologik işiniň köp düzümli we çylşyrymly suw-duz çalşygyna bagly bolanlygy zerarly, bu ylmy ugruň öwrenilmegi wajypdyr. Suw-duz çalşygynyň we böwrekleriň işiniň inçe usullaryna aralaşmak ylmyň bu ugruny ösdürmekde fiziologik, biohimik, morfologik we beýleki barlag usullaryny ulanyp, onda köp dürli kliniki, eksperimental we beýleki çemeleşmeleriň we nusgalaryň peýdalanylmagyny talap edýär. Şeýle-de bu barlaghanada adamyň biologiki ýagdaýyna baha bermek üçin ganyň we peşewiň dürli görnüşli biohimiki barlaglaryny geçirmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar ornaşdyrylandyr.
Fiziologiýa ylmyny ösdürmekde ylmyň iýmit fiziologiýasy ugry ilatyň saglygyny gorap saklamaga we berkitmäge gönükdirilen lukmançylyk öňüni alyş çäreleriniň arasynda esasy orny eýeleýär. Dürli tebigy-howa şertlerinde ýaşaýan adamlara häsiýetli bolan iýmit düzüminiň hilinde we mukdarynda üýtgemeleriň ýüze çykmagy, daşky gurşawyň ekologik şertleriniň ýaramaz täsirini güýçlendirip, immun ulgamynyň işjeňligini peseldýär hem-de artykmaç beden agramy we semizlik ýaly alimentar garaşly keselleriň döremegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazaryndan, alimentar garaşly kesellere garşy göreşmek boýunça düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegi maksadalaýykdyr.
Adamlaryň iýmitlenme häsiýetini kesgitleýän soragnamalar bilen bilelikde bioimpedantsiometriýa enjamynda bedeniň hil düzümi, ýagny bedende suwuklygyň, ýag we myşsa dokumalarynyň agramy, göterimi we mukdar gatnaşyklary öwreniler.
Fiziologiýa ylmy-barlag merkeziniň ylmy-barlag işleriniň esasy ugurlaryna laýyklykda düýpli (fundamental) we amaly ähmiýetli eksperimental ylmy işleriň alakalar we syçanlar üçin niýetlenýän wiwariumda ýerine ýetirilmegi maksadalaýykdyr.
Bionusgalarynyň arhiwi ylmy-barlag merkeziniň düzüm birligi bolmak bilen biologiki nusgalarynyň ýygnalmagyny, olary kriokonserwasiýa taýýarlamagyny, doňdurylmagyny, ulagly daşalmagyny, pes temperaturaly doňduryjylarda uzak möhletleýin saklanmagyny we ylmy işgärleriň talapnamalary boýunça berilmegini ýerine ýetirip, geçiriljek ylmy-barlag gözlegleriň göwrümini ep-esli giňeldýär.
Bionusgalaryň arhiwi 80oC we -40oC örän pes temperaturasynda adam gan plazmasyny uzak wagtlaýyn saklamaga niýetlenýän 12 sany ýörite doňduryjylar bilen üpjün edilendir. Doňduryjylaryň üznüksiz işi ýöriteleşdirilen monitoring ulgamy arkaly seljerilýär.
Türkmenistanda daşky gurşawyň dürli faktorlarynyň adamyň saglygyna edýän täsirine hemmetaraplaýyn baha bermek hem-de ilatyň arasynda patologiki ýagdaýlary ir anyklamak işini köpçülikleýin geçirmek üçin Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-barlag mobil göçme lukmançylyk toplumy Ford awtoulagda gurnaldy. Awtoulag esasynda gurnalan göçme lukmançylyk toplumy anyklaýyş we barlaghana lukmançylyk enjamlaryndan hem-de awtoulagyň özbaşdak işlemegini üpjün edýän gurallardan ybarat bolup, uzakda ýerleşen ýaşaýyş nokatlarynda ilatyň we kärhanalaryň işgärleriniň saglyk ýagdaýyny öwrenmek; hünärmenleri we enjamlary göni synag meýdançasyna eltmek; respondentlerde anyklaýyş (kardiologiki, pulmonologiki we ş.m.) we laborator barlaglary (mümkin bolan ekspress synaglary) geçirmek; biologiki nusgalary (gan plazmasy, peşew) ýygnamak, olary taýýarlamak, doňdurmak (kriokonserwirlemek) we ylmy-barlag merkeziniň esasy binasyna eltmek ýaly işleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem merkezde ylmy-amaly maslahatlary, ýygnaklary geçirmek üçin konferensiýa zaly bar.
Döwrebap, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen iri lukmançylyk merkezleri paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guruldy we gurulýar. Munuň özi ýokary derejeli lukmançylyk kömegini gönüden-göni ýerinde bermäge mümkinçilik döredip, adamyň ömür dowamlylygynyň artmagyna ýardam berýär.
Edaranyň ady: Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezi
Salgysy: 744005, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 60-njy jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 40-03-53
Faks belgisi:
E-poçta salgysy:
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 6, 17, 28, 36, 39, 66, 76, 77, 128
Ugur almak üçin bellik: Aşgabat şäher 12-nji orta mekdebi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta