Halkara okuw-ylmy merkezi
Ýurdumyzda lukmançylygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezine hem uly orun degişlidir. Bu merkez Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde 2015-nji ýylda döredildi. Halkara okuw-ylmy merkeziniň düzüminde ylmy-barlag barlaghanalary, ýokary ýöriteleşdirilen simulýasion-türgenleşik bölümi, barlag we seljeriş ylmy bölümi işleýär. Merkez anyklaýyş, ylmy-barlag hem-de bilim bermek işlerini ýerine ýetirýär we bu ugurlarda uly üstünlikleri gazanýar.
Merkeziň barlaghanalarynda ylmy-barlag işleriniň köp sanlysy alnyp barylýar. Halk bähbitli lukmançylyk işleriniň çäginde molekulýar-genetik ylmy-anyklaýyş barlaghanasynda kesellere bolan genetik meýilliligiň barlaglary we anyklaýyş işleri amal edilýär. Barlaghanada sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň meýilleri bilen baglanyşykly molekulýar-genetik markerleri ýüze çykarmak boýunça ýaş türgenleriň saglyk-genetik barlaglary geçirilýär. Bu barlagyň esasynda sportuň aýry-aýry görnüşlerinde çydamlylygyň hem-de çalasynlygyň, güýjüň has wajyp genetik markerleri giňden öwrenilýär.
Sitogenetik ylmy-anyklaýyş barlaghanasy tarapyndan patologiýanyň dogabitdi görnüşleri — nesil yzarlaýan hromosom keselleri ugry boýunça ylmy-barlag we anyklaýyş işleri alnyp barylýar. Mikrobiologiýa ylmy-anyklaýyş barlaghanasynda häzirki zaman halkara ülňülerine laýyk gelýän mikrobedenleri anyklamak, olara duýgur antibiotikleri saýlap almak, dürli mikrobedenleriň dermana durnuklylygyny öwrenmek bilen, öýjük we gumoral immunitetiň görkezijileriniň barlaglary ýerine ýetirilýär. Biohimiýa we gematologiýa ylmy-anyklaýyş barlaghanasynda adam bedeniniň biohimiki çalşyklarynyň, gormonlaryň we biologik işjeň maddalaryň, gan uýamasynyň barlaglary ýerine ýetirilýär. Barlaghanada «Fadiatop» skrining barlagy esasynda tozga, azyk, haýwan we kömelek allergenlerine duýgurlygyň allergologik derňewleri geçirilýär. Şeýlede gepatitiň, ulgamlaýyn kollagenozlaryň we beýleki keselleriň immunologiýa barlaglary ýerine ýetirilýär.
Merkeziň okuw-simulýasion bölümi häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan trenažýor-simulýasiýa otaglaryny öz içine alýar. Bu bölümde häzirki zaman trenažýorlar bilen robot-simulýatorlary, wirtual-simulýatorlary, türgenleşik otaglary, laparoskopiýa üçin lukmançylyk wideotürgenleşikleri ýaly dürli enjamlar ornaşdyrylan. Trenažýorlarda, simulýatorlarda we «biobloklarda» manual (el bilen) işlemegi kämilleşdirýärler, narkoz bilen «mini-piglerde» laparo, torako we beýleki endowideohirurgiýa operasiýalaryny ýerine ýetirmek üçin endowideohirurgiýa söýegleri bolan iki sany operasiýa otaglary bolup, onda lukmanlar dürli gurallar bilen işlemegiň usullaryny özleşdirýärler we ösdürýärler.
Saglygy goraýşyň ösüşini döwrebaplaşdyrmagyň we dolandyrmagyň ylmy-usulyýet üpjünçiligi barlag we seljeriş ylmy bölüminiň esasy wezipesidir. Bölümiň hünärmenleri lukmançylygy sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyna — saglygy goraýşyň maglumat ulgamyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar.
Umuman, merkeziň esasy wezipesi lukmanlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakdan, näsaglarda ýüze çykyp biljek howplary azaltmaga ýardam edýän endikleri we başarnyklary ösdürmekden, hünärmenlere toparda işlemegi öwretmekden ybaratdyr. Merkeziň milli saglygy goraýyş ulgamynda ylmy barlaglaryň netijelerini amaly saglygy goraýşa ornaşdyrmak işleri giň göwrümli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
Edaranyň ady: Halkara okuw-ylmy merkezi
Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, «Saglyk» (1970-nji) köçesi, 15-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 48-71-80
Faks belgisi: +993 (12) 48-72-41
E-poçta salgysy: okuwmerkezi@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 8, 19, 20, 32, 34, 35, 37, 42, 142
Ugur almak üçin bellik: Halkara lukmançylyk merkezleri
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta