Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi
Jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarlaryndan ugur alyp, döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek üçin täze, has ýokary maksatlar we wezipeler öňe sürülyar.
Häzirki zaman reabilitasiýa işi – keseliň, şikesli ýagdaýlaryň we hirurgiki çäreleriň netijesinde adamyň fiziki we psihiki saglygyny dikeltmekden ybarat bolan, bejeriş çäreleriniň tutuş toplumy hasaplanylýar. Reabilitasiýa – adamyň işjeň we özbaşdak ýaşaýyşa gaýdyp gelmegi üçin zerur bolan lukmançylygyň aýratyn talap edilýän ugurlaryň biridir.
Ýurdumyzda gurlan ilkinji Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi – dürli şikeslerden we kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen ýokary hünärli hünärmenleriň bilimlerini birleşdirýän özboluşly lukmançylyk edarasydyr. Bedeniň agzalarynyň funksiýasyny netijeli dikeltmek üçin merkezde häzirki zaman robotlaşdyrylan enjamlar ornaşdyrylandyr. Sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzümine çagalary we ululary bejermek üçin dürli bölümleri degişli:
– Çagalar we ulular üçin maslahat beriş we anyklaýyş bölümleri;
– Çagalar we ulular üçin kinezoterapiýa we gidroterapiýa bölümleri;
– Çagalar we ulular üçin fizioterapiýa bölümleri;
– Çagalar we ulular üçin reabilitasiýa bölümleri;
– Abilitasiýa bölümi;
– Çagalar we ulular üçin newrologiýa bölümleri;
– Çagalar we ulular üçin ortopediýa bölümleri;
– Pediatriýa bölümi;
– Kardiologiýa bölümi;
– Somnologiýa we sport reabilitasiýa bölümi;
– Çagalar we ulular üçin neýroreabilitasiýa bölümleri;
– Çagalar we ulular üçin ortopediýa reabilitasiýa bölümleri;
– Kardioreabilitasiýa bölümi;
– Iç keselleriniň reabilitasiýa bölümi;
– Giperbariki oksigenirleme bölümi.
Merkeziň maslahat beriş we anyklaýyş bölümleri näsaglara keseline laýyklykda esasy we netijeli maslahat beriş kömegini bermekde we ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmakda möhüm meseleleri çözmeklige ýardam berýär. Merkezimiz häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlaryna esaslanyp anyklaýşyň, bejerişiň we dikeldişiň täsirli usullaryny ösdürmegi we durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Bölümlerde ýokary derejeli hünärmenleriň otaglary ýerleşdirilendir: newrolog, ortoped, kardiolog, terapewt, otorinolaringolog, oftalmolog, endokrinolog, lukmançylyk psihology, neýrofiziolog, pediatr, irki ösüş boýunça hünärmen, kardiorewmatolog we nutrisiolog. Şeýle hem, rentgen we ultrases barlag, elektromiografiýa, elektroensefalografiýa we densitometriýa otaglary bar.
Häzirki wagtda kinezo- we gidroterapiýa bölümleri dürli kesellerden, şikeslerden we operasiýalardan soň sagaldyş-dikeldiş işiniň möhüm düzüm bölekleri bolup durýar. Bölümlerde her bir näsag üçin aýratyn maşklar toplumy işlenip düzülýär, bu bolsa sagaldyş-dikeldiş bejergisiniň meselelerini netijeli çözmage mümkinçilik berýär. Bölümlerde halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiyaly enjamlar ornaşdyrylan. Motek Medical kompaniyasynyň CAREN Extended wirtual dikeldiş enjamy wirtual hakykat gurşawly innowasion dikeldiş toplumy bolup, ol hereketleriň we ýöreýşiň wideo derňewli barlaghanasydyr. Bu özboluşly ulgam hereketleriň biomehanikasyny çuňňur seljermek bilen çagalar we ulular üçin toplumlaýyn funksional dikeldişiň geçirilmegine mümkinçilik berýär. GRAIL Motek Medical wirtual dikeldiş enjamy bolsa, häzirki zaman tehnologiýalary ulanyp, deňagramlylygyň, ýöreýşiň kliniki seljermesini we türgenleşmesini geçirýär. Ulgam newrologiki, ortopediki ýa-da beýleki keseller sebäpli ýöreýiş bozulmalary bolan näsaglar üçin niýetlenendir. Tizligi sazlaýjyly suwasty ýörelýän ýodajykly enjam – HydroWorx RISE enjamy myşsa toparlarynyň aglabasyny işjeňleşdirmäge we daýanç-hereket ulgamyna düşýän agramy azaltmaga ýardam berýär. Bölümlerde näsaglaryň netijeli we toplumlaýyn dikeldişi üçin SharkJamper Beco-beermann suwasty batutlary we suwda gimnastiki maşklary ýerine ýetirmek üçin Sport-Thieme, Gymstick Aqua, Archimede ýaly enjamlar bar.
Fizioterapiýa bölümleri tebigy, emeli bejeriş we fiziki faktorlary ulanyp, çagalaryň we ulularyň saglygyny dikeltmek üçin toplumlaýyn dikeldiş çärelerini hödürleýär. Hünärmenler her bir näsaga aýratyn çemeleşmek esasynda, bedendäki energetiki hadysasyny kadalaşdyrmak we olaryň deňagramlylygyny dikeltmek usullaryny ulanýarlar. Bölümde çagalar we ulular üçin niýetlenen döwrebap öndürijileriň hödürleýän fizioterapiýanyň adaty we innowasion usullaryny özünde jemleýän öňdebaryjy enjamlar ornaşdyrylandyr.
Merkeziň reabilitasiýa bölümlerinde çagalar we ulular üçin hereket işjeňliligini dikeltmek we sagaldyş işlerini geçirmeklige gönükdirilen ýokary tehnologiýaly we toplumlaýyn bejeriş usullary amala aşyrylýar. Türgenleşiklerde dikeldiş hadysasyny işjeňleşdirmek üçin häzirki zaman robotlaşdyrylan, kompýuterleşdirilen tehnologiýalar we mehanoterapiýa usullary ulanylýar. Reabilitasiýa bölümlerinde her bir näsaga şahsy çemeleşmekligi amala aşyrmak üçin iki taraplaplaýyn biologiki arabaglanşygy bolan netijeli we höweslendiriji dikeldiş meýilnamalary düzmeklige mümkinçilikler bar. Bölümlerdäki elýeter tehnologiýaly we döwrebap tehnologiýaly enjamlaryň utgaşdyrylmagy sagaldyş-dikeldiş çäreleriň has netijeli bolmagyna ýardam berýär.
Abilitasiýa bölümi – ösüşinde bozulmalary bolan irki ýaşly çagalara we olaryň maşgalalaryna ýöriteleşdirilen goldawyny hödürleýär. Bölümiň esasy maksady çagalaryň ýaşaýyş-durmuş hilini ýokarlandyrmak we olaryň jemgyýete işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bolup durýar. Bölümiň hünärmenleri çagalaryň gündelik durmuş işjeňliligini, ene-atalary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak, terbiýe meselelerinde ene-atalaryň başarnyklaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem sosial integrasiýanyň giňelmegine ýardam bermek üçin amatly şertleri döretmäge çalyşýarlar.
Halkara Sagaldyş-dikeldiş merkezinde her biri 50 orundan ybarat bolan, çagalar we ulular üçin niýetlenen ýatymlaýyn bölümler hem bar. Bölümler merkezi we periferiki nerw ulgamynyň, ýürek-damar ulgamynyň, daýanç-hereket ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän näsaglaryň toplumlaýyn we netijeli dikeldişini üpjün etmek, şeýle hem, çagalaryň saglygyny dikeltmek we motorikasyny ösdürmek üçin niýetlenendir.
Neýroreabilitasiýa bölüminde näsaglaryň toplumlaýyn dikeldiş maşklaryň ähli görnüşlerini geçirmek üçin niýetlenen ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik zallary bar. Bölümde ulularyň we çagalaryň nerw ulgamynyň keselleri ýagny, insult, kelle beýni we oňurga ýiliginiň şikeslerinden soň, merkezi we periferiki nerw ulgamynyň kesellerinden, gaýnaglama we ýokançly hadysalaryndan soň, çaga beýni ysmazy we gürleýiş, psiho-motor ösüşinden yza galma alamatlary ýaly bozulmalary dikeltmeklige gönükdirilen ýöriteleşdirilen häzirki zaman reabilitasion meýilnamalar toplumy ulanylýar. Ýitirilen funksiýalaryň doly göwrümde dikeldilmegi üçin hünärmenler ýöremek we koordinasiýa endiklerini maksady bilen Aretech Zero G Gait and Balance Training System robotlaşdyrylan ulgamyny ulanmak bilen toplumlaýyn dikeldişi amala aşyrýarlar. Bölümde şeýle hem, dikeldişiň irki tapgyrlarynyň işjeň alyp barylmagy üçin Balance-Trainer THERA-Balo stender-trenažory, ortopediki mehanizmli we integrirlenen elektrostimulýasiýaly robotlaşdyrylan stol-dikeldiji Hosome Erigo Pro, Reha Stim Meditec Callis Trac 60E ylgaw ýodasy we robotlaşdyrylan lokomotor bejergisi üçin niýetlenen Reha Stim Meditec - Gait Trainer GT enjamlary bar. Bu ulgamlaryň ählisi deňaramlylygy we koordinasiýany türgenleşdirmek bilen näsaglary howpsuz dikeltmeklige mümkinçilik berýär. Mundan başga-da bölümde inwaziw däl nerw-myşsa elektrostimulýasiýasy üçin Chattanooga VitalStim Plus elektroterapiýa ulgamy bar.
Ortopediýa reabilitasiýa bölüminde şikeslerden we hirurgiki operasiýalardan soň näsaglaryň işjeňliginiň dikeldişini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bejeriş we öňüni alyş çäreleriň toplumy amala aşyrylýar. Bölümiň esasy wezipesi myşsalaryň güýjüni dikeltmek, şeýle hem keseliň gaýtalanmagynyň we gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagynyň öňüni almakdyr. Bölümde döwrebap reabilitasion toplumlary ulanylýar: biomehaniki anyklaýyş we bejeriş ulgamy Humac Norm, ýerli kriopressoterapiýa ulgamy Med4 Elite Game Ready, ýöriteleşdirilen antigrawitasion ylgaw ýodasy Boost Microgravity Treadmills, robotlaşdyrylan proprioseptiw dikeldiş ulgamy Movendo Technology SRL Hunowa, Shuttle Systems türgenleşik enjamlary, reabilitasion essentriki trenažor Eccentron BTE, dyz üçin aktiw-passiw innowasion enjamy CPM Oped Int Camo ped Knee, krioterapiýa enjamy Zimmer Cryo 7 Pro.
Kardioreabilitasiýa bölüminiň esasy maksady – geçirilen kesellerden ýa-da operasiýalardan soň fiziki we ýürek-damar işjeňliginiň dikeldilmegine ýardam bermekdir. Bölüm näsaglaryň fiziologiki we psihologiki zerurlyklaryny göz öňünde tutup, ulular we çagalar üçin niýetlenen toplumlaýyn maksatnamalary hödürleýär. Bölümiň hünärmenleri kardiorespirator çydamlylygyny we myşsa güýjüni ýokarlandyrmak üçin näsagyň beden taýdan sagdynlyk derejesine laýyk gelyän fiziki bejeriş türgenleşiklerini hödürleýärler. Bölüm kardioreabilitasiýa üçin ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Olara: keseleýin weloergometri Proxomed Kardiomed 700 Comfort Cycle, biologiki işjeň arabaglanyşykly innowasion ylgaw ýodasy Proxomed Kardiomed 521 Pluto, Aktiv Tramp FREI batut trenažory, NuStep LLC T6 Series kese kross-treýner, Waldboden, Äste we Feldstein balansirleýji tagtalar, gaýa dyrmaşmak üçin ulgam Kombi Maxi degişli.
Iç keselleriň reabilitasiýa bölümi dem alyş agzlaryň, aşgazan-içege ýolunyň, peşew-jyns ulgamynyň, beýleki içki agzalar keselli näsaglaryň beden funksiýalarynyň dikeltmäge we ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bölümiň esasy maksatlaryna keselleriň alamatlarynyň azaldylmagy we içki agzalaryň keselleri bilen baglanyşykly gaýraüzülmeleriň öňüniň alynmagy degişli bolup durýar. Bölüm häzirki zaman innowasion toplumlary özünde jemleýär, olardan: kinezoterapewtiki-elisferiki trenažor Allcare Imoove 600 Medical Device, çanaklygyň düýbüniň myşsalaryny dikeltmek üçin Zimmer Medizin Systeme Conticure enjamy, ýokary induktiw bejergi üçin Zimmer Medizin sistema Z TONE, kriolipoliz ulgamy Zimmer Medizin sistema Z-LIPO, sling terapiýa toplumy Redcord Workstation Professional Floor Stand degişli.
Giperbariki oksigenirleme bölüminiň esasy maksady bedeniň metaboliki hadysalary gowulandyrmak, regenerasiýany çaltlaşdyrmak üçin dokumalarda kislorodyň derejesini ýokarlandyrmak, keseller ýa-da şikesler sebäpli zeperlenen agzalaryň işini dikeltmek, operasiýadan ýa-da dowamly kesellerden soňky ýokançlaryň we gaýraüzülmeleriň howpuny azaltmak bolup durýar. Bu usul diabetiki daban alamaty, osteomiýelit we mikrosirkulýasiýanyň gowulanmagyny talap edýän beýleki keselleri bejermek üçin ulanylýar. Sport türgenleri giperbarik kislorod bejergisini güýçlendirilen türgenleşikden soňky dikeldiş we gaýnaglama hadysalaryny peseltmek üçin ulanýarlar. Şeýle hem, çagalarda kelle beýni şikesleriniň galyndy alamatlaryny bejermekde, psihomotor ösüşiniň we beýleki näsazlyklaryň toplumlaýyn bejergisinde, bronhial demgysma we dem alyş kesellerinde ulanylýar. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň giperbariki oksigenirleme bölümi ähli ýaşdaky näsaglar üçin howpsuz we ýokary täsirli bejergini üpjün edýän toplumlaýyn bejeriş we dikeldiş çärelerinde möhüm orny eýeleýär.
Edaranyň ady: Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi
Salgysy: 744013, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 169-njy jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 92-10-05
Faks belgisi: +993 (12) 92-10-07
E-poçta salgysy: hsdm@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 1, 2, 4, 5, 8, 14, 15, 16, 21, 22, 26, 30, 31, 38, 49, 50, 51, 54, 58, 59, 61, 63, 74, 80, 102, 108, 142
Ugur almak üçin bellik: Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta