Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi

Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi 2017-­nji ýylda işe girizilip, ýurdumyzda köpugurly döwrebap saglygy goraýyş merkezi bolup durýar. Merkez 300 orunlyk bolup, bu ýerde döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen birnäçe bölümler bar. 


Merkez endokrinologiýa we hirurgiýa toplumlaryny özüne birikdirip, onuň esasy wezipesi endokrin we hirurgiki keselleriň öňüni almakdan we bejermekden ybarat bolup durýar. Merkezde bejergi ygtybarly we iň täze usullar arkaly amala aşyrylýar. Sebitde ýeke-­täk bolan bu merkez häzirki zaman lukmançylyk enjamlarydyr tehnologiýalary bilen üpjün edilip, halkara kadalaryna doly laýyk gelýär.


Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda lukmançylyk ugry boýunça ägirt uly sepgitlere ýetildi. Häzirki zaman hirurgiýa lukmançylygyň wajyp ugurlarynyň biri bolup, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny öz içine alýar we kiçi inwaziw, ýokary tehnologiki mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.


Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezinde ýola goýlan hirurgiki bejergi usullary muňa aýdyň mysal bolup durýar. Merkeze ýüz tutýan näsaglaryň häzirki zaman hirurgiýanyň ähli ugurlary boýunça dünýä ülňülerine laýyklykda bejergi almaklygyna ähli şertler döredildi. Ýagny merkez endoskopiýa, urologiýa, torakal hirurgiýa, umumy hirurgiýa, ortopediýa, plastiki hirurgiýa, interwension hirurgiýa we endokrin hirurgiýa ýaly bölümleri öz içine alýar.


Endoskopiýa bölümi — diňe anyklaýyş bölümi däl­-de, häzirki zaman endoskopiki hirurgiki bejeriş bölümi hem bolup durýar. Bölümde endoskopiýa usuly bilen öt ýollaryň geçirijiligi bozulan ýagdaýynda (çiş, daş, iriňli suwuklyk we başgalar) garyn boşlugyna girmesiz, içege içinden bu ýollary arassalamak, stentirlemek operasiýalary amala aşyrylýar. Şeýle hem bölümde gyzylödek, aşgazan, içege ýollarynda dörän täze döremeleri, uly bolmadyk çişleri irki döwründe anyklap, olaryň gan aýlanyş derejesini kesgitläp, olary nemasty rezeksiýasy, ýagny kesip aýyrmak amallary üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki zaman endoskopiýa hem bariatriki (ýagny adaty düşündirilende, artykmaç agramly adamlarda aşgazanlaryny ballon arkaly kiçeltmek) amallary geçirmeklige mümkinçilik döredýär. Endoskopiýa bölüminde kameraly kapsula arkaly hem ýokary takykly barlaglar amala aşyrylýar. Bu barlagda näsag uly bolmadyk nanokapsulany ýuwudýar we kapsula ähli içege ýollarynyň içki ýagdaýyny surata düşürýär. Adaty endoskoplaryň baryp bilmeýän ýerlerindäki patologiýalary anyklap bilýär.


Merkeziň umumy hirurgiýa bölüminde ýurdumyzda ilkinji bolup, garyn boşlugynda innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen giň gerimli amallar geçirilýär. Az zeperleýji laparoskopiki usullary bilen garyn we gasyk ingilerinde, şeýle hem garyn boşlugyndaky agzalarda tyg ýetirmesiz usuly arkaly öt haltada, bagyrda, içege ýollarynda, dalakda we kiçi çanaklykda dürli görnüşli kesellerde üstünlikli amallar geçirilýär.


Operasiýalarda ulanylýan tehnologiki çözgütler patologiki ýagdaýlarda düýpli bejergi geçirmeklige esas bolup durýar.


Merkezde daýanç-­hereket ediş ulgamynyň keselleriniň bejergisinde hem täze bejergi usullary girizildi. Ýagny ortopediýa bölüminde artroskopiki bejeriş we anyklaýyş usullary giňden ulanylýar. Bu usul dyz, but çanak, çigin, injik, daban bogunlarynda ýüze çykan kesellerde tygýetirmezden bejermeklige mümkinçilik döretdi. Bu bogunlarda baglaýjylaryň, kekirdewügiň, meniskleriň zeperlenmeginde giň gerimli operasiýalar amala aşyrylýar. Käbir çylşyrymlaşan ýagdaýlarda bogunlarda hereketsizlik ýüze çykanda bogunlary düýbünden çalyşmak (endoprotezirlemek) amallary üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle hem bölümde çylşyrymlaşan süňk döwükleriniň bejergisinde täze bejeriş usullary ýola goýuldy. Ähli amallar az zeperleýji usullarda geçirilip, nä­saglaryň tiz wagtda işjeň herekete başlamagyna mümkinçilik döredýär.


Merkeziň urologiýa bölümi hem ýokary tehnologiki innowasion usullary ulanýan bölüm bolup durýar. Bu bölümde peşew çykaryş agzalarynda we ýollarynda ähli amallar az zeperleýji usullar bilen amala aşyrylýar. Bu amallaryň hatarynda prostata mäziniň, peşew haltasynyň täze döremeleriniň we beýleki patologiýalarynyň transuretral rezeksiýasy, laparoskopiki adrenalektomiýa, nefrektomiýa, wazorezeksiýa amallary, radikal prostatektomiýa amallaryny mysal getirip bolýar. Bu amallaryň geçirilmeginde häzirki zaman bejeriş enjamlary ulanylýar. Ol bolsa keseliň agyrlygyna garamazdan, düýpli bejergi geçirip, gaýra üzülmeleriň öňüni alýar.


Merkeziň torakal hirurgiýa bölüminde ýurdumyzda ilkinji gezek wideotorakoskopiýa usuly bilen döş kapasasynyň agzalarynda az zeperleýji amallar geçirilip başlandy. Mysal üçin öýkeniň we plewranyň täze döremelerini, kistalaryny wideotorakoskopiýa usuly arkaly kesip aýyrmak, wideotorakoskopiki plewrektomiýa, dekortikasiýa, lobektomiýa, simpatektomiýa amallary geçirilýär.


Merkeziň interwension hirurgiýa bölümi endokrinologiýa toplumynda ýerleşýär. Bu bölüm endokrin kesellerinde ýüze çykýan gaýra üzülmelerde hirurgiki usuly bilen düýpli bejergileri geçirýär. Mysal üçin, süýjüli diabet keselinde magistral gan damarlarynda geçirijiligiň peselip, ahyrlarda gan aýlanyşyň peselmegi netijesinde angioneýropatiýa ýagdaýynyň ýüze çykýandygy belli. Bu bolsa bejergi geçirilmedik ýagdaýynda işemiýa, gangrena we amputasiýa ýagdaýyna sebäp bolýar. Bölümde angiograf enjamynyň kömegi bilen bu damarlary giňeltmek (ballon dilatasiýa), stent goýmak hem­-de käbir çylşyrymlaşan ýagdaýlarda magistral arteriýalary autowenoz, sintetiki protezler bilen protezirlemek we endarterektomiýa operasiýalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa agyr gaýra üzülmeleriň öňüni alyp, süýjüli diabet keselli näsaglaryň ömrüni uzaltmaklyga mümkinçilik döredýär.


Geçirilýän amallaryň çylşyrymlylygyna garamazdan, amala aşyrylýan bejergi usullary ýokary netijeliligi, näsaglaryň gysga wagtyň dowamynda sagalmagy bilen tapawutlanýar. 


Ozal hem bellenip geçilişi ýaly, merkez endokrinologiýa we hirurgi­ýa toplumlaryndan ybarat bolup, onuň wezipesine endokrin keselleriň öňüni almak we häzirki zaman bejergi usullaryny amala aşyrmak bolup durýar. Endokrinologiýa toplumy bejeriş, anyklaýyş we ylmy-­barlaglar babatda häzirki zaman lukmançylygyň soňky gazananlaryny öz içine alýar. Bu toplumda endokrin kesellerini we bozulmalaryny (süýjüli diabet, galkan şekilli hem­-de böwreküsti mäzleriniň kesellerini, metaboliki alamatlar (sindromlar) we başgalar) irki döwürlerde anyklamaga, zerur bejergini geçirmäge, ýüze çykyp biljek gaýra üzülmeleriniň öňüni almaga ähli mümkinçilikler bar.


Merkezde süýjüli diabet keseliniň döwrebap bejergi usullaryny ýola goýmaga uly üns berilýär. Keseliň başlangyç döwürlerinden soňky dowam edýän döwründe, aşgazanasty mäziniň işjeňligini saklamak ugrunda degişli çäreler geçirilýär, süýjüli diabete garşy derman serişdeleriniň ulanylmagy ýola goýulýar. Damarlarda bolup biljek we ýüze çykan gaýra üzülmeleriň (diabetiki angiopatiýa, polineýropatiýa, diabetiki nefropatiýa) ilkinji we ikilenji öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Näsaglara süýjüli diabetde geçirilmeli çäreleri öwretmek bilen baglanyşykly sapaklar gurnalýar. Bu sapaklarda näsaglara dogry iýmitlenme, bejeriş bedenterbiýe maşklary, ganyň süýjülik görkezijisini yzygiderli barlamaklygyň esaslary öwredilýär. Ähli geçirilýän bejergi çäreleri, süý­jüli diabet keseliniň agyr gaýra üzülmeleriniň öňüni alyp, näsaglaryň sagdyn durmuşa dolanmaklygynyň we ömrüniň uzalmaklygynyň esasy bolup durýar.


Edaranyň ady: Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi


Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Atatürk (1972-nji) köçesi, 20-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 48-74-16, +993 (12) 48-74-17


Faks belgisi: 


E-poçta salgysy: 

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 8, 32, 34, 35, 37, 103


Ugur almak üçin bellik: Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner