Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkezi

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkezi 2013-nji ýylyň 5-nji awgustynda açyldy we saglygy goraýyş ulgamynda 12 ýyl hereket etmeginiň içinde uly üstünlikleri gazanyp, ähli çygyrlarda lukmançylygyň iň öňdebaryjy gazananlary bilen aýakdaş gidýär.


Şol geçen döwründe biziň Stomatologiýa merkezimiz ilata ýokary derejeli kömek bermek boýunça uly abraýa eýe boldy we Türkmenistanda stomatologiýa boýunça baş bejeriş-anyklaýyş merkez bolup durýar. Merkez SIRONA, TENEO, IVOKLAR, KAVO, BEGO, SINIUS, FROYDIND ýaly öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň döwrebap bejeriş-anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilen.


Stomatologiýa merkezi diş görnüşinde bina edilip, 6 gatly desgada giň dälizler, ähli otaglarda tebigy ýagtylyk, her iş otagyna rentgenologiýa bölüminden R-suratlary almaga we maglumatlar binýadyndan saklamaga ygtyýar berýän ýeke-täk kompýuter ulgamy bar. Şeýle hem merkezde 2 sany: kiçi we 200 adamlyk uly mejlisler zaly bar.


Näsaglary kabul etmeklik hepdede 6 gün iki çalşykda alnyp barylýar. Merkez irden sagat 8:00-den agşam 19:00-a çenli işleýär.


Merkezde Ortopediýa bölümi, Terapewtik stomatologiýa bölümi, Çagalar stomatologiýasy bölümi, Parodontologiýa bölümi, Ortodontiýa bölümi, Stomatologiýa keselleriniň öňüni alyş bölümi, Hirurgiýa stomatologiýa bölümi, Rentgen bölümi, gijeki wagtda, dynç alyş we baýramçylyk günlerinde gijeki gulluk otaglary, şeýle hem kuwwatly diş tehnikleriň laboratoriýasy bar.


Diş tehnikleriň laboratoriýasy gabaklardan başlap tä iň çylşyrymly gulp protezlerine, býugel protezlerine, neýlon protezlerine, СAD-СAM we teleskopik gabaklaryna çenli işleriň ähli görnüşlerini öndürýärler. Şeýle hem bölümde dişleri skanirleýän enjam ulanylýar.


Terapewtik stomatologiýa bölümi dişleriň çüýrügini we olaryň agyrlaşmalaryny anyklamak hem-de bejermek bilen meşgullanýar. Häzirki zaman nanotehnologiýany ulanmak bilen döwrebap plombalaýjy materiallar arkaly dikeldiş geçirilýär. Endodontiýada SIRO endo POCKET enjamy ulanylyp, onuň kömegi bilen plombalaýjy material arkaly kök kanallarynyň amatly giňeldilmegi we takyk doldurylmagy geçirilýär. Dişleriň çüýrüginiň we çüýrüksiz zeperlenmeleriniň irki anyklaýşyny DIAGNOdent täze anyklaýyş enjamynyň ulanylmagy aňsatlaşdyrýar.


Parodontologiýa bölümi agyz boşlugynyň nemli bardasynyň we parodontyň keselleriniň bejergisi geçirýär. Bejergini beýleki ugurly lukmanlar (terapewtler, endokrinologlar, ginekologlar, çagalar lukmanlary) bilen bilelikde toplumlaýyn barlagdan (barlaghana, kliniki, rentgenologiýa) soň geçirýärler. Diş etiniň we nemli bardasynyň bejergisini derman serişdeleri bilen geçirip, gapdalyndan bejerginiň fizioterapiýa usullaryny goşýarlar (elektroforez, wakuumly owkalama, darsonwalizasiýa, ultrafonoforez, UÝÝ-terapiýa). Ondan başga-da, häzirki wagtda parodontyň keselleriniň hirurgiki bejergisi giňden ornaşdyrylýar (gyýmak operasiýalary, derman serişdelerini ulanmak bilen diş etiniň jübüleriniň açyk kýuretažy). Parodontyň ortopedik bejergisi býugelli şinirleýän protezlemegi öz içine alýar.


Stomatologiýa keselleriniň öňüni alyş bölümi stomatologiýa keselleriniň öňüni almak we bejermek bilen meşgullanýar. Bölümiň lukmanlary hem stomatologiýa merkezinde, hem-de şäherdäki saglyk öýlerinde işleýärler. Stomatologiýa keselleriniň öňüni alyş bölümi merkeziň iň iri we geljekli bölümleriniň biri bolup durýar, çünki stomatologiýa keselleriniň öňüni alyş bölümi – bu diňe bir agyz boşlugynyň keselleriniň däl-de, eýsem umuman bedeniň umumy keselleriniň ýüze çykmagynyň we ösmeginiň öňüni almakdyr. Öňüni alyş maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagy dişleriň çüýrüginiň we parodontyň keselleriniň depginliliginiň gowy peselmegine, ýaşlykda dişleriň ýitmegi ýagdaýlaryny azaltmaga we zeperlenmedik dişli çagalaryň hem-de ýetginjekleriň sanynyň ýokarlanmagyna getirýär. Bölümiň lukmanlary ilata öňüni alyş barlaglaryny geçirýärler, göwreli aýallaryň barlaglary we sagaldyşy geçirilýär. Stomatologiýa kesellerini öňüni almagyň esasy usullary şular bolup durýar: ilata stomatologiýa taýdan aň-bilim bermek, rejeli iýmitlenmegiň düzgünlerini öwretmek, agyz boşlugynyň gigiýenasynyň düzgünlerini öwretmek, ftor serişdelerinden endogen peýdalanmak, ýerli öňüni alyş serişdelerini ulanmak (ftorlak, bellak, fissurit) we gaýtadan öňüni almak (agyz boşlugyny arassalamak). Bölümiň lukmanlary tarapyndan «VENUS», «PEARL», «CHARISMA», «DURAFILL» ýaly täze nesilli plombalaýjy materiallar üstünlikli ulanylyp, şolaryň soňkusy öňdäki dişleri estetika taýdan dikeltmek üçin rentgen-kontrastly, nanogibrid material bolup durýar.


Çagalar stomatologiýasy bölümi çagalaryň arasynda bejeriş we öňüni alyş çärelerini geçirmek bilen meşgullanýar. Çagalarda çüýrügi we onuň agyrlaşmalaryny anyklamagyň hem-de bejermegiň, agyz boşlugynyň nemli bardasyny we parodonty bejermegiň ýaş aýratynlyklary bolýar. Çaga stomatolog lukmany ortodont lukmany bilen bilelikde, diş-äň kemislikleriniň ösüşiniň öňüni almak üçin dişleriň çykmagynyň möhletlerini göz öňünde tutup bejergini meýilleşdirýärler. Çüýrügiň we onuň agyrlaşmalarynyň öňüni almak üçin döwrebap materiallar arkaly (Fissurit, Ketaс-molar we başg.) dişleriň keşlerini jebisleşdirmegi giňden ulanýarlar.


Ortodontiýa bölümi häzirki zaman usullary arkaly çagalarda we ulularda dürli ortodontiýa kemisliklerini öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça çäreleri geçirýärler. Süýt dişleriniň gysylmasy döwründe näsaglara enjamlardan öňki bejergini we öňüni alyş çärelerini geçirýärler; zyýanly endiklerini aýyrýarlar; agyz boşlugyny arassalaýarlar; GBB lukmanynyň maslahatyny berýärler, agyzdan dem almaklygy aradan aýyrýarlar, hirurgiýa gatyşmasy boýunça teklipleri berýärler (ýokarky dodagyň we diliň uýanjygynyň plastikasy hem-de uranoplastikadan soň gaty kentlewügiň hirurgiýadan soňky düzetmesi); kalsiý berhizi boýunça ene-atalaryna maslahatlary berýärler; sözleýiş seslerini dogry çykarmagy kemala getirmek üçin logoped bilen gatnaşyp işleýärler; çaganyň dogry göwresini dikeltmek boýunça ortoped lukmanyň maslahatyny berýärler. Häzirki wagtda bölümde ortopantomografiýa we ortofos 3D rentgen barlagy ýaly goşmaça barlag usullaryny ulanyp, breketleriň gysmagynyň kemisliklerini bejermegi giňden ulanýarlar.


Rentgenologiýa bölümi SIEMENS (Germaniýa) firmasynyň rentgen enjamy bilen üpjün edilen. Stomatologiýa merkeziniň nyşanaly, panoramaly we 3D ölçegli rentgen suratlaryny almaga mümkinçiligi bar. GALILEOS implant programma üpjünçiligi üç ölçegli rentgenografiýa maglumatlary bilen implantologiýa bejergisini meýilleşdirmegi özünde jemleýär, bu bolsa ähli talaplary göz öňünde tutmak bilen implantantyň ýerleşişini takyk kesgitlemäge ygtyýar berýär. Enjam endodontiýada, ortopediýada, implantologiýada we ortodontiýada ulanmak üçin iň gowy usul bolup durýar.


Stomatologiýa merkeziniň hünärmenleri halkara maslahatlaryna, ylmy seminarlara gatnaşýarlar, ähli ýurtlaryň diş lukmanlary bilen ysnyşykly gatnaşyp işleşýärler. Ýöriteleşdirme, okuw we tejribe alyşmak Germaniýada, Türkiýede, Ýaponiýada, Hytaýda we beýleki ýurtlarda geçýär. Stomatologiýa merkeziniň binýadynda maslahatlar, tejribe alyşmak boýunça simpoziumlar geçirilýär.



Edaranyň ady: Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkezi


Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Hans Maýsner adyndaky şaýoly,   23-nji jaý


Telefon belgisi:  +993 (12) 48-71-03


Faks belgisi:   +993 (12) 48-86-60


E-poçta salgysy: direction.med.centers@sanly.tm


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 8, 19, 20, 32,  35, 37, 42, 142 


Ugur almak üçin bellik: Estetiki merkezi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner