Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi

2020-nji ýylda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanylmaga berlen Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi açylan gününden bäri, halkymyza hyzmat edýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap, kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Halkara merkez halkymyza ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny hödürleýär. Bu bolsa merkeze ýanyk şikesi bilen ýüz tutýän näsaglara gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermäge, öz wagtynda keselleri anyklamaga we bejermäge ýardam berýär. Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi 130 orundan ybaratdyr. Merkeziň düzüminde kabul ediş, maslahat beriş-anyklaýyş, endoskopiýa, intensiw bejeriş, reanimasiýa, plastiki-dikeldiş hirurgiýa, ulular we çagalar üçin ýatymlaýyn, barlaghana, balneologiýa, dikeldiş,  giperbariki oksigenasiýa hemde birnäçe ýatymlaýyn bölümlerden  ybaratdyr.


Merkeziň 1-nji gatynda ýerleşýän  kabul ediş bölüminde näsaglar kabul edilip, «Gaýragoýulmasyz kömek» bölüminde ilkinji lukmançylyk kömegi bilen üpjün edilýär. Gaýragoýulmasyz tiz kömek otagynda bir wagtda 6 sany näsagy kabul edip, bejergi çärelerini, şeýle hem gerek bolan laborator we anyklaýyş barlaglary hereketi çäklenen näsaglary ýerinden gozgaman mobil lukmançylyk enjamlaryň kömegi bilen geçirilýär. Bu ýerde bedeniň köp böleginiň ýanygy bilen ýüz tutýan agyr ýagdaýdaky näsaglar dessin ýagdaýda gyssagly operasiýa geçirilmäge hem şertler döredilen.


Merkeziň 2-nji gatynda ýerleşýän operasiýa bölümi 4 sany hirurgiýa zallaryndan ybaratdyr, bu bolsa bir wagtyň özünde birnäçe operasiýalary geçirmek üçin mümkinçilik berýär. Operasiýa otaglarynda ýanyk ýaralaryň agyr şikesler bilen utgaşan ýagdaýynda içki agzalarda umumy hirurgiýa, neýrohirurgiýa, şeýle-de trawmatologiýa operasiýalaryny geçirmek üçin ähli şertler döredilen.


Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň  operasiýa bölüminde  ýanykdan soňky emele gelen gödek tyglaryň we kontrakturalaryň rekonstruktiw operasiýalary edilýär. Operasiýadan soňky dikeldiş döwründe dikeldiş we reabilitasiýa bölüminde degişli bejergiler bilen dowam etdirilýär.


Dikeldiş we reabilitasiýa bölüminde ýanyk keseliniň dikeldiş döwründe mehaniki hereketiň üsti bilen maşklary ýerine ýetirmegi amala aşyrmak üçin ýörite enjamlar, elektriki bejeriji abzallar ýerleşdirilendir.  Bu bolsa ýanykdan soňky hereketiň çäklendirilmegini azaldyp, hereketiň dikelmegine ýardam berýär. Bölümde owkalama, fizioterapiýa, iňňerefleksterapiýa, bejeriş bedenterbiýe we beýleki usullar ulanylýar. Dikeldiş otagynda döwrebap tigirçekli wakuum enjamy ýanykdan soňky gödek bertikleri owkalama arkaly bejermek üçin niýetlenen.


Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda bellenilip geçilişi ýaly, raýatlaryň saglygyny gorap saklamakda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler, jana şypaly melhemlik suwlar giňden ulanylýar. Şeýle melhemlik tebigy çeşmeleriň biri-de «Berzeňňi» tebigy çeşme suwudyr. Mineral suwlaryň täsiri, ondaky himiki elementleriň we birleşmeleriň (duzlaryň, ionlaryň) düzümi bilen kesgitlenýär. Merkezde hyzmat edýän balneologiýa bölümi «Berzeňňi» çeşmesiniň şypaly suwy bilen üpjün edilen. Ýanyk keseliniň dikeldiş döwründe «Berzeňňi» mineral suwy bilen näsaglaryň gatnaw şertlerinde bejergi almagy, ýanykdan soňky emele gelýän tyglaryň öňüni almakda oňyn netije berýär. Bu bölümde 4 sany wannalar ornaşdyrylan. 72 sagadyň dowamynda bejeriş suwunyň düzüminiň tebigylygynyň üýtgemeýänligi ýaralaryň mikroblardan, bakteriýalardan arassalanmagynda, intoksikasiýany aýyrmakda we kelloid tyglaryň emele gelmeginiň öňüni almakda örän ýokary netijeleri görkezýär.


Giperbariki oksigenasiýa bölümi bir wagtyň özünde 6 sany näsagda bejergi geçirmek üçin niýetlenen 2 sany barokameralar bilen üpjün  edilen. Giperbariki oksigenasiýa bedende öýjükleriň regenerasiýasyny gowulandyrýar, şol sanda ýanyk keselli näsaglara bu oňyn täsirini ýetirýär.  


​​​Maslahat beriş­-anyklaýyş bölüminiň häzirki zaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy Merkeze ýüz tutýan adamlarda dürli patologiki ýagdaýlary we keselleri irki döwürlerde anyklamaga  doly mümkinçilikler döredilen.


Merkeziň Reanimasiýa bölüminde ýöriteleşdirilen gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berilýär. Bölümiň bejeriş otaglarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän zerur enjamlar ornaşdyrylan. Bölümde ornaşdyrylan ýöriteleşdirilen «klinitron» krowatlarda kwars çägäniň arasyndan geçýän zyýansyzlandyrylan howa agyr derejeli ýanyklarda ýanyk ýaralarynyň çalt gurap, regenerasiýanyň öz wagtynda geçmegini üpjün edýär. 


Merkeziň barlaghanasynda umumy kliniki, biohimiýa, serologiýa, bakteriologiýa we beýleki barlaglar geçirilýär. Merkeziň reanimobil awtoulagynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy näsaglara ýanyk şikesini alan ýerinde we ulagyň içinde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenendir.

       

​​Döwrebap Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň düzüminde M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň kafedrasynyň bolmagy professor-mugallymlary tarapyndan çylşyrymly näsaglaryň konsultasiýa edilmegine, amaly lukmanlara usulýet kömeginiň berilmegine, degişli ugur boýunça kämil lukmanlaryň taýýarlanmagyna şert döredýär.


Merkeziň açylyş dabarasynda Germaniýanyň ýanyk şikesler assosiasiýasy tarapyndan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezine kreatiw tehnologiýalaryny ulanýan sebitdäki iň gowy merkez hökmünde güwänama we degişli nyşan, şeýle-de Şweýsariýanyň federal tehnologiýa institutynyň adyndan bu merkeziň ýokary tehnologiýalar we innowasiýalaryň ulanylmagy üçin mynasyp bolan güwänama we degişli nyşan berildi.


Edaranyň ady: Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi


Salgysy: 744032, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bekrewe (2072-nji) köçesi, 53-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 34-45-69, +993 (12) 34-45-89


Faks belgisi: +993 (12) 34-45-52


E-poçta salgysy: hysbm@sanly.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 6, 21, 42, 59, 66, 73


Ugur almak üçin bellik: «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner