Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlary we Milli sanjym tertibi

Raýatlara lukmançylyk hyzmatlaryny etmek babatda saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş çärelerini ösdürmek, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Immuno-öňüni alyş çäreleri waksinalar arkaly täsir edilýän ýokanç keseller babatynda epidemiologiýa abadançylygyny saklamagyň möhüm serişdesidir. 


Ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy usullarynyň biri, öňüni alyş sanjymlaryny geçirmekdir. Döwlet tarapyndan satyn alynýan waksina serişdeleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan güwänamalaşdyrylan ýokary hilli bolup, Milli sanjym tertibine laýyklykda ilata muzdsuz geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlaryny geçirmeklik ähli ýaşdaky adamlary mümkin bolan howply kesellerden goramaga gönükdirilendir.


Ýurdumyzda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň durnukly ýokary derejede saklanýandygynyň netijesinde, çagalaryň arasynda duş gelýän ýokanç keselleriň birnäçleri düýbünden ýok edildi. Öňüni alyş sanjymlaryny almadyk çagalar ýokanç kesellere (gyzamyk, gyzylja, difteriýa we beýleki) duçar bolmagy mümkin. Bu keseller dürli gaýra üzülmelere, hatda bütin ömrüne maýyplyga, kähalatda heläkçilige sezewar edip biler. 


Şonuň üçin her bir ata-ene çagalarynyň saglygy üçin öz wagtynda keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almaga borçludyr. Çaganyň haýsy ýaşda, nähili tertipde, nirede öňüni sanjymlaryny almalydygy hakynda maşgala agzalarynyň bilmegi zerurdyr hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň bu ugurda alyp barýan işlerine ilatyň köpçülikleýin gatnaşmagy möhümdir. Haçan-da adam belli bir kesele garşy öňüni alyş sanjymyny alanda, onuň bedeninde şol ýokanja garşy gorag bedenjikleri (antitelalar) döreýär. Ol gorag bedenjikleri mikroorganizimleri zyýansyzlandyryp, şol keseliň ýüze çykmagyna päsgel berýär. Çaga enesiniň göwresinde wagty we doglandan soň ilkinji aýlarynda ejesinden alan antitelalary bilen birnäçe ýokanç kesellerden goranýar. Soňra bir ýaşyna çenli ejesinden çaga geçen antitelalar kem-kemden güýjüni ýitirýär we çaganyň kesellere garşy goraglylygy peselýär.


Öňüni alyş sanjymlary näme üçin zerur?


Öňüni alyş sanjymlary ýokanç kesellerden goranmagyň iň netijeli usulydyr. Ilat arasynda haýsy bolsa-da bir keseliň häzirki wagtda bolmazlygy şol keseli dörediji bakteriýalaryň we wiruslaryň tebigatda aýlanyşygynyň ýokdugyny aňlatmaýar. Çagalara we ululara edilýän öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti uludyr. Sanjymlar bilen öňüni alyp bolýan kesellere garşy waksina edilmedik halatynda, kesellän näsagda agyr gaýra üzülmeleriň ýüze çykmak ähtimallygyny ýokarlandyrýar.


Sanjymlar haýsy kesellerden goraýar?


Biziň ýurdumyzda Milli sanjym tertibine laýyklykda BSGG-niň güwänamasyny alan waksinalar bilen wirusly gepatitiň A, B görnüşine, inçekesele, poliomiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, şeýle-de pnewmokokk, rotawirus ýokançlaryna garşy öňüni alyş sanjymlary raýatlarymyza tölegsiz geçirilýär. Çaga doglanda oňa geçirilýän öňüni alyş sanjymlary barada maglumatlary bellenilýän «Sanjym pasporty» berilýär. 


Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda ýokarda agzalan waksinalar arkaly öňüni alyp bolýan ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokary derejesiniň (95 göterimden gowrak) netijesinde, epidemiologiýa abadançylygy üpjün edilýär.


Milli sanjym tertibi boýunça ýurdumyzda çagalara tölegsiz geçirilýän öňüni alyş sanjymlaryň haýsy kesellerden goraýandygy barada her bir adamyň bilmegi hökmandyr!


Gepatitiň В görnüşini döredýän wirus bagryň sirrozyna we howply täze döremelerine getirip biler. Bu wirusa garşy WGB sanjymy bäbek doglandan soň 24 sagadyň dowamynda we 2, 3, 4 aýlykda sanjylýar. 


Inçekeseli döredýän ýokanç öýkeni, bedeniň ähli içki agzalary, derini, süňki zeperläp, agyr ýagdaýlara getirip bilýär. Inçekesele garşy BSŽ sanjymy bäbek doglandan soň 2-3 günlüginde we çaga 14 ýaşyna ýetende sanjylýar. 


Poliomiýelit keselini döredýän wirus elleriň, aýaklaryň, hatda dem alyş myşsalaryň ysmazyna getirýär. Poliomiýelit keseline garşy waksina bäbek doglandan soň 2-3 günlüginde we 2, 3, 4 hem-de 18 aýlyk çagalarda geçirilýär. 


Difteriýa keselini döredýän ýokanjyň zäheri adam dokumasyny we beden agzalaryny zeperleýär, dem alyş ýollaryny ýapýan perdejigi döredip, agyr ýagdaýlara getirip ýagdaýlara getirip bilýär. Difteriýa keseline garşy sanjym 2, 3, 4, 18 aýlykda we 6, 15, 25 ýaşda sanjylýar. 


Gökbogma keselini döredýän ýokanç üznüksiz üsgülewük bilen häsiýetlendirilip, bogulmaklyga we agyr ýagdaýa eltýär. Gökbogma keseline garşy öňüni alyş sanjymy 2, 3, 4 we 18 aýlyk çagalara sanjylýar. 


Bürme keselini döreýän ýokanjyň zäheri nerw ulgamyny zeperlendirip, güýçli tutgaý ýagdaýyna we dem alşyň togtamagyna getirýär. Bürme keseline garşy sanjym 2, 3, 4, 18 aýlykda we 6, 15, 25 ýaşda sanjylýar. 


Hib ýokanjy iriňli meningidiň, pnewmoniýanyň sebäpleriniň biri bolup durýar. Bu ýokanja garşy öňüni alyş sanjymy 2, 3, 4 aýlyk çagalara sanjylýar. 


Gyzamygy döredýän ýokanç ensefalit, pnewmoniýa, otit, körlük ýaly agyr gaýra üzülmelere getirýär. Gyzamyk keseli bilen kesellän çagalarda insuline bagly süýjüli diabet keseliniň döremegi mümkin. Bu kesele garşy öňüni alyş sanjymy 12 – 15 aýlyk we 6 ýaşly çagalara sanjylýar. 


Gyzylja keseliniň ýokanjy ensefalide getirip bilýär. Kesel göwreli aýallara ýokuşanda bolsa, olarda doga kemisli çagalaryň dogulmak howpy bolýar. Gyzylja keseline garşy öňüni alyş sanjymy 12 – 15 aýlyk we 6 ýaşly çagalara sanjylýar. 


Hapgyrtma keselini dörediji wirus gulakýany mäziň sowuklamasyna, oglanlarda soňlugy bilen önelgesizlige getirip bilýär. Hapgyrtma keseline garşy öňüni alyş sanjymy 12 – 15 aýlyk we 6 ýaşly çagalara sanjylýar. 


Pnewmokokk ýokanjy pnewmoniýanyň, iriňli meningidiň, otitiň sebäpleriniň biri bolup durýar. Bu ýokanja garşy sanjym çagalara 2, 4 we 12 – 15 aýlykda sanjylýar. 


Rotawirus ýokanjy bütin dünýäde täze doglan we kiçi ýaşly çagalarda içgeçme keselleriniň giňden duş gelýän sebäbi bolup durýar. Bu ýokanja garşy öňüni alyş sanjymy 2, 3, 4 aýlyk çagalara sanjylýar. 


Gepatitiň «A» görnüşini döredýän wirus bagry zeperlendirýär hem-de köplenç, bedeniň saralma alamatlary bilen geçýär. Keselden soň sagalan adamlara adaty durmuşa, okuwa we işe dolanmak üçin birnäçe wagt gerek bolýar. Bu kesele garşy öňüni alyş sanjymy 18 aýlyk çagalara sanjylýar.


Adamyň papilloma wirusy – ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň, genital kondilomalaryň we beýleki jyns organlarynyň rak keselleriniň esasy sebäbi bolup durýar. Köp ýagdaýlarda ýokançly adamda kesel alamatlary bolman soň olar keseli ýaýradyjy bolýarlar.


Bellenen keselleriň öňüni alyş sanjymlary Diýarymyzda raýatlar baradaky ählitaraplaýyn aladanyň bir bölegi bolup durýar. Bu kesellerden we olaryň gaýra üzülmelerinden goranmak maksady bilen, ýurdumyzyň raýatlaryna saglygy goraýyş edaralaryna ýüz tutup, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almak maslahat berilýär. 


Ene-atalara maslahat


Käbir ene-atalar çagasyny «sanjymly agyrydan goraýaryn» diýen pikir bilen sanjymlamany özbaşdak yza süýşürýärler. Milli sanjym tertibi boýunça wagtynda alynmadyk öňüni alyş sanjymy, çaganyň ýokanç kesel bilen kesellemek ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin:


öňüni alyş sanjymy geçiriljek güni saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin çagany hökmany ýagdaýda maşgala lukmanynyň gözegçiliginden geçirmeli we sanjyma rugsat almaly;


ýeňil görnüşde geçýän käbir keseller, keseliň sagalyş döwri, allergiki ýüze çykmalar, serebral ysmazy we Daunyň sindromy, ozalky sanjym geçirilen ýerinde agyrynyň bolmagy, sanjym edilen ýeriň gyzarmagy ýa-da çişmegi, ýeňil derejede geçýän ganazlyk, perinatal ensefalopatiýa, çarşajyk görnüşli mäziň (timus) ulalmagy, disbakterioz, ýaňy-ýakynda ýokanç keselli näsag bilen gatnaşykda bolmagy, çaganyň kemis dogulmagy, çaganyň ýakyn garyndaşlarynda garaguş keseliniň bolmagy, maşgala agzalarynda sanjymdan soňky gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagy, çaganyň garyndaşlarynda mahsus däl allergiýanyň bolmagy keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegine garşy görkezme däldir;


öňüni alyş sanjymlaryna garşy görkezmäni çaganyň ýagdaýyna we kesel kesgidine görä Saglyk öýünde hereket edýän topar kesgitleýär;


çaganyň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almagy gelejekde onuň saglygyny ýokanç kesellerden goramaga ýardam berjek usullaryň biridir.


Öňüni alyş sanjymlaryň Milli sanjym tertibi

Öňüni alyş sanjymlaryň geçirilýän wagty
Öňüni alyş sanjymlaryň görnüşleri

Täze doglan bäbeklere ilkinji 24 sagadyň dowamynda

Wirusly gepatitiň B görnüşine garşy

WGB1

2-3 günlükde

Inçekesele garşy

BSŽ1

Poliomiýelit keseline garşy

OPW0

2 aýlykda

Gökbogma, difteriýa, bürme kesellerine, wirusly gepatitiň B görnüşine we Hib ýokanjyna garşy

AGDB1 WGB2  Hib1

Poliomiýelit ýokanç keseline garşy

OPW1

Pnewmokokk ýokanjyna garşy

PKW1

Rotawirus ýokanjyna garşy

Rota1

3 aýlykda

Gökbogma, difteriýa, bürme kesellerine, wirusly gepatitiň B görnüşine, Hib ýokanjyna garşy

AGDB2 WGB3 Hib2

Poliomiýelit keseline garşy

OPW2

Poliomiýelit keseline garşy

IPW

Rotawirus ýokanjyna garşy

Rota2

4 aýlykda

Gökbogma, difteriýa, bürme kesellerine, wirusly gepatitiň B görnüşine, Hib ýokanjyna garşy

AGDB3 WGB4  Hib3

Poliomiýelit keseline garşy

OPW3

Pnewmokokk ýokanjyna garşy

PKW2

Rotawirus ýokanjyna garşy

Rota3

12-15 aýlykda

Gyzamyk, gyzylja, hapgyrtma kesellerine garşy

MMR1

Pnewmokokk ýokanjyna garşy

PKW3

18 aýlykda

Gökbogma, difteriýa, bürme kesellerine garşy

AGDB4

Poliomiýelit keseline garşy

OPW4

Wirusly gepatitiň A görnüşine garşy

WGA

6 ýaşda

Difteriýa, bürme kesellerine garşy

ADB

Gyzamyk, gyzylja, hapgyrtma kesellerine garşy

MMR2

9 ýaşda

Adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply döremelerine garşy

APW1

APW2

14 ýaşda

Inçekesele garşy

BSŽ2

15 ýaşda

Difteriýa, bürme kesellerine garşy

ADB M1

25 ýaşda

Difteriýa, bürme kesellerine garşy

ADB M2


Bellik: Adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply döremelerine garşy waksinasy bilen öňüni alyş sanjymlaryň birinji we ikinji dozasynyň aralygy 6 aýdan az bolmaly däldir.


banner
banner
banner