Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi
Garaşsyzlyk ýyllary döwründe Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda dünýä ülňelerine laýyk gelýän, saglygy goraýyş edaralarynyň yzygiderli gurlyp, ulanylmaga berilmegi, olarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyryp, keselleriň gysga möhletde, gaýraüzülmesiz bejerilmegine, maýyplygyň öňüni almaga, netijede adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmaga mümkinçilik döretdi.
2015-nji ýylyň iýul aýynyň 20-ne enä we çaga ýokary hilli kömegini bermek üçin niýetlenen 7 gatly, 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň täze binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Keselleri ýokary hil derejesinde anyklamak we bejermek ýöriteleşdirilen 28 bölümiň kömeginde amala aşyrylýar:
1. Kabul ediş bölümi;
2. Barlaghana ylmy-kliniki bölümi;
3. Anyklayyş-maslahat beriş bölümi;
4. Ýatymlayyn anyklayyş bölümi;
5. Çagalaryň osüşi we irki dikeldiş bölümi;
6. Fiziobejeriş we bejeriş bedenterbiye bölümi;
7. Çagalaryň gematologiya ylmy-kliniki bölümi;
8. Çagalaryň pulmonologiya ylmy-kliniki bölümi;
9. Çagalaryň allergologiya we immunologiya ylmy-kliniki bölümi;
10. Çaga iç keselleri ylmy-kliniki bölümi;
11. Çagalaryň toksikologiýa we gemodializ bölümi;
12. Çagalaryň trawmatologiya-ortopediya we neýrohirurgiýa ylmy-kliniki bölümi;
13. Bir ýaşa çenli çagalaryň hirurgiýasy ylmy-kliniki bölümi;
14. Çagalaryň uro-ginekologiýa ylmy-kliniki bölümi;
15. Çagalaryň hirurgiýasy ylmy-kliniki bölümi;
16. Çagalaryň ýetginjek döwrüniň patologiýasy ylmy-kliniki bölümi (gyzlar üçin);
17. Çagalaryň anesteziologiýa we reanimasiýa ylmy-kliniki bölümi;
18. Şikesleri bejeriş otagy;
19. Operasiýa bölümi;
20. Dogrum bölümi;
21. Göwrelileriň patologiýasy ylmy-kliniki bölümi;
22. Dogrumdan soňky ylmy-kliniki bölümi;
23. Bäbekleriň patologiýasy bölümi;
24. Ginekologiýa ylmy-kliniki bölümi;
25. Bäbekleriň patologiyasy ylmy-kliniki bölümi (wagtyna ýetmedik we pes agramly bäbekleriň idegi);
26. Bäbekleriň anesteziologiýa we reanimasiýa bölümi (wagtyna ýetmedik we pes agramly bäbekler üçin);
27. Anesteziologiýa we reanimasiýa bölümi (akuşerçilik we ginekologiýa üçin);
28. Ylmy-usulyýet we guramaçylyk, usulyýet we hünar kämilleşdiriş okuw bölümi.
Merkezde ýurdymyzda deňi taý bolmadyk täze bölümler işleýärler.
Merkeziň Anyklaýyş-maslahat beriş bolüminde saglygy gorayşyň soňky gazananlary bolan kompýuter tomografiýa, ýader-magnit rezonans, rentgen-flýurografiýa, spirografiýa, ultrases, elektrokardiografiýa, fibrogastroduodenoskopiýa, bronhoskopiýa we beýleki adam bedeninde bolup geçýän üýtgemeleri doly derejede ýüze çykarmakda deňi-taýy bolmadyk enjamlar ornaşdyrylan. Bu bolsa kesel kesgidini doly anyklap, bejergi işlerini gecirmek üçin zerur şertleriň biridir. Merkezde ulanylýan göçme rentgen enjamlaryny hereketleriniň çäklendirilmegi zerur bolan ejir ceken raýatlaryň öz ýerinde näsazlyklaryny takyk anyklamaga uly ýardam beryär.
Merkezde Reproduktiw saglygy goraýyş Milli merkezi hyzmat edýär. Bu gullugyň esasy ugurlary: zenanlaryň reproduktiw saglygyny öwrenmek, zenan we erkek önelgesizliginiň meselelerini, dogabitdi we gazanylan keselleriniň öňüni almak maksady bilen, göwreli zenanlaryň skrining barlagyny geçirmek, “howp toparyna” degişli we şol sanda göwrelilik döwründe ýitgiler bolan zenanlara pregrawidar taýýarlygyny geçirmek bolup durýar.
Merkeziň Çagalaryň ýetginjek döwrüniň patologiyasy ylmy-kliniki bölümi Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen. Bu bölüm 15–18 ýaşly gyzlar üçin niýetlenen. Ýetginjeklik döwründe gyzlaryň arasynda urogenital keselleri ir ýüze çykarmagyna, bejermegine, maslahat bermekligine we gerek bolan ýagdaýynda degişli ýöriteleşdirilen gulluklaryna ugratmaklygyna gönükdirilendir. Ondan başga-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýöretmek, reproduktiw saglygyna gözegcilik gecirmek bu bölümiň esasy meselesi bolup durýar.
Ýurdumyzda ilkinji gezek ýatymlaýyn-anyklaýyş bölümi açyldy. Bölümiň esasy maksady keselleri wagtynda anyklap, gaýragoýulmasyz kömegini bermekden ybarat. Onuň üçin döwrebap anyklaýyş usullar, ýagny gastroskopiýa, kolonoskopiýa, kompýuter we ýader magnit tomografiýasy ulanylýar. Bölümde şok ýagdaýlarda düşen näsaglara, gaýragoýulmasyz kömegini bermek üçin, gerek bolan derman serişdeler we ýokary hilli gurallar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen otagy hyzmat edýär.
Merkezde ýurdumyzda ýeke-täk bolan, çagalaryň toksikologiýa we gemodializ bölümi açyldy.
Bölüm nemes kompaniýasynyň “Fresenius Medical Care”, “Multifiltrat” 5008S emeli böwrek enjamy, “Drager” emeli dem alyş enjamy, monitorlar, infuzomatlar bilen enjamlaşdyrylan. Bölümde ýiti zäherlenmeleriň bejergisi, ýiti böwrek ýetmezçilikli çagalara we göwreli zenanlara gemodializ geçirilýär. Dowamly böwrek bozulmalaryndan ejir çekýän çagalara hronodializ geçirilýär. Lukman Arkadagymyzyň adyny göterýän howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahabat gaznasy tarapyndan merkezimiziň Toksikologiýa we gemodializ bölümine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň B.Braun kompaniýasynyň iň kämil “Dialog +” kysymly gemodializ enjamlarynyň peşgeş berilmegi, saglygy goraýyş işgärlerini has-da buýsandyrdy. Bu gemodializ enjamlary böwrek ýetmezçilikli näsaglary gemodializ usuly bilen bejerip, olaryň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmakda ömür dowamatyny uzaltmakda ähmiýeti uludyr.
Merkezde ilkinji gezek 18 orunlyk Çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölümi açyldy we ol Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça, 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda öňünde goýulan meseleleri amala aşyrmak boýunça UNICEF guramasy bilen hyzmatdaşlykda uly işleri alyp barýar we olaryň ornaşdyrylmagy boýunça okuw-usulyýet merkezi bolup durýar. Bu ugruň maksady çaganyň ösüşine, maşgalanyň hemme taraplaýyn täsir etmegi bilen, öz mümkinçiliklerini doly ösdürmeklik hukugyny üpjün etmek bolup durýar.
Hormatly Arkadagymyzyň tagallasynda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen saglygy goraýyşyň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň berk düýbi tutuldy we häzirki wagtda bu bilelikdäki uly we ulgamlaýyn işler özüniň täsirli netijelerini berýärler. 2019-njy ýylda saglygy goraýyş boýunça geçirilen VIII Türkmen-German forumyna gatnaşan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Münhen şäheriniň, Çaga ortopediýa bölüminiň ýolbaşçysynyň, Dr. Winsent Frimbergeriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bäbeklerde but çanaklyk bognunyň displaziýasyny anyklamakda geçirilýän işleri gyzyklanma döretdi. Onuň gönüden – göni ýolbaşçylygynda “Çagalarda çanaklyk-but bognunyň displaziýasynyň anyklanşyny we bejergisini kämilleşdirmek” – atly ylmy-barlag iş üstünlikli ýerine ýetirildi. Geçirilen barlagyň esasynda ýurdumyzyň ähli çaga dogrulýan hassahanalarynda, USB arkaly çanaklyk-but bognunyň displaziýasynyň irki döwürde anyklanşynyň ornaşdyrylmagy we kesgitlenen patologiýanyň ir düzedilmegi maýyplygyň öňüni almakda möhüm orny eýeleýändigi görkezildi. Bu ugurda hyzmatdaşlyk dowam edilýär we ýylda nemes hünärmenleriň gatnaşmagynda merkezimizde çaga trawmatolog-ortoped lukmanlarymyz bilen bilelikde täze bejergiler, çylşyrymly operasiýalar ornaşdyrylýar. Şu ýyl hem nemes bilermenleri bilen bilelikde “Çaga serebral ysmazlygynda spastiki kontrakturalaryň ortopediki bejeriş amallarynyň netijelerini öwrenmek” – atly täze ylmy- barlag iş tassyklanyldy.
Çagalarda ýiti leýkozyň bejeriliş tejribesinde Aahen şäherindäki çaga onkologiýasy we sütünli öýjükleriň transplantasiýasy uniwersitetiniň çaga klinikasynyň seksiýa müdiri, professor Udo Kontny bilen hyzmatdaşlygyň çäginde ýiti limfoblast leýkozly çagalar german beýanyna laýyklykda alnyp barylýar. “ALL BFM - 95” beýany boýunça geçirilýän bejergi shemasynyň netijesinde remissiýanyň dowamlylygyny ýokarlandyrmak boýunça gowy netijeler gazanyldy.
IX Türkmen-german forumynyň esasynda ýurdumyzda “Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almak taslamasyny amala aşyrmak barada» buýrugyna laýyklykda, ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerini irki möhletde ýüze çykarmak we bejermek işleri ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýar. Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilýan adyndaky Gross-Hadern klinikasynda akuşer-ginekolog lukmanlar we Şarite klinikasynda çaga hirurg lukmanlar tejribe alyşdylar.
“Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde merkezde ýurdumyzda spinal amiotrofiýa keselini anyklamak üçin molekulýar-genetiki barlagy ýola goýuldy we bu nesil yzarlaýan keselli cagalara “Ewrisdi” hem Gemofiliýa A keseli anyklanan çagalarda ”Gemlibra” atly innowasion dermanlary bilen bejergi almaga mümkinçilik döredildi.
Merkeziň çaga hirurgiýa bölümlerinde Girşprung keselini anyklamakda we bejermekde döwrebap usullar ulanylýar we peşew halta ekstrofiýasynyň bejergisinde täze hirurgiki taktikasy ornaşdyryldy.
Merkezde laparoskopiki operasiýalary giňden ulanýar: pilor stenozy üçin pilorotomiýa, garyn sistektomiýasy, nefrektomiýa, appendektomiýa hem-de peşew haltanyň kontakt lazer litotripsiýasy ýola goýulan.
Merkezde çagalarda kardiohirurgiki operasiýalar edilip başlandy, olaryň arasynda: açyk arterial akymy ýapmak, perikard boşlugyny drenirlemek, alynýürekara we garynjykara germewiň defektiniň plastikasy.
Öz perzendiniň geljegi hakda aladalanmak ynsana mahsus häsiýetleriň biridir. Türkmenistany bagtly çagalygyň, olaryň iň arzyly, islegleriniň hasyl bolan ýurdy diýip atlandyrmak bolar.
Milli Liderimize, Lukman – Arkadagymyza, mähriban Prezidentimize Saglygy goraýyş ulgamynda döredip berýän mümkinçiligi hem-de howandarlygy üçin sag bolsun aýdaýarys. Geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, watan söýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ugrundaky edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il ähmiýetli, ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Edaranyň ady: Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi
Salgysy: 744013, Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 80-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 36-82-10, +993 (12) 36-82-08
Faks belgisi: +993 (12) 36-82-57
E-poçta salgysy: ecsgykm@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 6, 8, 13, 21, 23, 30, 40, 44, 45, 49, 50, 51, 56, 59, 61, 63, 66, 74, 80, 90, 108, 110
Ugur almak üçin bellik: Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta