Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi

Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýär we 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda açyldy. Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi 60 näsag orunlyk bolup, birnäçe  bölümleri öz içine alýar: kabul ediş-maslahat beriş, ulular dispanser, çagalar dispanser, hirurgiýa, öýken, rentgen we funksional anyklaýyş, ylmy-kliniki, guramaçylyk-usulyýet, agyr keseller bölümleri. Her bir bölüm öz iş ugruna laýyklykda döwrebap barlag we bejeriş işlerini geçirýärler. Inçekeseliň öňüni almak, wagtynda ýüze çykarmak, bejermek işlerini talaba laýyk alyp barmak, ýurtda inçekesel bilen keselleýjiligi, keselçiligi azaltmak Merkeziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu işler toplumy Saglyk öýleriniň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň lukmanlary bilen jebis hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.


Kabul ediş-maslahat beriş bölümi: Kabul ediş-maslahat beriş bölüminiň düzümine bronholog, diş, göz keselleri, newropatolog, narkolog-psihiatr, öýkenden daşary inçekesel lukmanynyň otaglary girýärler we olaryň her biri öz ugry boýunça näsaglary kabul edip, degişli barlaglary geçirip, bejergi işlerini alyp barýarlar. Merkezimiziň kabul ediş we maslahat beriş bölümine degişli bronhoskopiýä otagynda bronhologiýa usulyny anyklaýyşyň we bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulanmaklyk giňden ýola goýulan. Näsaglaryň hassahana ýerleşdirilmegi kabul ediş-maslahat beriş bölüminiň üsti bilen amala aşyrylýar. Mundan başga-da, bölüm tarapyndan welaýatlardan ýüz tutup gelen näsaglara maslahat beriş, kesel kesgidini anyklaýyş kömegi ýokary derejede üpjün edilýär.


Ulular we çagalar dispanser bölümleri: Aşgabat şäheri boýunça inçekesele şübheli näsaglara barlaglar geçirmeklik,  kesel kesgidini anyklamaklyk, inçekesel ýüze çykarylan näsaglary hasaba almaklyk, bejergi we sagaldyş çärelerini geçirmeklik, dispanser gözegçiligini alyp barmaklyk ulular we çagalar dispanser bölümleriniň esasy wezipeleri bolup durýar. Lukmanlaryň näsaglary kabul edýän otaglary soňky nusgada öndürilen kompýuterler, telefon bilen enjamlaşdyrylan.


Merkeziň  ulular dispanser bölüminde gatnawly bejergi alýan näsaglara hyzmat edýän inçekesel lukman otaglaryndan başga-da diş, gulak, burun, bokurdak, böwrek kesellerini, dem alyş ýollarynyň, nerw ulgamynyň kesellerini bejermek üçin döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan lukman otaglary näsaglaryň öýkenden daşary kesellerini hem anyklamaklyga we bejermeklige mümkinçilik döredýär.


Gizlin (latent) inçekesel ýokanjyna güman edilýänlere: inçekeselli näsaglar bilen galtaşykda bolan çagalara, ýetginjeklere, ululara, inçekesel ýokanjy ýüze çykarylanlara, inçekesel bilen kesellemek töwekgelçiligi ýokary topardakylara himio-öňüni alyş bejergisini geçirmeklik dowam etdirilýär.


Mundan başga-da, bölümiň lukmanlary Aşgabat şäheriniň Saglyk öýlerine, Merkezi hassahanalaryna, şeýle hem welaýat inçekesel hassahanalaryna maslahat beriş, guramaçylyk-usulyýet kömegini berýärler. Lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, hil kepilligini gazanmak üçin Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezinde we welaýat inçekesel hassahanalarynda inçekesele garşy göreş çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik-monitoring giň ýola goýuldy.


Rentgen we funksional anyklaýyş bölümi: Bölümiň düzümine rentgen, flýurografiýa, ultrases barlagy, kompýuter-tomografiýa, fizioterapiýa, elektrokardiografiýa otaglary girýär. Bölümde “SIEMENS” kompaniýasynyň kompýuter-tomografiýa, flýurografiýa, rentgen barlag usullarynyň ulanylmagy döş kapasasynda döreýän inçekeseli we beýleki keselleri takyk anyklamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, öýken we beýleki içki agzalaryň kesellerini anyklamak üçin ultra ses barlagy giňden ulanylýar. Bu häzirki zaman ýokary hilli enjamyň kömegi bilen öýken plewritini, öýken ehinokokkozyny, öýkeniň dürli çiş we beýleki kesellerini ir ýüze çykaryp bolýar. Inçekeseliň ýürek keselleri bilen utgaşyp gelen ýagdaýynda hassahanada oturdylan köp kanally elektrokardiogramma barlag enjamy arkaly keseli anyklap bolýar.


Öýken bölümi: Merkeziň öýken bölümi 40 näsag orunlyk bolup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, näsag otaglarynda näsaglar üçin amatly şertler döredilen. Bölümde Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Gollanmalaryna esaslanyp, inçekeselli näsaglary anyklamak we bejermek, şol sanda  dermana durnukly inçekeselli näsaglary bejermek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Halkara standartlaryny göz öňünde tutmak bilen hassahanada ýokanja gözegçilik çäreleri amala aşyrylýar.


Inçekeseli anyklamakda we ilkinji ýüze çykarylan näsaglaryň bejergisiniň netijeliligine baha bermekde merkezleşdirilen gözegçilik ýola goýuldy. Dermana duýgurlyk synaglary birinji we ikinji hatar derman serişdeleriniň ählisine, şeýle hem täze alynan linelozid derman serişdesine geçirilýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosy bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýan operasion barlaglaryň çäginde rifampisine we köp dermana durnukly inçekeseliň dowamlylygy 39 hepde bolan kämilleşdirilen gysgaldylan bejergi düzgüni ornaşdyryldy we deslapky netijeler boýunça bejeriş üstünligi 91,7% gazanyldy.


Häzirki wagtda inçekeseliň giňişleýin dermana durnukly görnüşiniň   anyklaýyş- barlag işleri üstünlikli geçirilýär we täze bejeriş usullary girizildi. Bejergi täze dermamlar (bedakliwin, delamanid, klofozamin, linezolid, emipinem)  bilen geçirlýär. Dermana durnukly inçekeseli anyklamagyň we bejermegiň netijesi ep-esli gowulaşdy we “Inçekeseli ýok etmek”  Halkara  ýorelgesiniň ösüşiniň  milli  başlangyjyna  gabat  gelýär.


Inçekeseliň giňişleýin dermanlara durnukly görnüşli näsaglary Aşgabat şäherinde we ähli welaýatynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan teklip edilen “BpaL”, “BPAL-C”, “BPAL-M” bejeriş düzgüni bilen bejermeklik dowam etdirilýär.


Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda inçekesel mikobakteriýalarynyň tipini anyklamaga mümkinçilik berýän GeneXpert  Ultra usuly işe girizildi.


Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda GeneXpert enjamy arkaly inçekeselli näsaglarda “B”, “C” wirusly gepatiti mugtuna anyklaýyş we bejeriş usuly ýola goýuldy (dünýäde ilkinji bolup).


Hirurgiýa bölümi: Merkeziň hirurgiýa bölümi 20 näsag orunlyk bolup, her bir näsag otagy 2 näsag üçin niýetlenen we näsaglar üçin amatly şertler döredilen we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen. Bölümde inçekeseli hirurgiýa usullary bilen bejermek üçin häzirki zaman usullaryň, tehnikasynyň hemme taraplaýyn şowly ulanylyp, öýkendäki we süňk-bogun, oňurga inçekeseliniň hirurgiki bejerilişini  kämilleşdirmek maksady bilen täze metal konstruktiw we artroskopiki operatiw usullary işlenilip düzüldi we oňurgada rekonstruktiw-dikeldiş we beýleki täze usullar giňden ulanyşa girizildi. Germaniýanyň “Karl Storz” firmasynyň torakoskop enjamy bilen torakoskopiýa anyklaýyş usulynyň ulanylmagy bolsa döş kapasasynda ýerleşýän plewrada we plewral boşlugynda döreýän keselleri takyk anyklamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda hirurgiýa bölüminde täze çylşyrymlaşan gaýraüzülmeleri ýüze çykan oňurga inçekeselli näsaglarda dikeldiş operasiýalary geçirmeklik dowam etdirilýär.


Agyr keseller bölümi: Agyr keseller bölümi 6 näsag orunlyk bolup, döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan. Bölümde esasan hirurgik operasiýadan soňky ilkinji döwürde näsaglary alyp barmaklyk, şeýle hem inçekeseliň çylşyrymlaşan görnüşli (öýken-ýürek ýetmezçiligi II-III dereje, inçekesel meningiti, meningoensefaliti, spontan pnewmotoraks, öýkenden gan akma) ýa-da agyr utgaşyp gelýän agyr keselli näsaglara bejergi we gözegçilik işleri talaba laýyk gurnalan.


Ylmy-kliniki bölümi: Bölümde ylmy-barlag işleri dünýä ülňülerine laýyklykda alnyp barylýar. Ylmy-kliniki bölüminde häzirki wagtda Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň inçekesel kafedrasy bilen bilelikde döwrümiz üçin wajyp hasaplanýan ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär. Ylmy işleriniň netijeleri boýunça usulyýet gollanmalary, ylmy makalalar, gözükdirijiler çap edilýär.


Guramaçylyk-usulyýet bölümi: Guramaçylyk-usulyýet bölümi Merkeziň näsag ýatymlaýyn, dispanser bölümlerinden, lukman otaglarynden statistiki maglumatlary toplamak bilen olaryň işlerine seljeriş geçirýär. Toplanan maglumatlar boýunça berilen görnüşe laýyklykda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine inçekesel boýunça epidemiologik görkezijileriň we beýleki degişli görkezijileriň aýlyk, çärýekleýin, ýyllyk hasabatlaryny tabşyrýar.


Şeýle hem, Türkmenistanda Global Gaznasy we Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlykda “Inçekesel boýunça hasap - hasabat ýörediş maglumatlaryň informasion ulgamy (ТB-RRIS)” ornaşdyryldy, gerekli enjamlar satyn alyndy, we işleri alyp barmak boýunça maksatnamalar işlenilip düzüldi. “Türkmenistanda inçekesele netijeli gözegçiligi üpjün etmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” esasynda keseli anyklamakda, bejeriş işlerinde we öňüni alyş çärelerinde kämilleşdiriliş işleri güýçlendirildi. Netijede, inçekeseliň epidemiologiki görkezijileri gowulandy. BSGG-nyň baha bermegi boýunça soňky 5 ýylyň dowamynda inçekesel bilen keselleýjiligiň ýurt boýunça düýpgöter azalandygy bellenilýär.


Inçekesel boýunça Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tarapyndan ilat arasynda wagyz-nesihat işleri geçirilýär, inçekesel boýunça audio- we wideomateriallar işlenilip taýýarlanyldy we efire goýberildi. Merkezde her ýyl inçekeseliň wajyp meseleleri boýunça Bütindünýä inçekesele garşy göreş gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirilýär.


Şeýlelikde, inçekesele garşy göreş Milli Maksatnamany ýerine ýetirmekligiň çäklerinde göz öňünde tutulan işler ýokary netijeler gazanmak bilen ýerine ýetirildi. Türkmenistanda inçekesel bilen keselleýjiligiň azalmagynyň häzirki depginde alnyp barylmagynda 2035-nji ýylda BSGG-nyň inçekesel bilen keselleýjiligi azaltmak boýunça 100 müň ilata 10-dan az hadysa «Inçekeseli ýok etmek» maksatlaýyn görkezijisine ýetmeklik gazanylar.


Edaranyň ady: Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi


Salgysy: 744020, Aşgabat şäheri, «Çoganly» ýaşaýyş toplumy, O.Annaýew köçesi, 79-njy jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 73-88-61


Faks belgisi: +993 (12) 73-84-38


E-poçta salgysy: incemerk@sanly.tm


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 11, 17, 53


Ugur almak üçin bellik: Morfologiýa merkezi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner