Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezleşdirilen barlaghanasy

Merkezleşdirilen barlaghana 2010-njy ýylyň sentýabr aýynyň 1-ne Hormatly Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň ak pata bermegi bilen açylyp, işe başlady. Merkezleşdirilen barlaghana üç gatdan ybarat. Ol ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň merkezleriniň biri bolup, birnäçe bölümleri öz içine alýar: umumy bölüm, ylmy-usulyýet, umumy-klinika, biohimiýa-anyklaýyş, serologiýa, immunologiýa, akyş-sitometriýa, molekulýar-genetiki, bakteriologiýa, referens barlaghanasy bilen inçekesel, bakteriologiýa bölümlerinden ybarat. Her bir bölüm öz barlag ugruna laýyklykda giňişleýin döwrebap barlaglary geçirýär.


Umumy bölüm: Hasaba alyş we gan alynýan otagdan ybarat bolup, dürli görnüşli barlaghana barlaglaryndan geçmäge gelýän raýatlary kabul etmek, bionusgalyklary almak we olaryň netijelerini bermek boýunça işleri ýerine ýetirýär.


Umumy-klinika bölümi: Bölümde ganyň giňişleýin umumy barlagy, ganyň gyzdyrma keseline barlagy, ganyň lagtalanma barlagy, peşewiň umumy derňewi, peşewiň Neçiporenka usuly bilen geçirilýän barlagy, täretiň umumy barlagy, täretiň soguljan tohumyna, ýönekeýlere, rotawirus ýokanjynyň ekspress barlagy, plewral, oňurga-beýni suwuklygynyň we beýleki bionusgalaryň umumy derňewleri ýerine ýetirilýär.


Biohimiýa-anyklaýyş bölümi: Ganyň biohimiýa barlaglary: ganyň glýukoza, moçewina, kreatinin, bilirubin we onuň bölekleri, alaninaminotransferaza (ALAT), aspartataminotransferaza (ASAT), gammaglýutamintranspeptidaza (GGT), aşgar-fosfotaza, umumy-belok, albumin, holesterin we onuň bölekleri, ýokary dykyzlykly holesterin, pes dykyzlykly holesterin, trigleseridler, a-amilaza, peşew turşusy, magniý, fosfor, demir, kalsiý, kaliý, natriý, hlor barlaglary degişlilikde ýerine ýetirilýär. Ganyň lagtalanma ulgamyna degişli barlaglar: Halkara kadalaşdyrylan gatnaşyklary (HKG ýa-da MNO, INR) protrombin wagty, protrombin indeksi, fibrinogen, D-dimer, AÇTW, trombin wagty. Lateks testlerden: S-reaktiw belok, antistreptolizin-O, rewmatoid faktor barlagy,  ganyň glikolizirlenen gemoglobiniň mukdaryny kesgitlemek ýaly barlaglary ýerine ýetirilýär.


Immunologiýa bölümi: Immunoferment (IFA) we immunohemilýuminissent (IHM) usuly arkaly wirusly gepatitleriň A, B, C, D, E. görnüşleriniň markýorlaryny, autoimmun gepatitiň markýorlary, Epşteýin-Barra wirusynyň markýorlary, galkan şekilli mäziň gormonlary,  jyns gormonlar, insulin, S-peptid, gizlin ýokançly wiruslary bolan: sitomegalowirus (CMW), gerpes (HSW), toksoplama, hlamidiýa, ureaplazma, mikoplazmanyň wiruslaryny, askarida, ehinokokk, lambliýa ýokançlaryna garşy döreýän antitelalaryny anyklamak, brusellýoza garşy döreýan antitelalary, fibro-test (gialuron turşusy, kollagen, prokollagen, laminin), inçekesel ýokançlaryna garşy döreýän antitelalaryny anyklamak, witamin B-12, witamin–D, ferritin, foliý turşusy, immunoglobulin E, D-dimer  ýaly barlaglar ýerine ýetirilýär.


Serologiýa bölümi: Brusellýozyň Raýta-Heddelson usuly bilen serologiki barlaglary ýerine ýetirilýär.


Molekulýar-genetiki bölümi: Bu bölüm molekulýar derejede wirusly gepatitleriň B, C, D görnüşlerini hil we mukdar taýdan anyklamak, C-gepatitiň genotipini anyklamak, ýokary kanserogen adam papilloma wirusyny anyklamak, Sars-Cov-2 RNT anyklamak, gizlin ýokançlary bolan ureaplazma, mikoplazma, hlamidiýa, sözenek, sitomegalowirus, gerpes ýokançlaryny PZR (Polimeraz zynjyr reaksiýasy) usuly arkaly ýerine ýetirilýär.


Bakteriologiýa bölümi dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomatiki enjamlar bilen üpjün edilen: olardan VITEC-2 Compact enjamy arkaly ýokanç keselleri dörediji mikroorganizmleri anyklamak we antibiotiklere duýgurlygyny barlamak, BacT/ALERT 3D biologiki suwuklyklaryň arassalygyny barlamak üçin ulanylýar. Bakteriologiýa barlagy: adam bedeninden bölünip çykýan biologiki suwuklyklaryň (ganyň, oňurga ýülüginiň, ene süýdüniň, iriňiň, ödüň, täretiň, peşewiň, aýal jyns agzalaryndan bölünip çykýan çykyndylaryň, gulakdan we burun boşlugyndan bölünip çykýan suwuklyklaryň, gulakdan, burundan, agyz boşlugynyň nemli bardasyndan we beýleki bionusgalyklary) ýokanç keselleri döredijilere: Enterobakteriýalara, Salmonella typhi, Shigella, Neisseria meningitides, Corinebacterium diphtheria we kömelejikleriň görnüşleri anyklanylýar. Täretiň Enterobakteriýalara, içegäniň mikrobiosenozyna, jyns agzalaryndan bölünip çykýan çykyndylary sözenege, bakteriologiki ekiş arkaly anyklanylýar. Bakteriologiki barlaglarynda anyklanan kesel dörediji mikroorganizmleri antibiotikleriň 12-20 görnüşine duýgurlygy, awtomatlaşdyrylan we diskodiffuz usuly bilen geçirilýär.


Referens barlaghanasy bilen inçekesel bakteriologiýa bölüminiň anyklaýyş otaglarynda kämilleşdirilen bakteriologiki, molekulýar-genetiki derejede gakylykda, eksudat suwuklygynda we likworda inçekeseli anyklamak üçin niýetlenen dünýä ülňülerine gabat gelýän mikroskoplar, Gene-Expert enjamy, HAIN-test ulgamy bilen PSR barlagy, MGIT-960 enjamlary arkaly inçekeseli gysga wagtda ýüze çykaryp, inçekesele garşy ulanylýan 1-2 hatar derman serişdelerine bolan durnuklylygy kesgitlemek üçin ähli mümkinçilikler döredilen.


Edaranyň ady: Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezleşdirilen barlaghanasy


Salgysy: 744020, Aşgabat şäheri, «Çoganly» ýaşaýyş toplumy, O.Annaýew köçesi, 79-njy jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 73-89-37


Faks belgisi: +993 (12) 73-86-28


E-poçta salgysy: labmerk@sanly.tm


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 11, 17, 53


Ugur almak üçin bellik: Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner