Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Türkmenistanda kliniki ordinatura, aspirantura, doktorantura kabul etmegiň, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärleri berkitmegiň we ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde hasaba almagyň tertipleri

KLINIKI ORDINATURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI 


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008­-nji ýylyň 14­-nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan Kliniki ordinatura hakynda Düzgünnama laýyklykda, kliniki ordinatura ýokary lukmançylyk bilimli, azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolan, 35 ýaşy dolmadyk lukmanlar hem­de lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary (iş ýerlerine ýollaýan iş toparynyň goýbermegi bilen) bäsleşik esasynda kabul edilýär.


Kliniki ordinatura girmek hakynda kliniki ordinatorlary taýýarlamagy amala aşyrýan lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa­da ylmy­-kliniki mer­keziň direktorynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:


 ýokary bilim hakynda diplomyň nusgasy we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasyny);


 işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;


 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;


 4x6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat;


 zähmet depderçesiniň nusgasy.


Kliniki ordinatura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakyndaky diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar diplom we onuň deň derejelidigi hakynda ykrar şahadatnamasyny) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär.


ASPIRANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI 


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda gol çeken 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär. Lukmançylyk ylmy ugry boýunça kliniki ordinaturany doly geçen we saglygy goraýyş ulgamynda azyndan 3 ýyl ýa-da kliniki ordinaturany geçmezden, azyndan 5 ýyl işlän şahslar aspirantura bäsleşik esasynda kabul edilýär. 


Aspirantura girmek hakynda aspirantlary taýýarlamagy amala aşyrýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär: 


— ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasyny); 


— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz; 


— №086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy; 


— 4x6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat; 


— neşir edilen ylmy işleriniň sanawy, eger-de okuwa girýäniň ylmy işleri boýunça oýlap tapmalary bar bolsa, ylmy-barlag işleriniň we oýlap tapmalarynyň, hasabatlarynyň sanawy; 


— hünärine laýyklykda, saýlap alan temasy boýunça ylmy referat; 


— zähmet depderçesiniň nusgasy. 


Aspirantura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakyndaky diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar diplom we onuň deň derejelidigi hakynda ykrar şahadatnamany) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär.


DOKTORANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI 


Doktorantura ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi we doktorlyk dissertasiýasynyň üçden iki böleginiň ýerine ýetirilendigi barada şol ylmy ugurdan işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň güwänamasy, şeýle hem şol geňeş tarapyndan berlen hödürnamasy bolan şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär. 


Doktoranturada okuwyň möhleti üç ýyl. 


Doktorantura girýän adamlar doktorantura döredilen edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza bilen ýüz tutýarlar we şu resminamalary goşup berýärler: 


— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz; 


— terjimehal; 


— №086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy; 


— 4х6 sm ölçegindäki 3 sany fotosurat; 


— ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy; 


— zähmet depderçesiniň nusgasy; 


— neşir eden ylmy işleriniň, oýlap tapyşlarynyň, patentleriniň sanawy we nusgalary, ýerine ýetiren ylmy barlaglary hem-de işläp taýýarlamalary hakyndaky hasabatlarynyň sanawy; 


— üç ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýan doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamagyň meýilnamasy; 


— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň doktorlyk dissertasiýasynyň 2/3 böleginiň taýýardygy hakyndaky güwänamasy; 


— dissertasiýanyň temasynyň ylmy ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň hödürnamasy; 


— dissertasiýanyň temasynyň ylmy ugry boýunça ylmy barlaglary geçirýän iki sany ylymlaryň doktorynyň syny, olarda temanyň ylmy esaslandyrmasyna we derwaýyslygyna hem-de dissertasiýany taýýarlamagyň hödürlenýän meýilnamasyna baha berilmelidir, şeýle-de üç ýylyň dowamynda ony ýerine ýetirmegiň mümkinçiligi görkezilmelidir. 


Doktorantura girýänler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi hakynda diplomynyň we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgalaryny getirip görkezmelidirler.


YLYMLARYŇ KANDIDATY ALYMLYK DEREJESINE DALAŞGÄRLERI BERKITMEGIŇ TERTIBI


Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyrlar. 


Aspiranturada doly okuwy geçenler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul edilmeýär. 


Dalaşgärleri kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin berkitmek üç ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar. 


Bir wagtyň özünde iki ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada dalaşgär bolmaga rugsat edilmeýär. 


Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäriň ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkidilmegi üçin: 


— ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-barlag edarasynyň ýolbaşçysynyň adyna arzasyny; 


hünärine laýyklykda, saýlap alan temasy boýunça ylmy referaty; 


— ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasy). 


— şahsyýetini tassyklaýan resminamany we ýokary bilimi hakyndaky diplomynyň (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen we onuň deň derejelidigini tassyklaýan ykrar şahadatnamasyny) asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.


YLYMLARYŇ DOKTORY ALYMLYK DEREJESINE DALAŞGÄR HÖKMÜNDE HASABA ALMAGYŇ TERTIBI 


Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäriň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolmaly. 


Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak üçin 4 ýyl möhlet bilen ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynýar. 


Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynmagy üçin ýolbaşçynyň adyna: 


— ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy goşulan arzasyny; 


— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň dissertasiýanyň 2/3 böleginiň taýýardygy baradaky güwänamasyny;


— şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ylymlaryň kandidaty diplomynyň asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.


banner
banner
banner