Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi

Arkadag şäherinde saglygy goraýyş desgalarynyň ençemesi ilata hyzmat edýär. Täze şäherde gurlan saglyk maksatly desgalaryň hatarynda özboluşly binagärlik aýratynlygyna eýe bolan Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň binasy Arkadag şäheriniň gözelligine görk goşýar.​ Müdirligiň esasy binasy 4 gatdan we goşmaça 1 gat ýerzemin gat toplumyndan ybarat bolup, binanyň çep ganatynda Arkadag şäheriniň Аrassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, sag ganatynda bolsa, Dermanhana gullugynyň binasy ýerleşýär. 

​

Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň esasy wezipesi häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan netijelerinden başarnykly peýdalanyp, ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmak hem-de raýatlaryň ömrüni uzaltmak ýaly baş ýörelgelere esaslanýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekden, iň ýokary halkara ölçeglere gabat gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny ösdürmekden ybaratdyr. Müdirligiň düzümine Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topary, Hasabatlar we maglumatlar merkezi hem girýär. Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi garamagyndaky Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasyna, Onkologiýa merkezine, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, «Tiz kömek» merkezine, Saglyk öýüne, Saglygy goraýşyň awtoulaglary kärhanasyna gözegçilik edýär.

​

​Edaranyň ady: Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi

​

Salgysy: 745700, Arkadag şäheri, Mälikguly Berdimuhamedow şaýoly, 8-nji jaý

​

Telefon belgisi: +993 (12) 57-03-01

​

Faks belgisi: +993 (12) 57-03-02

​

E-poçta salgysy: dir.med.centers@sanly.tm

​

​Çagyryş merkezi (giňişleýin): 123

​

Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)

Şenbe 09:00 – 13:00

​

Kabul edişlik günleri:

Sişenbe, Anna 15:00 – 17:00

​

Gatnaw ulaglary:

Elektrobuslar: 1, 2, 3

​

Ugur almak üçin bellik: Arkadag şäheriniň häkimligi

​

​Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

​

banner
banner
banner