Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Bagabat» şypahanasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Hormatly Prezidentimiziň yhlasly we öndürijilikli zähmetleri netijesinde, watanymyz beýik sepgitleri eýeledi we dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny berkitmegini şertlendirip, uly üstünlikler gazanyldy.


Milli Lidermiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Hormatly Prezidentimiziň edýän ähli aladalary we işleri, halkymyzyň bol-elin, asuda, eşretli durmuşda ýaşamaklaryna, ýaşlaryň bolsa ylymly-bilimli, sagdyn bedenli hem-de ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.


“Watan diňe halky bilen Watandyr – Döwlet diňe halky bilen Döwletdir” diýýän Arkadagly Gagryman Serdarymyz tarapyndan, raýatlarmyzyň saglyklaryny dikeltmekde, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde   ummasyz işleri durmuşa geçirilýär.


Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen we üstünlikli durmuşa ornaşdyrylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ilatyň saglygyny goramakda ägirt uly ähmiýete eýe boldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyş we hünärmen binýady dünýäniň öňdebaryjy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda, düýpgöter berkidildi. Ak şäherimiz Aşgabatda , welaýat we etrap merkezlerinde, şäherlerde hem-de şäherçelerde şeýle-de oba ýerlerde döwrebap, häzirki zaman Saglygy goraýyş maksatly edara-kärhanalaryň ýüzlerçesi gurlup halkyň hyzmatyna berildi we häzirki wagtda dowam etdirilýär.


Saglygy goraýyş ulgamynyñ ähli ugurlary bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, şypahana ulgamynda hem, beýik  özgertmeler amala aşyryldy. Şypahanalaryñ durky täzelendi we olarda täze binalar gurlup, dünýä ülüñlerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp berildi.


  Şeýle şypahanalaryň biri-de «Bagabat» şypahanasydyr.


 Dag eteginiň  howasy-da, ösümlikleri-de dermandyr. “Bagabat” şypahanasynda aeroterapiýany, gelioterapiýany, fiziobejeriş usullaryny we beýleki birnäçe şypahana bejergileriniň täze usullaryny  öz  içine alýan, ýagny toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullary giňden ulanylýar.


“Bagabat” şypahanasy dem alyş ýollarynyň, nerw, ýürek-damar, endokrin ulgamlarynyň, daýanç-hereket synalarynyň, peşew-jyns we ginekologik kesellerde, alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalarynda toplumlaýyn dikeldiş çärelerini (reabilitasiýa) geçirmekde we raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmekde üstünlikli peýdalanylýar.


Şypahana aşakdaky bölümleri öz içine alýar:


       -   anyklaýyş-maslahat beriş bölümi;

       -   balneoterapiýa we palçyk bilen bejeriş bölümi;

       -   howuz we SPA bölümleri;

       -   fiziobejeriş bölümi.


Şypahananyň anyklaýyş-maslahat beriş bölüminde, şypahana bejergisini almaga gelýän raýatlar, diş, newrolog, kardiolog, oftalmolog, otolaringolog, ginekolog lukmanlaryň maslahatlaryndan peýdalanmaga hem-de  EKG, ultrases, rentgen şeýle-de  endoskopiýa barlaglardan geçmeklerine doly mümkinçilik döredilen.


Şypahananyň balneoterapiýa we palçyk bilen bejeriş bölüminde erkekler we aýallar üçin aýry otaglar göz öňünde tutulandyr.

  

Bölümde deňiz duzly  wannalara howa akymyny hem-de dürli reňkli yşyklary goşup, suwasty, 4-kameraly galwaniki  wannalar, ýogyn içegäniň suw bilen bejergisi (gidrokolonoterapiýa), şarko we aýlawly duşlar, ary baly bilen endamy dolama, palçyk bilen bejeriş (fangoterapiýa) otaglary ýerleşdirilen.


Şypahananyň howuz we SPA bölümleri, arassa suwly howuzlar we daýanç-hereket ediş agzalarynyň keselleri we dürli şikeslerden soňky dikeldiş üçin niýetlenen iň häzirki zaman ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we sport  bilen  meşgul bolmaklary üçin ähli şertler döredilen.


Şypahananyň fizioterapiýa bölüminde ozonoterapiýa (ozon bilen  bejeriş), iglorefleksoterapiýa, aromaterapiýa  (hoşboý yslar bilen bejeriş), krioterapiýa  (sowuk  howa  akymy bilen bejeriş), infragyzyl şöhleli, gury we bugly saunalar, türk hammamy, galoterapiýa (duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş), kapping-terapiýa (hijama) - bu deride kiçiräk dilimleri (kesimleri) edip, olaryň üstüne wakuumly bankalalary goýup, kapilýarlardan gan almak, aromaterapiýa (hoşboý yslar bilen bejermek), stounoterapiýa (gyzgyn daşlar bilen bejeriş owkalama), akwaowkalama hem-de bejeriş owkalama üçin niýetlenen otaglar bolup, bejeriş bedenterbiýe şypahana bejergisini alýan raýatlara ýokary hilli şypahana bejergisini bermeklige uly mümkinçilik döredýär.


Bölümde ýokary hünärli fizioterapewt lukman, raýatlar bilen bejeriş we dikeldiş işlerini alyp barýar.


Şypahanada raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin binada bejeriş ähmiýetli otaglardan başga-da, raýatlar üçin dynç alyş- jemgyýetçilik otaglary hem göz öňünde tutulan. Bu ýerde berhiz lukmany tarapyndan ýörite düzülen aýry-aýry berhiz nahar sanawyny içine alýan 200 orunlyk naharhana,  kitaphana we mejlisler zaly hem-de isleg bildirýän her bir adam türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň täsin bejeriş aýratynlygyny duýup biljek ýeri bolan fitobar ýerleşýär.


Şeýle-de şypahana bejergisini alýan raýatlara Gahryman Arkadagymyzyň ýazyp peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklapediki kitaplarynda ýerleşdirilen dermanlyk ösümliklerinden ýasalan dürli melhemlik çaýlar lukmanlaryň maslahatlary esasynda  hödür edilýär.


Üç gatly özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan ak mermerli binanyň daş-töweregindäki ýaşyl meýdançada ýodalar we telärler göz öňünde tutulyp, gezelenç üçin goşmaça şertler döredilen. Mundan başga-da näsaglaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin toplumyň çäginde futbol, basketbol, tennis, daşky howuz, sport meýdançalary we kafe bar.


Şeýlelikde, “Bagabat” şypahanasy Diýarymyzyň baý tebigy melhem bejeriş serişdelerini ulanmaklyk bilen, dürli kesellerden soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, ýagny adamlaryň bedenini berkitmekde, saglygyny dikeltmekde we olarda keselleriň öňüni almakda hem-de ömür dowamlylygyny uzaltmakda özüniň oňyn täsirini ýetirýär.


“Bagabat” şypahanasy ýylyň dowamynda halkyň hyzmatynda.


Edaranyň ady: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Bagabat» şypahanasy


Salgysy: ​745205, Türkmenistan, Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, «Bagabat» şypahanasy


Telefon belgisi: +993 (12) 59-44-02, +993 (137) 3-73-30


Faks belgisi: +993 (137) 3-73-28


E-poçta salgysy: bagabat@sanly.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobus: 91


Ugur almak üçin bellik: 


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner