Gyzyklanma bildirmegi soramak haty (maslahat beriş hyzmatlary – halkara firmany saýlamak)
Ýurt: Türkmenistan
Taslama: onkologiýa hyzmatynyň
hilini ýokarlandyrmak we
düwnük keselini bejerýän
merkezleriň gurluşygy
Pudak: saglygy goraýyş
Maslahat beriş hyzmatlary: taslamanyň dolandyrylyşyna gözegçilik boýunça maslahatçy Maliýeleşdirmegiň
tertibi: möhletlere bölüp tölemek şertinde satmak, karz, grant
Maliýeleşdirmegiň belgisi: TKM-1015
1. Türkmenistan Yslam ösüş banky tarapyndan onkologiýa hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak we düwnük keselini bejerýän merkezleriò gur luşygy boýunça çykdajylary tölemek üçin 156,3 million ABŞ-nyň dollary möçberinde maliýeleşdirdi we alynýan serişdeleriň bir bölegini maslahat beriş firmalarynyň işe çekilmegine goýbermek isleýär.
Hyz matlar, taslamany dolandyrmak üçin, Türkmenistanyò Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (ýerine ýetiriji edara) maslahat goldawyny bermegi, jikme-jiklikler bilen tehniki taslamany we ýöriteleşmeleri taýýarlamagy we doly iş läp düzmegi, potratçylary saýlamak üçin bäsleşik resminamalaryny we hasabatlary taýýarlamagy, gurluşyk döwründe gözegçilik işlerini ýerine ýetirmegi, işleriň gidişi barada döwürleýin hasabatlary taýýarlamagy, netijelere we netijelilik görkezijilerine gözegçilik etmegi we baha bermegi öz içine alýar. Taslama iki tapgyrda amala aşyrylar, ýagny hassahananyň gurluşygy üçin taýýarlyk, üpjünçilik we gö-
zegçilik işleri hem-de 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde garaşylýan işleriň başlanmagy. Birinji üpjünçilik tapgyry on sekiz (18) aý, ikinji gözegçilik tapgyry on iki (12) aý kepillik döwrüni goşmak bilen, otuz alty (36) aý bolýar.
2. Bu iş üçin jikme-jik tehniki tabşyryklar (TT) gyzyklanma bildirmegi soramak hatyna goşulýar.
3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ygtyýarly maslahat beriş firmalaryny (maslahatçylary) hyzmatdaşlyga çagyrýar. Gyzyklanma bildirýän maslahatçylar hyzmatlary (hassahananyň taslamasyny düzmek, lukmançylyk enjamlarynyň tehniki ýöriteleşmeleri, kitapçalar, şunuň ýaly tabşyryklary ýerine ýetirmegiň beýany, şuňa meňzeş şertlerde iş tejribesi, işgärleriniň arasynda degişli hünärmenleriň bolmagy we ş.m.) ýerine ýetirmäge doly ukyplydygyny görkezýän maglumatlary bermäge borçludyrlar.
4. Bil dirilýän talaplar: Türkmenistanyň Hökümeti, Yslam ösüş banky ýa-da beýleki halkara maliýe institutlary tarapyndan maliýeleşdirilýän şular ýaly giň möçberli taslamalara gatnaşmakda uly tejribe, şol sanda köptaraply ösüş bankynyň, has gowusy, YÖB-niň islendik üpjünçilik tertipleri barada subut edilen habarlylyk. Mundan başgada, maslahat beriş firmasynda lukmançylyk işini ýerine ýetirmek üçin ygtyýarnama we Türkmenistanda toplan tejribesi, şeýle hem taslamalary düzmek we gurluşyk pudagy hakyndaky ýerli kanunlardan habarly bolmaly. Saýlamak üçin aşakdaky ölçegler göz öňünde tutular:
— soňky 10 ýylyň dowamynda şuňa meňzeş tabşyryklaryň sany;
— meňzeş taslamalar ähmiýetlilik çäkleri;
— Merkezi Aziýada ýa-da şuňa meňzeş hukuk — kadalaşdyryjy şertlerde geografik iş tejribesi;
— Yslam ösüş bankyna mahsus ýörelgeleri bilmek.
5. Sanawy gysgaltma maksatly seçip alyşda esasy hünärmenlere baha berilmez.
6. Gyzyklanýan maslahatçylaryò ünsi, bankyò http://www.isdb.org web sahypasynda elýeterli bolan, 2019-njy ýylyň aprel aýynda çykarylan, 2023-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna gözden geçirilen Yslam ösüş bankynyň Taslamalary maliýeleşdirmesiniň çäklerinde maslahat beriş hyzmatlaryny satyn almak boýunça ýolgörkeziji ýörelgeleri (satyn alyş ýörelgeleri) 1.12.1 we 1.12.2 maddalaryna gönükdirilýär, olarda bähbitleriň gapma-garşylygy boýunça Yslam ösüş bankynyň syýasaty kesgitlenýär.
7. Mas lahatçylar hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin beýleki firmalar bilen birleşip bilerler, ýöne birleşme bilelikdäki kärhana görnüşindemi ýa-da kömekçi maslahat beriş hyzmatlaryny hödürleýärmi — şular anyk görkezilmelidir. Birleşme bilelikdäki kärhana görnüşinde bolan ýagdaýynda, eger saýlansa, bilelikdäki kärhananyň hyzmatdaşlary, şertnama laýyklykda bilelikde we aýratynlykda jogapkärçilik çekerler.
8. Maslahat beriş kompaniýasy, hil we töleg esasynda seçip almak usuly boýunça saýlanar.
9.Gyzyklanýan maslahatçylar has giňişleýin maglumaty aşakdaky salgy boýunça alyp bilerler:
iş günleri sagat 09:00 —18:00 aralygynda (ýerli wagt).
10. Gy zyklanma bildirişleri iňlis dilinde (çap edilen ýa-da elektron) ýazmaça görnüşde aşakdaky salgy boýunça (hut özleri elden, poçta ýa-da elektron poçta arkaly) 11.06.2025 ý. senesinden gijä galman tabşyrylmaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministrligi.
744000 Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.
Telefon belgisi: (+993 12) 40-04-79
pmuoncology@gmail.com,
tsgmby@saglykhm.gov.tm;
bhhb2@saglykhm.gov.tm
https://www.saglykhm.gov.tm/en