Ýaşulular geňeşiniň düzümine täze agzalar girdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümine täze agzalar girizildi. Bu çözgüt Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sişenbe güni Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilen Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahatynda kabul edildi.
Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, hormatly il ýaşulular Meretgeldi Gulgeldiýew we Italmaz Saparlyýew Ýaşulular geňeşiniň agzalylygyna girizildi. Ahal welaýaty boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalylygyna bolsa Arkadag şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň wekili Kakajan Täşliew saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mejlisiň dowamynda çykyş eden ýaşulular öz baý durmuş we zähmet tejribesini ýaş nesli terbiýelemekde, milli bitewüligi pugtalandyrmakda we ruhy-ahlak gymmatlyklary ösdürmekde döwlet derejesinde döredilen mümkinçilikler bilen ýol açýandygyny bellediler.
Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna hödürlenilen ýaşulular maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan saýlandy. Mejlise gatnaşyjylar halkyň abadançylygyna, jemgyýetçilik durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna we Türkmenistanyň müňýyllyk milli däpleriniň wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi 2023-nji ýylyň iýul aýynda Prezidentiň Kararyna laýyklykda döredildi. Bu geňeşiň maksady – ýaşululary döwlet we jemgyýetçilik işlerine giňden çekmek, olaryň baý durmuş we zähmet tejribesinden peýdalanmak hem-de halk agzybirligini güýçlendirmek bilen döwlet ähmiýetli meseleleriň maslahatlaşma esasynda çözülmeginden ybaratdyr.