Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasy

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmakda biziň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanamyz hem öz goşandyny goşýar.


Ilata yokary hilli saglygy goraýyş kömegini bermek maksady bilen, Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň düzüminde ambulator maslahat beriş-anyklaýyş bölümi, maşgala lukmanlar bölümi, diş bejeriş bölümi, kliniki-anyklaýyş barlamhanasy, rentgen bölümi, fizioterapiýa we funksional anyklaýyş bölümleri, şeýle hem 70 näsag orunlyk (olardan 60 näsag orny - hojalyk hasaplaşygynda we 10 näsag oruny - býujet hasabynda) terapiýa bölümi hereket edýär. Beýik watançylyk urşunyň maýyplary, Beýik watançylyk urşuna gatnaşanlar, internasionalist esgerleri, radiasiyanyň heläkçiligi täsirine duçar bolan maýyplara, Beýik watançylyk urşunyň maýyplaryň, gatnaşanlaryň yzynda dul galan aýallary bujet hasaplaşygy boýunça biziň hassahanamyza mugt ýatymlaýyn bejergi alýarlar.


2000-nji ýylda Milli Lider Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen hassahanamyzyň binýadynda Diabet merkezini döredildi.


Hassahananyň düzümi  Anyklaýyş maslahat berýan bölümi we terapiýa bölüminden ybarat.


Anyklaýyş maslahat berýan bölümi şu aşakdaky hyzmatlary ýerine ýetirýär:


Maşgala lukman bölümi:


- Hassahana çäk taýdan berkidilen ilata ilkinji saglygy goraýyş hyzmatyny berýär;

- Funksional anyklaýyş bölümi:


- Keselleri anyklamagyň, öňüni almagyň we bejermegiň häzirki zaman usullaryny iş ýüzüne ornaşdyrylan;


- Ehokardiografiýa, Elektrokardiografiýa, Spirografiýa, Endoskopiýa, Ultrases anyklaýyş hyzmatlaryny amala aşyrýar.


- Diabetik merkezi: «Çagalar we diabet» mekdebi onuň işine merkeziň hünärmenleri, süýji diabet bilen ejir çekýän 15 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler we olaryň ene-atalary gatnaşýar.


- Süýjili diabet keselli näsaglar üçin Mekdepde söhbetdeşlikler we sapaklar geçirilýär;


- Diabet Merkezinde keseliň beterleşmeginiň öňüni almak we onuň bejergisini geçirmeklik işleri ýerine ýetirilýär.


- Diş bölümi:


- Diş kesellerini anyklamagyň, öňüni almagyň we bejermegiň häzirki zaman usullaryny iş ýüzüne ornaşdyrýar;


- Kliniki anyklaýyş laboratoriýasy:


- Ilata ýokary hilli kliniki we biohimiýa barlaglary boýunça hyzmatlary hödürleýär.


- Rentgen bölümi:


- Ilata ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlarynda Rentgenoskopiýa we Rentgenografiýa hyzmatlaryny berýär.


- Fizioterapiýa bölümi:


- Ilata edilýän hyzmatlar: ozokerit, parafin bilen bejergi, oňurgany çekdirmek, iňňerefleksoterapiýa, lazer bilen bejermek, gidrokolonoterapiýa, galwanizasiýa, elektroforez, amplipuls bejergisi, darsonwal bilen bejergi, ultrases bejergisi, pes ýygylykly magnit bejergisi, mikrotolkunly bejergi, santimetr tolkunly bejergi, kwars tolkunly bejergi, ingalýasiýa, suwasty hyzmatlary, aýlawly (sirkulýar) duşy, gidromassaž (suw asty owkalama) deňiz duzly wanna, bilen bejergi işlerini ýerine ýetirýar.


Inçe hünärmenler:


- Newropatolog lukmany, hirurg lukmany, okulist lukmany, otolaringolog lukmany, urolog lukmany, akuşer-ginekolog lukmany, terapewt lukmany, kardiorewmatolog lukmany, immunolog lukmany, ýokanç keseller lukmany, ýetginjek lukmany.


- Lukmanlar täze innawasion tehnologiýalar arkaly kesellere garşy göreşmek we howp faktorlaryň öňüni almak maksady bilen sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak işlerini ilata wagyz edýärler;


Terapiýa bölümi:


- Hassahanada ilata ýokary derejede bir we iki orunly otaglarda ýatymlaýyn bejergi berilýär.


Edaranyň ady: Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasy


Salgysy: 744036, Aşgabat şäheri, S.Türkmenbaşy şaýoly, 21-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 94-57-16


Faks belgisi: +993 (12) 94-65-40


E-poçta salgysy: mbsh70@sanly.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 2, 4, 5, 17, 18, 22, 31, 39, 40, 46, 76, 90, 110


Ugur almak üçin bellik: 


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner