Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi
Türkmenistanyň Ýokanç keseller merkezi müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek" hakynda Türkmenistanyň Kanunyny, “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň, “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin” Milli maksatnamasynyň baş ugurlarynyň biri AIW-ýokanjynyň öňüni almak bolup durýar.
1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ilatyň jan saglygy baradaky aladany döwlet derejesine göterdi. Bu resminamada ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak boýunça esasy ugurlar kesgitlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyň Gahryman Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň ak pata bermeginde açylan bu merkez lukmançylyk ylymlarynyň iň soňky gazanan enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, onuň işi AIW/AIDS-iň öňüni almaga, epidemiologiki gözegçiligi amala aşyrmaga, anyklamaga, bejermäge gönükdilendir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu merkezde ýokary derejeli bilimli we hünärli hünärmenler halkymyza hyzmat edýärler.
Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezinde öňüni alyş, gizlin barlag we dispanser gözegçilik, epidemiologiki gözegçilik, guramaçylyk-metodiki bölümleri, anyklaýyş laboratoriýasy bar.
Öňüni alyş bölümi
Bu bölümiň esasy wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň AIW/AIDS keseliniň öňüni almak barada bilim derejelerini ýokarlandyrmak, olarda keselden goranmak endikleriniň bolmagy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi üçin giňişleýin wagyz-nesihat işlerini geçirmekdir. Munuň üçin bölüm interaktiw tagta we iň döwrebap proýektorlar we degişli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan iki sany okuw otagy we keseliň öňüni almak boýunça maglumatlardan peýdalanmak üçin internet bilen üpjün edilen kompýuter otagy bar.
Gizlin barlag we dispanser gözegçilik bölümi
Bu bölüm AIW/AIDS meseleleri boýunça ýüz tutup gelen Türkmenistanyň raýatlaryna we daşary yurt raýatlaryna AIW-e testden öňki we testden soňky maslahatlaşmany geçirýär we ilatyň bu kesel barada bilim derejesiniň ýokarlanmagyna we keselden goranmak endikleriniň emele gelmegine kömek berýär. Bölümde raýatlaryň islegi boýunça gizlin barlag geçirilýär. Bölüme ýuz tutan adamlar baradaky maglumatlaryň gizlinligi kepillendirilýär. Türkmenistanyň çäginden daşyna gidýän Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtly raýatlar AIW-iň ýoklugyna barlagdan geçirilip olara keseliň ýoklugy barada güwanama berilýär.
Epidemiologiki gözegçilik bölümi
Bu bölüm AIW/AIDS keseliniň ýurdumyza aralaşmagyna, ýaýramagyna ýol bermezlik we AIW/AIDS-iň ýokuşmagyna ýokary töwekgellikleri bolan adamlaryň arasynda AIW ýokuşmasynyň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda işleýär. AIW-e barlagdan geçmäge degişli raýatlaryň barlagdan geçirilmegine, bejeriş-öňüňi alyş edaralarynda keseliň ýokuşmagyna ýol bermezlik maksady bilen arassaçylyk-keselleriň ýaýramagyna garşy çäreleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýär. AIW/AIDS keseliniň epidemiologiýasy boýunça dünýä ýurtlarynyň gazanan iş tejribeleriniň biziň ýurdumyzda durumşa geçirilmegine gatnaşýar. Ýurdumyzda AIW/AIDS keseline garşy geçirilýän işlere monitoringi we baha bermegi amala aşyrýar. Kompýuterleşdirilen hasabatlary we maglumatlary taýýarlaýar.
Guramaçylyk-metodiki bölümi
Bölümiň işi ýurdumyzda AIW/AIDS-iň öňüni almak boýunça geçirilýän işleriň statistiki hasabatyny ýöretmekde jemlenýär. Mundan başga-da, ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmak we keselden goranmak üçin endikleriniň emele gelmegi üçin wagyz-nesihat materiallary işlenip taýýarlanylýar we ilatyň arasynda giňden paýlanylýar. AIW/AIDS keseli boýunça instruksiýalary, metodiki gollanmalary, geçirilýän okuw seminarlary üçin zerur materiallary, okuw gollanmalaryny, seminarlary geçirmegiň modullaryny taýýarlaýar.
Anyklaýyş laboratoriýasy
Bu bölümde AIW-iň antitelolaryny ýüze çykarmak üçin deslapky barlaglary IFA (immunoferment barlagy), PZR (polimeraz zynjyry) barlaglary geçirilýär. Laboratoriýa deslapky IFA barlagy boýunça dünýäniň belli öndürijileriniň häzirki zaman zerur enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we test-sistemalary bilen yzygider üpjün edilýär.
“Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taydan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry” Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer syýasatyndan ugur alyp, merkezimiz tarapyndan Aşgabat şäheriniň ýokary we orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň we talyplarynyň, şeýle-de başga döwlet kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda edep-ekramly, ahlak arassalygy gazanmak, jenaýatyň we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak meseleler boyunça “Sagdyn durmuş ýörelgesi”, “Deri we weneriki keselleriniň öňüni almak”, “AIDS-e garşy göreş çäreleri” baradaky tegelek stollar, seminarlar, leksiyalar görnüşinde beýleki hünärmenler bilen bilelikde dürli çäreler geçirilyär. AIW-ýokanjy, AIDS hakda düşünje, geçiş ýollary, goranmak usullary we geçirilyän barlaglar hakynda doly göwrümde wagyz-nesihat işleri alnyp barylýär.
Türkmenistan boýunça her ýylyň dekabr aýynyň 1-den başlap şol bir aýyň dowamynda AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň hünärmenleri tarapyndan Bütindünýä AIDS-e garşy göreş günine bagyşlap dürli görnüşli köpçülikleýin (şou-aksiýalar, tegelek stollar, leksiyalar, treninglar we başgalar) çäreleri geçirilýar. Bu çärä bagyşlanyp tele- we radio ýaýlymynda, metbugatda köp sanly wagyz-nesihat çykyşlary geçirilyär.
Edaranyň ady: Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi
Salgysy: 744020, Aşgabat şäheri, «Çoganly» ýaşaýyş toplumy, O.Annaýew köçesi, 79-njy jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 73-91-12
Faks belgisi: +993 (12) 73-81-86
E-poçta salgysy: aidsmerk@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 11, 17, 53
Ugur almak üçin bellik: Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta